Farap etrabynyň häkimi Hasan Metkulyýew pnewmoniýadan aradan çykdy

Illýustrasiýa suraty

18-nji iýulda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimi Hasan Metkulyýew pnewmoniýadan aradan çykdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi şenbe güni habar berdi.

20-nji iýulda turkmen.news neşiriniň çeşmesi hem bu maglumaty tassyklady.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, merhumyň jesedi onuň dogan-garyndaşlaryna plastik gapda berildi we ony şol günüň özünde Dänew etrabynda ýerleşýän dogduk obasynda jaýladylar.

Çeşme onuň aýalynyň we orunbasarynyň hem COVID-19 barlagynyň oňyn netije görkezendigini we olaryň hem Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasynda saklanýandygyny aýtdy. Galyberse-de, onuň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda welaýatda ähli etrap ýolbaşçylaryndan COVID-19 barlagyndan geçmek talap edilýär.

Degişli maglumat Şaýat: Köşiniň hassahanasynda koronawirusdan günde 50 ç​​​​​​​emesi adam ​​​​​​​ölýär

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi 1965-nji ýylda doglanMetkulyýewiň koronawirus barlagynyň oňyn netije görkezendigini, onuň Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasynda saklanýandygyny 14-nji iýulda habar beripdi.

Türkmenistan şu wagta çenli resmi taýdan tassyklanan COVID-19 wakasyny hasaba almady. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurtda pnewmoniýa diagnozy bilen heläk bolýan adamlaryň sanynyň barha köpelýändigini habar berýärler.

Bütindünýä saglyk guramasynyň COVID-19 boýunça bilermenler topary 6-njy iýul – 16-njy iýul aralygynda Türkmenistanda saparda boldular. Saparyň jemleri boýunça 15-nji iýulda geçirilen metbugat ýygnagynda toparyň başlygy Ketrin Smolwud Türkmenistanda resmi taýdan täze koronawirus wakasynyň hasaba alynmandygyny aýtdy, ýöne şol bir wagtyň özünde “ýurduň koronawirus bar ýaly hereket etmelidigini” belledi.

Degişli maglumat Çeşme: Türk diplomaty Kemal Uçkun türkmen häkimiýetleriniň ýurda goýbermedik tiz kömek uçaryna garaşyp, aradan çykdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.