Aýdyldymy-edildi. Türkmenistan ýurtda koronawirus bar ýaly hereket edýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

BSG-niň bilermenleri Türkmenistana eden saparynda ýurt koronawirus bar ýaly hereket etmeli diýen netijä geldiler. Türkmen hükümeti guramanyň COVID-19 boýunça bilermenleriniň Türkmenistana baran gününden başlap, ilatyň fiziki aralygyny saklamak we maska geýmegini üpjün etmek ýaly ençeme aýlap äsgermän gelen çareleri berk girizip başlady. Indi ýurduň häkimiýetleri koronawirusa garşy göreş üçin awiasiýany hem çekýärler.