Türkmenistanda koronawirus ölümi we hilesi

Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň hökümeti dünýäde möwç alýan koronawirusyň ýurtda kimdir birine ýokuşmagynyň üstünlikli öňüni alandygyny öňe sürýär.

Emma ýurduň içinde barha köp adam beýle diýmeýär.

Koronawirusyň ýaýramagyna garşy “üstünlikli” göreşiň Türkmenistanyň içinde nähili görünýändigine nazar aýladyk:

“[Aşgabatda bir] hassahananyň intensiw bejeriş bölüminde günde ortaça 50 adam ölýär”

“[19-njy iýulda] lukmanlar [jeset üçin] plastik paketleriň gutarandygyny duýdurdylar... Häzir hlorly mata dolaýarlar”

Bular türkmen paýtagtynyň dürli keselhanalaryndaky ýagdaýlar barada Aşgabatda iki adamyň Azatlyk Radiosyna aýdan sözleri.

Birinji adam Aşgabadyň bir keselhanasynda galan döwründe ol ýerde bolýan zatlary synlan we ýaňy-ýakynda keselhanadan çykan bir näsag.

“Bu ýerde COVID-19 näsaglary saklanýar” diýip, ol aýtdy. “Adamlary yzygiderli keselhana getirýärler. Keselhana näsaglardan doly. Hemme kişä pnewmoniýa diagnozy goýulýar” diýip, ol belledi.

Ol gürrüňe dowam edip, jesetleri morga daşamakda ýeterlik ulagyň ýokdugyny aýtdy.

Degişli maglumat Şaýat: Köşiniň hassahanasynda koronawirusdan günde 50 ç​​​​​​​emesi adam ​​​​​​​ölýär

Jeset üçin paketleriň ýetmeýändigi baradaky habary Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy habar berdi.

Habarçy paket bar wagty häkimiýetleriň jesetleri merhumyň dogan-garyndaşlaryna pakedi açmazlygy, we ony pakedi bilen jaýlamagy tabşyryp gowşurýandyklaryny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Aşgabatda ýene bir habarçy paýtagt keselhanalarynda azyndan 20 adamda koronawirus alamatlarynyň bardygyny özüniň bilýändigini aýtdy.

“Näsagdan doldy”

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky bir habarçysy hassahanalarda näsaglaryň gaty köpdügini we ýerli çagalar hassahanalarynyň biriniň COVID-19 alamatly hassalary kabul edip başlandygyny aýtdy, ýöne resmi taýdan olar pnewmoniýa alamaty bolan näsaglardyr.

Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy birmeňzeş ýagdaý barada habar berdi:

“Köpugurly hassahana koronawirusly hassalardan doldy” diýip, habarçy aýtdy. “Ozal bir blok karantin astyndady, indi tutuş klinika ýapyldy. 700-e golaý ýer doldy, täze hassalary ýatyrar ýaly ýer ýok” diýip, ol aýtdy.

Türkmenabat Lebap welaýatynyň merkezidir we 20-nji iýulda garaşsyz turkmen.news web-saýty welaýatyň Farap etrabynyň ýolbaşçysynyň pnewmoniýadan aradan çykandygyny habar berdi.

Hasan Metkulyýew 55 ýaşyndady we 14-nji iýula çenli ol özüniň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny aýdyp ýördi. Ýöne şondan dört gün soň, Metkulyýew aradan çykdy we onuň jesedi derrew jaýlamak üçin dogan-garyndaşlaryna plastik gapda berildi.

Azatlyk Metkulyýewiň ölümini tassyklady we onuň aýalyna-da, orunbasaryna-da keseliň ýokuşandygyny, olaryň keselhanada saklanýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň möhüm nebit-gaz pudagyna köp ýyllap gözegçilik eden we ýurda daşary ýurtlarda wekilçilik etmek ynanylan az sanly resminiň biri bolan Ýagşygeldi Kakaýewiň 8-nji iýulda pnewmoniýadan aradan çykandygy habar berildi.

