Yragyň tanymal analitigi öýüniň daşynda atylyp öldürildi

Hişam al-Haşimi

Yragyň tanymal syýasy analitigi Eýran tarapyndan goldanylýan milisiýalar tarapyndan haýbatlar atylandan soň, 6-njy iýulda Bagdatdaky öýüniň daşynda öldürildi.

Motosikldäki ýaragly adamlar Yragyň paýtagty Zeýouneh sebitindäki 47 ýaşly Hişam al-Haşimä ok atyp, wakanyň bolan ýerinden gaçdylar. Soňra keselhanada Haşiminiň ölendigi yglan edildi.

Ol “Yslam döwleti” ekstremist topar, “Al-Kaýda” we Yrakdaky milisiýa toparlary boýunça dünýädäki iň tanymal analitikleriň biridi.

Haşimi telewideniýede yzygiderli çykyş edýärdi we döwlet işgärleri, žurnalistler hem-de derňewçiler onuň tejribesine uly isleg bildirýärdi.

Ýakynda ol Eýran tarapyndan goldanylýan milisiýanyň güýjüne we Yragyň syýasy elitasynyň arasyndaky korrupsiýa garşy çykyş edipdi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady, ýöne Haşiminiň dostlary we maşgalasy ýakynda onuň Eýrana tarapdar milisiýalar tarapyndan abanýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýdýarlar.