Birleşen Ştatlaryň Jons Hopkins uniwersitetiniň professory, amaly ykdysadyýet boýunça bilermen Stiw Henki (Steve Hanke) özüniň Twitter hasabynda türkmen manadynyň hümmedine syn berdi. Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň bankomatlarynda ýiti nagt ýetmezçiliginiň dowam edýändigini habar berýär.
Professor Henkiniň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanyň milli pul birligi walýutanyň ýurtda dörän “gara bazarynda” ABŞ dollaryna garşy 85 prosent töwereginde hümmedini ýitirdi, ýöne Merkezi bank muňa garamazdan ABŞ dollarynyň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklap gelýär. Ykdysatçy özüniň sosial media hasabynda beýan eden synynda Merkezi bankyň netijeliligine şübheli çemeleşdi:
“Türkmenistanyň Merkezi bankynda ABŞ dollarynyň alyş-çalyş bahasy 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manatlygynda galdy. Ýöne gara bazarda manat ABŞ dollaryna garşy 85 % hümmedini ýitirdi” diýip, Henki aýtdy.
Ykdysatçy munuň bilen baglylykda türkmen prezidentine kinaýaly äheňde mähirli sözlerini beýan etdi:
“Gutly bolsun, prezident Berdi[muhamemedow]! [Türkmenistanda] ýyllyk inflýasiýa indi, meniň hasaplamalaryma görä, 35%-e ýetdi” diýip, professor aýtdy.
Stiw Henkiniň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işi boýunça bir teklibi bar:
“Merkezi Bankyň işini wagtlaýyn togtatmagyň wagty geldi” diýip, ol aýtdy.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň bankomatlarynda ýiti nagt ýetmezçiliginiň dowam edýändigini habar berýär.
“Bankomatlaryň öňünde uly nobatlar bar, ýöne pul ýok. [Bank işgärleri] pul getirip, bankomatlara salýar, halk dessine diýen ýaly nagt pullary alýar, soňra giden mähelle ýene-de nobata garaşýar” diýip, 8-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtyň ençeme bakomatlarynyň öňünde gaýtalanýan nobatlar barada habar berdi.
Degişli maglumat Marynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjylary işsizlikden kösenýär. Köp maşgalalar çagalaryň kömek pulunyň hasabyna ýaşaýarTürkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylygy başdan geçirip gelýär. Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň alyş-çalyş bahasyny 2015-njy ýyldan bäri 3,5 manat töwereginde saklap gelýär. Ondan ozal ABŞ dollarynyň resmi alyş-çalyş bahasy 2,86 manatdy. Ýöne ýurda ykdysady kynçylyklaryň aralaşmagy bilen döwlet 2016-njy ýyldan başlap ýurtda erkin walýuta dolanyşygyny berk çäklendirip başlady. Munuň yzýany Türkmenistanda walýutanyň “gara bazary” döredi we häzirki wagtda manadyň hümmedi dollaryň garşysynda 6-7 esse pese gaçdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy iýulda dollaryň “gara bazardaky” alyş-çalyş bahasynyň 24 manatdan aşandygyny habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary aç-açan boýun almaýar. Muňa derek, hökümet maslahatlarynda ýurduň ýokary derejeli maliýe resmileri yzygiderli görnüşde ösüş sanlaryny getirýärler. Ýöne ýerli we daşary ýurtly synçylar ýurtda ýagdaýlaryň ýabygorlydygyny gaýtalap gelýär:
“AKIpress” gyrgyz neşiriniň “Türkmen prezidenti döwrebap bank hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmagy tabşyrdy” diýen habaryna Twitterde teswir galdyran italiýaly žurnalist Davide Cancarini munuň aňsat bolmajakdygyny aýtdy we ýurtda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmagyň kynçylyklaryna üns çekdi:
“Hatda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmagyň hem epiki başdan geçirmelere öwrülen ýurdunda bu onçakly aňsat iş däl” diýip, Cancarini aýtdy.
Türkmenistanyň döwlet metbugaty bankomatlaryň öňünde döreýän nobatlar barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.