Lukaşenka baş garşydaşyny saýlawa gatnaşmakdan mahrum etdi, Belarusda protestler möwjeýär

Protestçiler zor bilen awtobuslara basylýar. Minsk, 14-nji iýul, 2020.

“Wiasna” ynsan hukuklary merkeziniň maglumatyna görä, ýurt boýunça 140-dan gowrak adam tussag edildi.

Prezident Aleksandr Lukaşenka indiki aýda geçiriljek saýlawlarda baş garşydaşyny bäsleşige çykmakdan mahrum edenden soň, Belarusyň çar künjeginde ýurduň awtoritar lideriniň koronawirus pamndemiýasyna garşy gören çärelerinden nägile bolan halk bilen protestleri basyp ýatyrmaga synanyşýan polisiýanyň arasynda çaknyşyklar döreýär.

Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasy 14-nji iýulda 9-njy awgustda geçiriljek ses berişlige bäş dalaşgäriň resmi taýdan hasaba alnandygyny, şol sanda 1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan 65 ýaşly Lukaşenkanyň hem bäsleşige çykýandygyny yglan etdi.

Şeýle-de MSK, özüniň we kampaniýasynyň syýasy matlaplydygyny aýdyp, türmede oturan öňki bank başlygy Wiktar Babarykanyň kandidatlaryň sanawyndan aýrylandygyny aýtdy.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Lidziýa Ýarmoşina Babarykanyň hasaba alynmandygyny, onuň girdeji we emläk jarnamasynda gapma-garşylyklaryň bardygyny we daşary ýurt guramasynyň saýlaw kampaniýasyna gatnaşandygyny aýtdy. Ol bu aýdýan zatlary barada jikme-jik maglumat bermedi.

Meşhur telekeçi we Belarusyň ABŞ-daky öňki ilçisi Waler Tsapkala hem MSK tarapyndan saýlawa gatnaşmak hukugyndan mahrum edildi.

“Aýdyňlygyň bolmazlygy”

Ýarmoşina Tsapkalanyň kampaniýasynyň saýlawa gatnaşmak üçin ýygnan gollarynyň köpüsiniň ret edilendigini we onuň şu sebäpden saýlawa gatnaşmak hukugyny gazanyp bilmändigini öňe sürdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrel "dalaşgärleriň, görnüşinden, bäsleşikden esassyz çykarylmagy Belarus halkynyň öz islegini beýan etmek mümkinçiligini çäklendirýär we saýlawlaryň umumy bitewiligini we demokratik häsiýetini eýýäm pese gaçyrýar" diýdi.

"Wiktar Babarykanyň we [Waler] Tsapkalanyň resmi hasaba alynmagyny inkär etmek bilen, Belarusyň häkimiýetleri manyly we ýaryşmak esasynda syýasy bäsleşigi üpjün edip bilmedi" diýip, Borreliň beýanatynda aýdylýar.

Paýtagt Minskde müňlerçe demonstrant dürli ýerlerde asuda ýöräp, demonstrasiýa geçirdi, geçip barýan sürüjiler el çarpyp we signal berip, olara goldaw bildirdi. Şuňa meňzeş protestler Brest we Gomel ýaly sebit şäherlerinde-de geçirildi.

“Wiasna” ynsan hukuklary merkeziniň maglumatyna görä, ýurt boýunça 140-dan gowrak adam tussag edildi.

Tutulanlaryň arasynda Minskde göni efirde gepleşik berip durka tutulan žurnalistler, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň iki habarçysy hem bar.

Sosial mediada ýaýradylan wideolarda demonstrantlaryň polisiýa işgärleri we graždan eşigindäki adamlar tarapyndan tussag edilendigi, protestçileriň käbiriniň kiçi awtobuslara zor bilen dykylyşy görkezildi.

Protest tolkunlarynda seýrek duş gelýän sahnalarda demonstrantlaryň gozgalaň polisiýasy we graždan eşikli polisiýa işgärleri bilen çaknyşýan pursatlary hem göründi.

14-nji iýulda, dalaşgärleriň bäsleşige gatnaşmakdan mahrum edilmegine garşy geçirilen demonstrasiýalar ýurtda barýan syýasy tolgunmalaryň dowamy bolup, onlarça demonstrasiýa we köp adamyň tussag edilmegine alyp geldi.

Ýakynda geçiriljek saýlaw Lukaşenkanyň dolandyryşyna bildirilýän halk garşylygynyň barha ýokarlanmagyna sebäp boldy. Jon Hopkins uniwersiteti tarapyndan toplanan maglumatlara görä, 14-nji iýula çenli 65 müňden gowrak tassyklanan hadysa bilen, belarus koronawirus pandemiýasydan düýpli zyýan çekdi.

Prezident Aleksandr Lukaşenka

Lukaşenka islendik görünşdäki petikleme çäresini girizmek baradaky çagyryşlary äsgermezlik edip, wirusy “psihoz” diýip atlandyrdy. Hökümetiň mitinglere we demonstrasiýalara garşy berk çäre görmegi netijesinde, günbatar hökümetleriniň we halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň sabyr-kanagatly bolmak baradaky çagyryşlaryna garamazdan, ýüzlerçe adam, şol sanda aktiwistler we bloggerler tussag edildi.

Babaryka we onuň ogly 18-nji iýunda tussag edildi. Ol tussag edilmezinden öň polisiýa tarapyndan sorag edildi. Ataly-ogul Russiýanyň eýeçiligindäki Belgazprombankda, ýaşuly Babarykanyň 20 ýyl işlän ýerinde geçirilen derňew bilen baglanyşykly, salgyt tölemekden gaçmakda, pul ýuwmakda aýyplanýar.

Belarus häkimiýetleri 15-nji iýunda banky gözegçilik astyna aldylar we salgyt tölemekden gaçmak we pul ýuwmak aýyplamalarynda on gowrak ýolbaşçyny tussag etdiler.

Analitikleriň pikiriçe, Babaryka saýlawda Lukaşenkanyň ýeňiş gazanmagyna wehim salyp biljek adam bolup görünýär. Onuň saýlaw topary, kandidaturasyny goldamak üçin, 435,000 töweregi gol ýygnandyklaryny aýtdy, bu san Belarusda garaşsyz kandidat üçin görlüp-eşidilmedik görkeziji bolup, ses berişlikde bäsleşmek üçin zerur bolan 100 müň sesden dört esse köp bolup durýar.

Merkezi saýlaw topary 9-njy awgustda geçiriljek saýlawda bäsleşige çykmak üçin, Lukaşenkadan başga, ýene dört kandidaty hasaba aldy. Olar: Andreý Dzmitriýu, Hanna Kanapatskaýa, Syarheý Çeraçan we Swýatlana Tsikhanouskaýa.

Tsikhanouskaýa türmede oturan blogçy Syarheý Tsikhanouskiniň aýaly, ol hem prezident saýlawlaryna gatnaşmak isledi.