"Bar günäni Alla ýöňkeýärler". Ýogalan medisina işgärleriň maşgalalary kompensasiýa alyp bilmeýär

Illýustrasiýa suraty

Gazagystanda koronawirus infeksiýasynyň epidemiýasy wagtynda, iş ýerinde ondan zyýan çeken medisina işgärleriniň maşgalalary kompensasiýasyz galyp barýarlar. Hususan, bu olaryň hukugy, soňky buýruk olary şeýle mümkinçilikden kesýär.

Gazagystanda koronawirus epidemiýasynyň güýçlenip başlan wagty iki ministriň gol çekmeginde № 129 nomerli buýruk ýüze çykdy. Dokumente 9-njy aprelde şol wagtky Saglygy saklaýyş ministri Elžana Birtanowa bilen Zähmet we sosial goragy ministri Biržana Nurymbetowa gol çekipdiler. Onda koronawirus wagtynda epidemiýa garşy işleýän medisina işgärlerine iki million tenge, olar ýogalan halatynda maşgalasyna 10 million tenge beriljekdigi aýdylypdy. Medisina işgärleriniň aýtmagyna görä, ol buýruk COVID-19epidemiýasynyň ýokary derejä ýetmedik wagtynda kabul edilipdi. Gazagystan bolsa häzirki döwürde has agyr ýagdaýy başdan geçirýär, indi ölýänlerem köpelýär.

«BIR MILLION TENGE GOÝDULAR»

Şymkent şäheriniň 10-njy poliklinikasynyň şepagat uýasy Mahabbat Törekulowa 58 ýaşynda koronawirus infeksiýasyndan ýogaldy.

– Onuň[ejemiň] 38ýyl iş stažy bardy. Meniň bilşime görä, ol soňky wagtlarda poliklinikada näsaglara mugt derman paýlaýardy. Olaryň kollektiwinde iki adam COVIDbilen keselledi. Onuň yz ýany ejemde hem şol keseliň alamatlary bildirip ugrady. Ony keselhana ýerleşdirenimizde, iki taraplaýyn pnewmoniýasy bar diýdiler. Soňra COVIDbardygy aýan boldy. Keselhana ýapykdy, ol ýere hiç kimi goýbermeýärdiler. Üç gün geçensoň, 21-nji iýunda ejemiň ýogalandygyny aýtdylar – diýip, onuň ogly Kahroman Žoldybekow gürrüň berýär.

Ol ejesiniň iş ýerinde bu infeksiýa ýolugandygyna ynanýar.

– Biziň öýümizde ejemden başga hiç kim daşary çykmaýardy, ol bolsa diňe işe gidip gelýärdi. Poliklinika biziň öýümiziň golaýynda – iki ýüz metrlikde. Ejemiň ölüminden soň biz onuň iş ýerine baryp: “Näme kömek edip bilersiňiz?” diýip soradyk. Olar bolsa ýurist bilen maslahat etmegiň zerurdygyny aýtdylar. Golaýda şäher häkiminiň orunbasary hem poliklinikanyň baş wraçy gelip, maddy ýardam diýip, haýyr-sahawat fondundan bir million tenge goýdular. Munuň barsynyň Allanyň işidigini aýtdylar. Hamana diýersiň bar zada sebäpkär Alla ýaly – diýip, ol aýdýar.

Kim kompensasiýa alyp bilýär?

№129 nomerli buýruga laýyklykda saglygy saklaýyş pudagynyň şu derejedäki işgärlerine kompensasiýa tölemek degişli:

  • Infeksiýa stasionarlaryň wraçlaryna, orta we kiçi medisina işgärlerine, şol sanda COVID-19koronawirus infeksiýasyna ýolugan näsaglar bilen işleşýän reanimasiýa bölümlerine we beýleki stasionarlara;
  • Wagtlaýyn stasionarlaryň wraçlaryna, orta we kiçi medisina işgärlerine, tiz kömek gullugynyň wraçlaryna hem feldşerlerine, şol sanda ambulator-poliklinika edaralarynyň medisina işgärlerine hem medisina awiasiýasy gullugynyň işgärlerine;
  • Karantin keselhanalarynda bolan wraçlara, orta we kiçi medisina işgärlerine, tiz kömek gullugynyň sürüjilerine, laboratoriýa işgärlerine, şol sanda sanitar-epidemiologiýa gullugynyň işgärlerine, gyssagly suratda näsaglary kabul edýän keselhananyň kabul ediş bölümine, ilkinji medisina-sanitar kömegini berijilere, ýiti respirator wirusyny alan näsaglardaýokary pnewmoniýany kesgitleýänlere.

