Türk kompaniýasy Türkmenistandaky işçilerini ewakuasiýa edýär

Türk uçary

Türkmenistanyň Balkan sebitindäki “Gülhan-Dearsan” türk-türkmen kompaniýasy öz işçilerini we beýleki türk kompaniýalarynyň hünärmenlerini ewakuasiýa etmek üçin çarter uçaryny gurnaýar diýip, Akipress.com neşiri habar berýär.

Neşiriň Türkmenistandaky türk diplomatik missiýasyna salgylanyp ýazmagyna görä, "Türk howa ýollarynyň" uçarynyň 7-nji awgust güni agşam Türkmenbaşydan Stambula uçmagy planlaşdyryldy.

26-njy iýunda gurnalan çarter uçuşynda 133 türk raýaty, 10-njy iýulda guralan uçuşda bolsa ýene 30 raýat Türkmenistandan çykdy. Bu uçuşy “Bouygues” fransuz gurluşyk kompaniýasy gurady.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň dini meseleler boýunça geňeşçisi Kemal Uçkun 7-nji iýuldan 8-nji iýula geçilen gije Aşgabatdaky hassahanada aradan çykdy.

“Akipress.com” onuň resmi Aşgabat tarapyndan inkär edilýän koronawirus ýokuşmasyndan ýogalandygyny aýdýar.