Aşgabat 'pandemiýa döwründe' Garaşsyzlyk baýramyna, Bitaraplygyň 25 ýyllygyna taýýarlanýar

Aşgabat. Täze heýkel. Arhiw suraty.

“Ynanmarsyňyz, Garaşsyzlyk gününi dabara bilen bellemegiň maslahaty edilýär” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berdi.

Dünýädäki koronawirus aladalaryna, BSG-nyň ýurtda keselçilik bar ýaly hereket etmek barada beren maslahatyna garamazdan, türkmen häkimiýetleri öňde duran Garaşsyzlyk gününi we Bitaraplygyň 25 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýärler.

9-njy maýda Aşgabatda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy harby parad bilen bellenildi. Ýöne şondan soň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, pygamber ýaşyna ýetmegini we karantin düzgünlerini sebäp görkezip, 24-nji iýunda Moskwada bellenen Ýeňiş paradyna gitmedi. Emma onuň bu seresaplylygy şu ýerde galjaga meňzeýär.

“Ynanmarsyňyz, Garaşsyzlyk gününi dabara bilen bellemegiň maslahaty edilýär” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berdi.

Onuň sözlerine görä, baýramçylykda demonstrasiýa, şatlyk-şowhun dabaralaryny, köp adamly konsertleri we beýleki köpçülik sahnalaryny gurnamaga taýýarlyk görülýär. Şeýle-de ol Bitaraplygyň 25 ýyllygyny bellemek üçin taýýarlyk görmegiň tabşyrylandygyny aýtdy.

Degişli maglumat "Türkmeniň Altyn asyry" ýa-da satyn alynýan sylaglar

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda soňky ýyllarda Garaşsyzlyk baýramy sentýabryň aýagynda bellense, Bitaraplyk güni dekabrda bellenmeli. Döwlet baştutany hökümet mejlislerinde hemişe baýramçylyklar, dabaraly çäreler meselesine uly üns berýär we olaryň uly guramaçylyk astynda, adamlaryň uzak waglap ýadynda galar ýaly, uly türkmen toýy görnüşinde geçirilmegini berk talap edýär.

Habarçy garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk baradaky maglumaty Aşgabadyň şäher häkimliginden alandygyny, ol ýerde hökümetiň tabşyrmagynda ýörite maslahatyň geçirilendigini hem gürrüň berdi. Ýöne ol edil häzirlikçe geçirilmeli çäreler, şol sanda olara taýýarlyk, repetisiýalar barada anyk kararyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

“Ýöne stadionlary gözden geçirmek işleri başlandy. Görnüşinden, bir maglumata görä, repetisiýalar hem, baýramçylyk çäreleri hem stadionlarda geçiriljege meňzeýär” diýip, ol aýtdy.

Türkmen hökümetiniň mejlislerinde hemişe diýen ýaly gün tertibinde bolýan meseleleriň biri baýramçylyklar, dabaraly çärler bolsa, ikinjisi gurluşyklar, desgalary wagtynda we ýokary hilli gurmak meselesi bolup durýar. Emma muňa garamazdan, gelip gowuşýan maglumatlar Garaşsyzlyk baýramyna we Bitaraplygyň 25 ýyllygyna niýetlenip gurulýan desgalaryň gurluşygynyň tasdan ýatyp galandygyny görkezýär.

“Öňde duran baýramçylyklara gabat ulanmaga berilmeli desgalaryň gurluşygy iş ýüzünde doly togtady diýen ýaly” diýip, desgalaryň gurulýan ýerlerine aýlanyp gören habarçy aýtdy. Gürrüňi edilýän desgalaryň arasynda täze münber, “Arkadag” myhmanhanasy, maslahatlar zaly hem bar.

Fransiýanyň “Buik” gurluşyk kompaniýasynyň işçileri gitdiler, gurluşyklar konserwirlenýär, käbirleri birnäçe aýlap togtadyldy, işçileri ýokarky agzalan üç desganyň gurluşygyna çekýärler, emma olaryň hem bu işi wagtynda edip biljegi belli däl diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary athana gurýar, prezident goldaýar

Onuň sözlerine görä, baýramçylyga çenli ýetişer ýaly, “biziňkiler fransuzlar bilen ylalaşmaga, galan ýokary hünärsiz işçiler bilen gurluşygy dowam etdirmäge synanyşýarlar, şeýle-de bu işleriň ýolbaşçylygyna türkmen inženerlerini çekmek synanyşygy edilýär.

Resmi maglumata görä, Türkmenistanda häzir 2,5 müňe golaý iri desgada gurluşyk işleri alnyp barylýar.

“Biz täze şäherleriň we şäherçeleriň gurluşygyna giň gerim bilen girişdik hem-de emele gelen ýagdaýa garamazdan, bu işleri dowam ederis” diýip, TDH 13-nji iýulda prezidentiň sözlerini getirdi.

Aýdylmagyna görä, bu desgalaryň umumy bahasy 37 milliard dollar çemesi bolup, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý, energiýa bahalarynyň görlüp-eşidilmedik derejede arzanlamagy olara gaýtadan seredilmegine mejbur edýär.

Berdimuhamedow 3-nji aprelde bu ýagdaýy gytaklaýyn boýun aldy we “gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmegi” tabşyrdy.

Emma ol 9-njy aprelde Aşgabadyň günorta künjeginde gurulýan Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy, Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, “Arkadag” myhmanhanasy we Hökümet münberiniň binasy babatynda öz diýen sözlerine “ygrarly” bolmady. Sebäbi prezident biraz öň “diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almagy” tabşyrypdy.

Synçylar bu gurluşyklara we baýramçylyk dabaralaryna harçlanýan döwlet serişdeleriniň ýurtda öňden gelýän hroniki işsizlik, pandemiýa çäklendirmeleri zerarly kyn ýagdaýa düşen raýatlara gönükdirilmelidigini aýdýarlar, emma Türkmenistanyň hökümeti ýurtdaky işsizligi-de, keselçilik ýagdaýlaryny hem boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.