Koronawirusdan ýogalan medisina işgärlerine hökümetiň kompensasiýa hökmünde wada beren 10 million tengesini şepagat uýasy bolup işlän Mahabbat Törekulowanyň maşgalasy entek alyp bilenok, ony alaýjagy-da belli däl.

«DÖWLET KOMPENSASIÝANY TÖLEMÄGE BORÇLUDYR»

Mahabbat Törekulowanyň ýagdaýy ýeke-täk aýratyn däl. Beýleki birnäçe medisina işgärleri – ähli ýagdaýdan çen tutulanda COVID-19bilen ýogalan bolsa-da, olardan analiz alynmandyr. Şymkent şäheriniň № 1poliklinikasynyň işgäri Balsara Kerimbekowa resmi ýagdaýda pnewmoniýadan ýogalypdyr.

— 20-nji iýunda ejem işden ysgynsyz ýagdaýda dolanyp geldi. Onuň gyzgyny göterildi. 10 gün öýde ýatandan soň, 30-njy iýulda keselhana ýerleşdirdik. Ol 3-nji iýulda şäheriň 2-nji keselhanasynyň intensiw terapiýa bölüminde aradan çykdy. Şondan bäri ne hökümet tarapyndan, ne-de onuň iş ýerinden bize hiç bir ýardam berilmedi. Biz hem arz edip durmadyk. Ony öz mümkinçiligimize görä jaýladyk. Biz talap edemizok, ýöne hökümetden kömege garaşýas – diýip, merhumyň ogly Žalgas Nuržigitow aýdýar.

Aktöbe oblastynyň Baýganin raýon keselhanasynyň medisina işgäri Küläý Ereubaý baradaky ýagdaý hem şeýle. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 13-nji iýulda COVID-19garşy göreşde ýogalan 42 medisina işgärini sylaglady, şolaryň arasynda şepagat uýasy Küläý Ereubaý hem bar.

— Ejemi ölenden soň«Kurmet»ordeni bilen sylagladylar, ýöne biziň maşgalamyz döwletden hiç hili maliýe ýardamyny alanok. Biz Aktöbe oblastynyň saglygy saklaýyş edarasyna ýüz tutduk. Olar bize siziň ejeňiz diňe wagtlaýyn merkeziň işgäri hökmünde hasaba alyndy diýdiler. Wagtlaýyn merkeze düşmezden öňürti adamlary filtrden – barlagdan geçirýärler, ejemiz filtrde, ýagny kabul ediş bölüminde işläp, öz professional işi sebäpli COVID-19wirusyna ýolugypdyr – diýip, onuň gyzy Asel Bakytžankyzy aýdýar.

Şepagat uýasy Küläý Ereubaý.

Merhumyň hossarlary Küläýiň «epidemiýa bilen göreşde ýogalandygyny, bu ýagdaýyň hatda prezidentiň sylag beriş permanyndan hem geçendigini aýdýarlar. Ýöne Küläýiň iş edarasynyň baş wraçy Azatlyk Radiosy bilen gürleşende, dürli bahanalara duwlanyp, ahyrynda kompensasiýa bermek meselesiniň oblast komissiýasynyň çözgüdine galdyrylandygyny aýtdy.

№ 129BUÝRUGY ÜÝTGETMEK

Kompensasiýa tölemek baradaky çykarylan buýrukdan medisina işgärleriniň närazy taraplary köp. Saglygy saklaýyş ulgamynyň Kärdeşler bileleşiginiň Aktöbe oblast bölüminiň ýolbaşçysy Kaýrat Sabyryň aýtmagyna görä, buýrukda görkezilen şertleriň könelendigi sebäpli, hökümetiň ony üýtgetmegi gerek.

— Buýrukda garşylyk döredýän iki punkt bar; olaryň birinde «adatdan daşary ýagdaý wagtynda wirusa ýoluganlar» diýilýär.Adatdan daşary ýagdaý Gazagystanda 11-nji maýda ýatyryldy. Beýleki bir punktda bolsa kompensasiýa aljaklar koronawirus testinde oňyn netije berenler bolmaly diýilýär. Ýöne pnewmoniýa bilen keselhana düşenleriň köpüsinde koronawirus testi otrisatel çykýar. Sebäbi wirus öýkene ornaşýar, laboratoriýa bolsa ony aýan edip bilenok – diýip, Kaýrat Sabyr aýdýar.

Saglygy saklaýyş ulgamynyň Kärdeşler bileleşigi 15-nji iýulda Gazagystanyň wise-premýeri Eraly Tyržanowa hem-de Saglygy saklaýyş ministrligine ýörite hat bilen ýüz tutup, ýakyn wagtyň içide şol buýruga üýtgeşme girizmegi teklip etdi.

