Türkmenistanyň ilkinji “Saglyk” döwlet maksatnamasy garaşsyzlygyň 4-nji ýylynda kabul edildi.
Her ýylyň 21-nji iýuly ýurtda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de “Saglyk” maksatnamasynyň kabul edilen senesi hökmünde bellenip geçilýär.
1995 – 1997-nji ýyllarda Türkmenistanda ilkinji medisina kömeginiň maşgala usuly, meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasy girizildi, ýurduň saglyk pudagy hojalyk hasaplaşygyna geçirildi.
1998-nji ýylda ýurtda ilkinji Kardiologiỳa ylmy-kliniki merkez açyldy, häzirki wagtda ýurtda 122 sany keselhana hereket edýär. Olaryň agramly bölegi sowet döwründe işe girizilen hassahanalardyr.
Degişli maglumat Türkmenistanyň saglyk pudagyndaky 'bärden gaýtmalar' we mümkinçiligi bolan raýatlaryň daşary ýurtlardaky çykalgalary2004-nji ýylda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow “saglyk özgertmeleriniň” çäginde, ýurt boýunça 15 müň töweregi lukmany işinden boşatdy we regionlardaky saglyk nokatlarynyň ýapylmagyny buýruk berdi.
TDH “2005 — 2010-njy ýyllarda toplumlaýyn çäreler netijesinde raýatlara lukmançylyk hyzmatyny etmekde ykdysady netijelilige ýetilendigini” aýdýar, ýöne netijeliligi anyklaşdyrmaýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda we welaýatlarda býujet işgärleriniň mejbury, tölegli saglyk barlaglaryndan geçirilişi barada wagtal-wagtal habar berip gelýär.
Resmi metbugata görä, saglyk programmasynyň tapgyrlaýyn ýerine ýetirilýän döwründe Aşgabatda we welaýat merkezlerinde täze anyklaýyş merkezleri, köp ugurly hassahanalar, eneler we çagalar üçin saglyk merkezleri açyldy.
Ýöne muňa garamazdan, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolýan ençeme türkmenistanly ýurtda saglyk pudagynyň öz isleglerini kanagatlandyrmaýandygyny, mümkinçiligi bolan raýatlaryň öz saglygyny bejertmek üçin Hindistan, Türkiýe we Russiýa ýaly daşary ýurtlara gitmäge ürç edýändiklerini aýdýarlar.
Degişli maglumat Saglyk howpsuzlygy boýunça täze global hasabata görä, Türkmenistanyň epidemiýalara taýýarlygy pesProgrammanyň ýerine ýetirilmeginiň 25 ýyllygy bu ýyl dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýraýan wagtyna hem-de ony türkmen häkimiýetleriniň tutanýerli inkär edýän wagtyna gabat gelýär.
Hytaýdan uç alýan bu ýokanja ýoluganlaryň sany häzirki wagtda dünýäde 10 million adamdan aşdy, 500 müňden gowrak näsag heläk boldy. Türkmen häkimiýetleri ýurtda hasaba alnan täze koronawirusly ýekeje-de näsagyň ýokdugyny erjellik bilen gaýtalap gelýär.
Beýleki tarapdan, täze koronawirusyň dünýä ýaýrap başlamagynyň öňýany, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Saglyk howpsuzlygy boýunça Jons Hopkins merkezi bilen Ýadro wehimleri inisiatiwasy “The Economist Maglumat bölümi" (The Economist Intelligence Unit) bilen bilelikde dünýäde ilkinji gezek dünýä ýurtlarynyň saglyk howpsuzlygy, olaryň epidemiýalara, ýokanç kesellere garşy taýýarlygy barada hasabat çap etdi. Şol hasabatda Türkmenistanyň ýokanç kesellere we giň ýaýran epidemiýalara garşy göreş mümkinçilikleriniň çäklidigi aýdyldy hem-de Türkmenistan bu ugurda 195 ýurduň arasynda 135-nji orunda ýerleşdirildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.