Türkmenistanda COVID-19 bilen kesellän we wirusyň ýokaşan bolmagy güman edilýän hassalar üçin karantin ýerlerinde medisina işgärleriniň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Lukmanlaryň arasynda ölüm derejesi ýokarlanýar. Lukmanlar, şepagat uýalary we arassaçylyk işgärleri karantinde işlemäge mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri habar berýärler. Ýurduň häkimiýetleri gysga wagtyň içinde ilatyň köpçülik ýerlerine, söwda merkezlerinde, bazarlara, hyzmat we güýmenje desgalaryna barmagyna degişli öň görlüp-eşidilmedik çäklendirmeleri girizdi, döwlet işgärlerini dynç alyşa ugradyp başlady, ilata şahsy arassaçylygyň we kesellerden goranmak üçin maska dakynmagyň zerurlygy barada duýduryş berdi. Emma ýurtda COVID-19-yň bolmagy resmi taýdan inkär edilýär. Saglygy saklaýyş ministrligi maska dakynmak ýaly çäreleri ilaty "howadaky tozan bölejiklerinden" goramak maksady bilen düşündirýär.
Lukmanlar Türkmenistanda koronawirusdan ölýärler. 22-nji iýulda Azatlygyň habarçylary ýene bir lukmanyň ýogalandygyny, onuň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň hassahanalarynyň birinde işleýändigini habar berdiler. Lukmanyň ýaşy kyrkdan geçipdi. Azatlyk ölen lukmanyň adyny we takyk iş ýerini çap etmekden saklanýar.
Türkmenistanda COVID-19 bilen kesellän we wirusyň ýokaşan bolmagy güman edilýän hassalar üçin karantin ýerlerinde lukmançylyk işgärleriniň ýetmezçiligi ýiti duýulýar.
Habarçylarymyz Mary welaýatyndaky käbir karantin zolaklarynyň nirededigini anyklamagy başardylar: Mary şäheri, Ýolöten etraby, Murgap, Sakarçäge, Türkmengala we Wekilbazar etraplary, şeýle-de regionyň ähli ýokanç keseller hassahanalary.
Degişli maglumat Türkmenistanda lukmanlar keselleýär, keselhanalar hassadan hyryn-dykyn. Resmi taýdan COVID-19 henizem ýok diýilýarBaýramalydaky habarçymyz lukmanlaryň örän agyr şertlerde işleýändigini, hassalary bejermek üçin zerur enjamlar we dermanlar bolmazdan olaryň karantin zolaklarynda işleýän ýerlerinde hatda kadaly iýmitlenmeýändigini habar berdi.
"Lukmanlar karantin zolaklaryna iberilýär, lukmanlar ýetmezçilik edýär. Lukmanlar ölýärler. Tanyş lukmanlar çilim, arak, iýmit ibermegi bir birinden haýyş edýärler. Wirusa garşy dermanlar berilmeýär, kadaly iýmit ýok. Olar halys güýjünden gaçýarlar, aňryçäk derejede agyr işleýärler. Adamlara nädip kömek berjegini bilmeýändiklerini, derman serişdeleriniň ýetmezçilik edýändigini, enjamlaryň ýokdugyny aýdýarlar"- diýip, Baýramalydaky habarçymyz söhbetdeş bolan lukmanlaryna salgylanyp, 22-nji iýulda habar berdi.
Lukmanlar, kyn iş şertlerinden başga-da, karantindäki ýagdaý zerarly ruhy taýdan agyr şertlerde işlemäge mejbur bolýarlar.
"Bizde adamlaryň ölýändigine syn etmekden başga alaç galmaýar. Käbir şepagat uýalary alaçsyzlykdan ruhy taýdan erbet bolýarlar. Her gün köp adam ölýär. Jesetleri örtmek üçin sellofan ýeterlik däl we ýerine köne düşek örtgülerini ulanýarlar" - diýip, Azatlyk bilen adynyň efirde agzalmazlyk şertde gürleşen lukmanlaryň biri aýtdy.