— Medisina işgärleri, goý, ol wraçmy ýa-da aragatnaşyk işgärimi ýa sürüjiler, öz işlerini ýerine ýetirýärkäler ol wirus bilen keselleýärler. Şonuň üçinem olara hökmany suratda kompensasiýa tölemeli. Meniň pikirimçe, ýarawsyz bolan adama bir million tenge uly kömek – diýip, kärdeşler bileleşiginiň bölüm ýolbaşçysy aýdýar.

Onsoňam Aktöbedäki MEDIKERmedisina merkeziniň wraçy Nurlybaý Koşamanulynyň aýtmagyna görä, buýrugyň kabul edilen wagty aprel aýynyň başlary bilen deňeşdireniňde, o döwürde medisina işgärlerinden wirusa ýolugýanlar häzirki ýaly beýle köp däldi. Apreliň başynda koronawirusa ýoluganlar 781 adam diýlen bolsa, häzir resmi ýagdaýda 77 müň adamyň koronawirusa ýolugyp, olardan 610 adamyň ýogalandygy aýdylýar.

— Bu görkeziji pnewmoniýaly näsaglar hasaba alynmazdan şeýle. Munuň özi aprel aýynda kabul edilen buýrugyň gaty çalt könelendigini aňladýar. Häzirki ýüze çykan ýagdaý medisina işgärlerini goraga almaga mümkinçilik berenok. Epidemiýa bilen bagly şertler ýurtda agyr bolmagynda galýar. Muňa mysal hökmünde yzly-yzyna açylýan wagtlaýyn keselhanalar şaýat bolup biler. Şol saglyk merkezleriniň ählisinde medisina işgärleri gaýduwsyz iş alyp barýarlar. Olardan birnäçesine wirus ýolukdy, aradan çykanlary bar. Munuň üçin olar günäkär däl, ýöne meniň kärdeşlerim hökümetiň wadasyna ynandylar hem aldandylar – diýip, Koşamanuly aýdýar.

SAGLYGY SAKLAÝYŞ MINISTRI NÄME DIÝÝÄR?

18-nji iýulda saglygy saklaýyş ministriniň orunbasary Lazzat Aktaýewa Gazagystanda iki müňe golaý medisina işgäriniň koronawirus bilen keselländigini aýtdy. Şondan soňra resmiler medisina işgärleriniň arasynda koronawirusa ýoluganlar baradaky statistikany mälim etmeýärler.

21-nji iýulda geçen metbugat-brifingde saglygy saklaýyş ministri Alekseý Soý ýerli komissiýalar ministrlige «iş wagtynda wirusa ýolugan 123 medisina işgäriniň dokumentini iberdiler, olardan iş ýerinde wirusa ýolugan 59 adam ýogalypdyr» diýdi.Soňra ol sözüni dowam edip, «hökümet awgust aýynda COVID-19wirusyna meňzeş koronawirusdan ýa-da pnewmoniýadan keselländigi barada kliniki alamatlary bolan wraçlara kompensasiýa bermek meselesine garajak»diýdi.

«Häzirki kanun aktyna laýyklykda biz diňe koronawirusa iş ýerinde ýoluganlara hem-de koronawirus sebäpli iş ýerinde ýogalanlara kompensasiýa töläp bilýäris. Bizde häzir başga dokument ýok, ýöne biz ol meselä garaýarys. Ähli statistiki maglumatlar (koronawirus hem pnewmoniýa boýunça - Red.) toplananda, biziň takyk kodymyz bolar. Oňa biz häzir garaşýarys»diýip,ministr aýtdy.

Bir gün geçenden soň Soý başga bir maglumaty beýan etdi. Onuň sözüne görä, 1-nji awgustdan, ýagny hökümetleriňCOVID-19baradaky statistikany ýöretmegi göz öňünde tutýan wagtyndan, pnewmoniýa wirusy bilen keselläp, PSR testinden otrisatel netije görkezenleriň täze baza girizilmejekdigini mälim etdi.

«Olam statistika bilen oýun etmek isleýär». Soýyň usuly hem jemgyýetçiligiň garaýşy:

Saglygy saklaýyş ministrliginiň kesgitlän möhletinden öň iş ýerinde koronawirusa ýolugan medisina işgärleriniň hem ol wirusdan ýogalanlaryň maşgalasyna nähili kompensasiýa tölenjegi nämälim derejede galýar. Sosial ulgamy ulanyjylaryň birnäçesi ministrligiň bu gelen kararyna görkezijileri «ýene-de azaltmak»hem-de kompensasiýa tölemekden«boýun gaçyrmak»diýip baha berdiler.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.