Türkmenistanda harby gulluga çagyrylan ýaş ýigitleriň goşunda öz gullukdaşlary ýa-da komandirleri tarapyndan gynalmakdan, urlup-ýenjilmekden ýogalmagy dowam edýär, häkimiýetler garaşsyz metbugatda çykýan ölüm habarlaryna reaksiýa bildirmeýär.
14-nji iýunda serhet goşunlarynyň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň Merkezi hassahanasynda 2019-njy ýylyň noýabrynda harby gulluga alnan esger ýogaldy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär.
Ýogalan esgeriň ady aýdylmaýar, ýöne onuň Baýramalydan we ejesiniň ýeke ogly bolandygy habar berilýär. Ol hassahana düşmezinden öň Garrygaladaky serhet otrýadynda gulluk edipdir.
Neşiriň maglumatyna görä, ýogalan esger, täze gulluga alnan beýleki esgerler bilen bilelikde, heniz üç aýlyk okuw bölüminde mahaly komandirleriň gündelik kemsitmelerine, urup-ýençmelerine sezewar bolýar. Serhet otrýadyna gelenden soň bolsa, ony ozaldan gulluk edip ýören esgerler urup-ýençýärler.
Degişli maglumat TN: Türkmen häkimiýetleri goşunda esger ogluny ýitiren enä ikinji oglunyň ölümi bilen haýbat atýarAzatlyk mundan öň hem sowet döwrüniň dedowşina medeniýetinden uç alýan eden-etdilikleriň pidasy bolan ýaş esgerler hakynda habar beripdi. Öňki esgerleriň gürrüňlerine görä, bu hili süteme sezewar bolýan ýaşlar köplenç, has beter güne düşmezlik üçin, “adam satýan” hökmünde ýazgarylmazlyk üçin arz etmekden saklanýarlar.
Ýöne töwekgellik edip ýa halys çydaman arz eden ýagdaýlarynda hem, esgerleriň arza-şikaýatlary aňsat diňlenmeýär.
Saglyk ýagdaýlary, agyrýan ýerleri barada aýdýan esgerlere bolsa, jögülik edýändir, gullukdan gaçalak etjek bolýandyr öýdüp, kän üns berilmeýär diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly esger aýtdy.
Iýunyň ortasynda ýogalan baýramalyly esger hem, sag böwründäki agyrydan biynjalyk bolup, sanitar bölümine birnäçe gezek ýüz tutýar. Ony bu ýerde 2-3 gün saklap, agyry aýyrýan sanjym edip, ýene gulluk edýän ýerine, yzyna, urlup-ýenjilen harby bölümine iberýärler.
Iýunyň başynda esgeriň ýagdaýy has ýaramazlaşdy we ony Aşgabada, serhet goşunlarynyň we MHM-niň Merkezi hassahanasyna iberdiler diýip, TH ýazýar. Esger bu ýere getirilenden 13 gün soňra jan beripdir.
Adam hukuklaryny goraýan gurama esgeriň ölüminiň sebäpleriniň derňelmeýändigini, bu iş boýunça hiç bir adamyň jogapkärçilik çekmeýändigini, 2019-njy ýylyň sentýabrynda we aýagynda Maryda we Lebapda hem şeýle ýagdaýda ýogalan esgerleriň bolandygyny habar berýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda ýene bir esger özüni heläkledi, merhumyň 'gowşaklykda' aýyplanmak ähtimallygy barTürkmen goşunynda urlup-ýenjilmelerden, açlyk-horlukdan we keselçilikden ölýän, özüni heläkleýän ýa-da maýyp bolýan esgerleriň sany aýdylmaýar. Häkimiýetler ölen esgerleriň jogap soraýan garyndaşlaryna köplenç dymmagy maslahat berýärler we arz etmegini dowam etdirýän ene-atalaryň gorkuzylýan halatlary hem bolýar.
“Turkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, harby gullukda ölen Seýdulla Rasulowyň ogly baradaky hakykaty anyklamaga çalyşýan enesine beýleki oglunyň hem ölüp biljekdigi bilen haýbat atylypdyr.
Türkmen goşunynyň baş serkerdesi Gurbanguly Berdimuhamedow Seýdulla Rasulowyň ejesiniň ýazan hatyna jogap bermändir.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Milli goşun” žurnalynyň işgäri Azatlygyň goşun hatarynda urlup-ýenjilmekden ölýän esgerler baradaky soraglaryna “beýle maglumatlary berip bilmeýändiklerini” aýdyp jogap berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.