Onuň sözlerine görä, käbirler karantinden gaçmaga synanyşýarlar, ýöne karantinler hukuk goraýjy edaralar tarapyndan goralýar: "Käbirler ol ýerden gaçmak isleýär. Emma daş töweregine Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri gözegçilik edýärler. Iň agyr hassalar aýratyn saklanýar, ses eşidilmeýän ýerlerde aýratyn otaglar bar. Esasy dermanlar ýok. Hatda garyndaşlary hassalara derman iberip bilmeýärler, sebäbi köplenç ýakynlary näsagyň nirededigini bilmeýärler".
Degişli maglumat Şaýat: Köşiniň hassahanasynda koronawirusdan günde 50 çemesi adam ölýärAzatlygyň habarçylary Mary şäheriň tiz kömek gullugynyň we A.Nyýazow köçesinde ýerleşýän şäher keselhanasynyň hassalary kabul etmeýändigini habar berdiler. 21-nji iýula geçýän gije bolup geçen wakalaryň biri habarçylarymyza mälim boldy.
"Düýn, 38 ýaşlaryndaky bir ýigit şäherdäki tiz kömek gullugyna ýüz tutdy, ol öz ulagynda geldi. Gyzgynynyň bardygyny aýtdy. Ol derrew Ýolötene iberildi, telefony elinden alyndy. Gije 12 töweregindedi. Ol iki sagatdan soň nähilidir bir ýagdaýda garyndaşlaryna jaň edip, şol ýerden alnyp gidilmegini sorady, oňa derman berilipdir, ol özüni erbet duýupdyr. Ol maşyny satmagy, pul tapmagy we töläp şol ýerden alnyp gidilmegini sorady. Bu garyndaşlarynyň ondan iň soňky eşiden zadydy. Irden sagat 4:00-de kimdir biri onuň telefonyny işledip, jaň edipdir we ölendigini aýdyp, jesediniň alnyp gidilmegini sorapdyr. Ol şu gün öýlän äkidildi we jaýlandy" diýip, Baýramalydaky habarçymyz bolan wakanyň şaýatlaryna salgylanyp habar berdi.
Häzirki wagtda Maryda restoranlar we gözellik salonlary ýapylýar, bazarlarda diňe iýmit bölümleri işleýär. Toýlar diňe sanlyja adamyň gatnaşmagynda aýdym-saz, tans etmezden geçirilmeli edildi.
Aşgabatda hem saglyk işgärleri karantinlerde işlemek üçin iberilýär. Paýtagtdaky habarçylarymyzyň sözlerine görä, Aşgabatda saglyk edaralarynyň işgärleri iki hepdelik karantin zonasyna gitmäge mejbur bolýarlar. Bu döwürde lukmanlar, şepagat uýalary we arassaçylyk ýardam beriji işgärleri şol ýerden çykman işlemäge borçly edilýärler.
Azatlyk Radiosy soňky birnäçe günüň içinde Aşgabatda öň "Polimeks" kompaniýasynyň eýeçiliginde bolan ofis binalaryndaky karantin zonasyna işe iberilen medisina işgärleriniň atlaryny we olaryň işleýän ýerlerini bilýär, emma agzamakdan saklanýar.
Şu aýyň başynda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary "Polimeks" kompaniýasynyň öňki ofisinde karantin zonasynyň açylandygy barada habar berdiler. Soňra paýtagtyň býujet guramalarynyň işgärleriniň bu karantinde işlemek üçin işe alynýandygyny aýtdylar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň ýekejesini-de hasaba almandyklaryny aýtmagyny dowam etdirýärler.
Şol bir wagtda-da keseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleriň arasynda ilatyň maska dakynmagyny talap edýärler.
Bu barada resmi duýduryşlar indi milli mobil operatorlaryň öz müşderilerine iberýän habarlary arkaly hem ugradylýar.
21-nji iýulda Aşgabatda mobil telefon ulanyjylaryna gowşan bildirişde agzy we burny ýapýan lukmançylyk maskalaryny ulanmak we howa şertleriniň adam bedenine ýakymsyz täsirleriniň öňüni almak maslahat berilýär.
Mundan öň Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi ýurduň raýatlaryny näsaglygyň ilkinji alamatlary ýüze çykanda medisina kömegi üçin lukmanlara ýüz tutmaga çagyrypdy. Ýöne habarda näsaglygyň ýüze çykmagy "howadaky tozan bölejikleriniň köpelmegi" sebäpli howanyň "tebigy-ekzogen täsiri" bilen baglanyşykly bolýandygy düşündirilipdi.
Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.