9-njy iýulda Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi ABŞ-Hytaý gatnaşyklarynyň 40 ýyl mundan ozal ýola goýulmagyndan bäri iň çynlakaý kynçylyklara duçar bolýandygyny aýtdy we Waşingtonyň Hytaýa garşy alyp barýan syýasatyny kommunizm baradaky köne gorkulara esaslanýar diýip, häsiýetlendirdi.
ABŞ-nyň Hytaýa garşy alyp barýan syýasaty “faktlar bilen delillendirilmedik startegiki ýalňyş pikirlere” esaslanýar we “emosional gahar-gazapdan hem-de MakKartiçi ters pikirden doly” diýip, Wang 50-nji ýyllarda ABŞ senatory Josef MakKartiniň alyp baran hem-de adamlary subutnamasyz ýa-da az subutnama bilen kommunistik hereketde aýyplan anti-kommunist ýörişine salgylandy.
Wangyň bu kommentariýalary onuň daşary işler ministrliginiň websaýtynda goýlan hem-de ABŞ bilen Hytaýyň parahatçylykly ýaşamagyň ýollaryny öwrenmelidigini we ABŞ-nyň Hytaýa garşy has rasional we pragmatiki syýasaty ösdürjekdigine umyt bildirýändigini aýdan çykyşynyň yz ýanyna gabat geldi.
Bu çykyş 7-nji iýulda FBI-yň direktory Kristofer Wraýyň Hytaýyň içalyçylyk we ogurlyk hereketleri bilen Birleşen Ştatlara ‘uzak möhlet aralygynda uly howp’ abandyrýandygyny aýtmagyna jogap boldy.
Wang Hytaýyň Birleşen Ştatlaryň ornuna geçmek ýa-da oňa päsgelçilik döretmek ýaly niýetiniň asla ýokdugyny aýtdy.