Gurluşykçylar geçen ýyldan galan aýlyk haklaryny alyp bilmeýän wagty, TDH ýurduň gurluşyk pudagyny taryplaýar

Illýustrasiýa suraty

Ministrler Kabinetiniň soňky giňeldilen mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurt boýunça bahasy 37 milliard dollardan gowrak 2,5 müňe golaý iri desgada gurluşygyň alnyp barlandygyny aýtdy.

“Biz täze şäherleriň we şäherçeleriň gurluşygyna giň gerim bilen girişdik hem-de emele gelen ýagdaýa garamazdan, bu işleri dowam ederis” diýip TDH 13-nji iýulda ýurduň gurluşyk pudagy barada çap eden teswirlemesinde türkmen prezidentiniň sözlerini getirdi.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanda gurluşyk pudagyna edilýän köp milliardlyk çykdajylar ýurtda ykdysady krizisiň dowam edýän wagtyna hem-de pandemiýa sebäpli global ykdysadyýetiň, şol sanda türkmen ykdysadyýetiniň has-da haýallaýan wagtyna gabat gelýär.

Galyberse-de, prezident Berdimuhamedow 3-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda “dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmegi we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almagy” tabşyrypdy.

Degişli maglumat Darganatada dollaryň bahasy ýokarlanýan mahaly, gurluşyk harytlary gymmatlaýar

Ýöne munuň yzýany Berdimuhamedow 9-njy aprelde, tankytçylara görä, Aşgabatda ýaşaýyş-durmuş ähmiýeti sorag astyndaky käbir binalar toplumlarynyň gurluşygy bilen tanyşdy. Olaryň hatarynda Aşgabadyň günorta künjeginde gurulýan Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy, Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, “Arkadag” myhmanhanasy we Hökümet münberiniň binasy bar.

Synçylar Aşgabatda millardlarça dollar sarp edilýän gurluşyklaryň birnäçesiniň myhmanhanalardan we maslahat merkezlerinden ybaratdygyny aýdýarlar.

Döwlet metbugaty 13-nji iýulda çap eden teswirlemesinde ýurt boýunça alnyp barylýan gurluşyklaryň diňe bir paýtagt Aşgabatda däl, eýsem, ýurduň iň çet künjeklerinde-de alnyp barylýandygyny öňe sürýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýerlerde alnyp barylýan birnäçe gurluşyk desgalarynyň ýyllaryň dowamynda tamamlanmaýandygyny hem-de gurluşyk işlerine gatnaşýan işçileriň aýlyk haklaryny wagtynda alyp bilmeýändiklerini habar berýärler. 6-njy iýulda habarçymyz Serdar şäherinde gurulýan şeker zawodynda gurluşykçylaryň geçen ýyldan galan zähmet haklaryny alyp bilmeýändiklerini, geçen noýabrda habarçylarymyz Darganata etrabynda gurulýan täze şäheriň gurluşygyna gatnaşýan işçileriň ençeme aý bäri aýlyk haklaryny alyp bilmeýändiklerini habar berdi.

Degişli maglumat Täze gurulýan Darganatada gurluşykçylar 5 aý bäri aýlyklaryny alyp bilmeýär

Türkmenistanyň gurluşyk pudagyna wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew hem-de prezident Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow gözegçilik edýär. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministridir.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, ýurtda alnyp barylýan köp milliardlyk gurluşyklaryň hatarynda Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşliginiň çäginde 2019-njy ýylyň aprelinde düýbi tutulan bahasy 1,5 milliard dollarlyk Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi hem-de 2019-njy ýylyň ýanwarynda gurluşygyna girişilen bahasy 2,5 milliard dollarlyk Aşgabat – Türkmenabat awtobany ýaly iri gurluşyk desgalary hem bar.

Resmi metbugata görä, bu iri iki taslamanyň ikisine-de gatnaşýan “Nusaý ýollary” atly ýerli firma Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 6-njy iýulda habar bermegine görä, beýleki käbir ýerli hususy firmalar bilen bir hatarda Serdar şäherinde gurulýan şeker zawodynyň gurluşygynda ýüz töweregi işçiniň zähmet haklaryny töläp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.