Eýran türkmenleriniň wekilleri häkimiýetleriň özlerine basyş görkezýändigini aýdýar

Illýustrasiýa suraty. Eýran türkmenleri Magtymguly Pyragynyň gubyryny zyýarat edýär. Maý, 2018 ý. Arhiwden alnan surat.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany Eýran režiminiň etniki türkmenlere edýän basyşlary barada gürrüň gozgaýar.

9-njy iýulda Eýran türkmenleriniň bir intelligensiýa wekili ýurtda häkimiýetleriň etniki türkmenlere görkezýän syýasy, medeni we jemgyýetçilik basyşlary, režim nökeleriniň türkmen azlyklaryny ýanamalary we olary yzarlamalary barada anonim şertde gürrüň berdi.

Ol öz beren gürrüňinde Eýran režiminiň türkmen ilatynyň demografik aýratynlyklaryny bilkastlaýyn üýtgetmäge synanyşýandygyny, olaryň ýerlerini zor bilen ellerinden alýandygyny, Hazaryň kenarynda ilatyň, şol sanda türkmenleriň balykçylyk bilen meşgullanmagyna häkimiýetleriň böwet bolýandygyny we bu çärelere garşylyk görkezmäge synanyşýan türkmen ilatyna režim sakçylarynyň basyş görkezýändigini gürrüň berdi.

Etniki türkmenleriniň anonim intelligensiýa wekili howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli sesiniň efirde üýtgedilmegini haýyş etdi.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady hem Eýran türkmenleriniň wekillerine salgylanyp, häkimiýetleriň türkmen ilatyna görkezýän basyşlary barada gürrüň berdi.

Gepleşigi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz!

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Eýran türkmenleriniň wekilleri häkimiýetleriň özlerine basyş görkezýändigini aýdýar