Owganystanda syýasatçy zenan ýaragly hüjümde ýaralandy

Logar welaýat geňeşiniň agzasy Nafisa Hejran ýaragly hüjümde ýaralandy

Owgan polisiýasynyň maglumatyna görä, 6-njy iýulda irden owgan syýasatçysy we onuň sürüjisi Logar welaýatynda ýaragly hüjümde ýaralanypdyr.

Ýaragly adamlar welaýat geňeşiniň agzasy Nafisa Hijrany alyp barýan ulaga hüjüm etdiler diýip, Logar şäheriniň polisiýasynyň başlygynyň metbugat sekretary Şahpur Ahmadzaýy aýtdy. Onuň sözlerine görä, Hijranyň ýagdaýy durnukly we bejergi üçin Kabula iberilipdir.

Polisiýa hüjümi amala aşyrmakda güman edilýän azyndan bir adamyň tussag edilendigini we “derňewleriň dowam edýändigini” aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini dessine öz üstüne alan bolmady, ýöne Owganystandaky söweşijiler öýüň daşynda, esasanam welaýatlarda işleýän aýallary ýygy-ýygydan nyşana alýarlar.