Türk diplomaty Kemal Uçkun Aşgabadyň keselhanasynda resmi taýdan ýürek ýetmezçiliginden aradan çykdy, ýöne keselhana ýerleşdirilende oňa pnewmoniýa garşy bejergi berdiler we käbirleri onuň COVID-19-dan heläk bolandygyna ynanýar.

Degişli maglumat Çeşme: Türk diplomaty Kemal Uçkun türkmen häkimiýetleriniň ýurda goýbermedik tiz kömek uçaryna garaşyp, aradan çykdy

Ýaňy-ýakynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň giýewsi Annanazar Rejepowyň pnewmoniýadan ölendigi, onuň aýaly Durdynabadyň agyr keselländigi barada tassyklanmadyk maglumatlar peýda boldy.

Türkmen häkimiýetleri iýulyň başynda Bütindünýä saglyk guramasynyň toparyny ýurtda hiç hili koronawirus subutnamasynyň ýokdugy aýdylýan ýerlere aýlamagy başardy.

Türkmen resmileriniň BSG missiýasyna rugsat bermek prosesisini süýndürmegi we bu saparyň iki aý töweregi yza süýşürilmegi Türkmenistany synlaýanlaryň ünsüni çekdi, olaryň köpüsi hökümetiň bu wagtdan BSG toparynyň sapar etjek ýerlerini arassalamak üçin peýdalanýandygy barada gyzyklandy.

Missiýanyň ýolbaşçysy Ketrin Smolwud 15-nji iýulda geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda “gelip çykyşy näbelli pnewmoniýanyň ýa-da ýiti respirator keselleriniň köpelendigi barada çykan habarlara” salgylandy.

Türkmenistanyň Howply kesellere gözegçilik departamentiniň başlygy doktor Gurbangül Öwlüýäkulowa hem metbugat brifinginde çykyş edip, Türkmenistanda gelip çykyşy näbelli pnewmoniýanyň bardygyny inkär etdi.

Ýeterlik subutnama

Koronawirusyň Türkmenistanda bardygyny görkezýän ýeterlik subutnama bir eýýäm bardy.

Ýurtdaky geň we duýdansyz keselçilik barada, elbetde, anonimlik şertinde daşary ýurt mediasy bilen gürleşmäge isleg bildirýän adamlaryň, şol sanda medisina işgärleriniň köpelmegi saglyk krizisiniň ýokdugyny aýdýan hökümetiň beýanatlaryndan ilatyň nägiledigini görkezýär.

Hökümetiň ýurtdaky koronawirusy gaýta-gaýta inkär etmegi bilen bagly iň geň galdyrýan zat hem – ony inkär etmegiň manysy näme ?

Worlometers.info saýtyna görä, koronawirus dünýäde 213 ýurda we sebite täsir edýär.

Seniň ýurduňda-da wirusyň bardygyny boýun almagyň aýby ýok. Tas ähli ýurt, şol sanda Türkmenistanyň ähli goňşulary, hatda uzak wagtlap muny boýun almaga isleg bildirmedik Täjigistan hem, şeýle etdi.

Koronawirus ýok diýene baýrak gowşurylmaýar.

Ýöne bu, hökümet wirusyň ýaýramagynyň öňüni almakda ýeterlik çäre görüp bilmeýän wagty we lukmançylyk desgalarynyň näsagdan dolup, agyr saglyk krizisinden baş alyp çykmak üçin derman, enjam we medisina işgäri taýdan taýýarlygyň pes wagty ýurduň ilatyna agyr ýitgi bolar.

Azatlygyň habarçylary wirusyň hemme ýerde bardygy baradaky myş-myşlaryň ilat arasynda dowul döredýändigini habar berýärler.

Türkmen hökümetiniň problemany inkär edýändigi sebäpli, agyr mätäçlik çekýän ýurt zerur bolan maliýe we maddy kömegi daşardan gaty az alýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Bu makalada aýdylan pikirler awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň pozisiýasyny aňlatmaýar.