Eýran Hytaý bilen 25 ýyllyk şertnama barada gepleşýändigini aýdýar

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Tähranyň Hytaý bilen 25 ýyllyk şertnama barada aýdyp, "ynam we ynanç" esasynda gepleşik alnyp barylýandygyny we onuň şertleriniň baglaşandan soň mälim ediljekdigini 5-nji iýulda mejlisde eden çykyşynda mälim etdi.

Zarif Hytaý bilen şertnama degişli hiç hili syryň ýokdugyny we bu meseläniň 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda prezident Si Szinpiniň Tährana baranda aç-açan gozgalandygyny aýtdy.

Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýi hem Hytaý bilen strategiki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy aç-açan goldaýar. Hytaý, Eýranyň iň esasy söwda hyzmatdaşy we ABŞ-nyň sanksiýalary bilen çäklendirilen Eýranyň çig-mal eksporty üçin esasy bazarydyr.

Zarifiň bu çykyşy maý aýynyň ahyrynda geçirlen saýlawlaryndan soň konserwatiw we aşa konserwatiw güýçleriň agdyklyk edýän täze mejlisinde eden ilkinji ýüzlenmesidir.