Türkmenistan bugdaý planyny 'doldy'. Bergili çykan daýhanlar prokuratura çagyrylýar

Öňünden ýörite taýýarlanan we ýurduň sebitlerinden getirilen çagalar, öňki ýyllarda bolşy ýaly, prezidente bugdaý planynyň doldurylandygyny buşladylar.

"Bugdaý plany ýerine ýetirilen bolsa, dükanlarda un, çörek bolmaly, alnan bugdaý hasyly nirede?" diýip, gäwersli 50 ýaşly daýhan soraga sorag bilen jogap berdi.Türkmenistan bugdaý planyny doldy.

"...gyzgynjak çöregiň ýakymly ysyny alyp, tagamyny dadanyňda bolsa, halkyň ykbalyna, gallaçy daýhanyň mukaddes kärine özüňi hem dahylly duýýarsyň" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşlerine we çagalara "Bugdaý" goşgusynyň döreýşini düşündidi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi barada aýdylýanlary ýene bir gezek nygtamaga gönükdirildi, öňünden taýýarlanan we ýurduň sebitlerinden getirilen çagalar, öňki ýyllarda bolşy ýaly, prezidente bugdaý planynyň doldurylandygyny buşladylar.

TDH-nyň maglumatyna görä, ýurtda bu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý öndürildi. Emma ýerli hünärmenler galla, pagta planlaryny dolmakda "sowet ýyllarynda adat bolan artdyryp ýazmalaryň şindi hem uly rol oýnaýandygyny, hakykatda diýilýän hasylyň ýaryna golaýynyň kagyz ýüzünde alynýandygynhy" aýdýarlar.

Degişli maglumat Mary, Lebap sebitlerindäki obalar suw joşmasyndan zyýan çekýär, Aşgabat dymýar

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň maglumatyna görä, 2018-nji we 2019-njy ýyllarda alnan hasyl nazarda tutulanyndan degişlilikde iki we üç esse az ýygnaldy.

Azatlygyň ýerlerdäki habarçylary Lebapda, Ahalda birnäçe etrapda bolup, bu ýylky bugdaý hasyly barada bugdaý eken kärendeçileriň özleri bilen söhbetdeş boldular.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlarynyň aýdylmazlygyny soran daýhanlaryň tassyklamagyna görä, Farapda, Ahalyň esasy bugdaý ýetişdirýän etraplarynda bugdaý eken daýhanlaryň köpüsi bergili çykdy, ýagdaýy bilýän adamlar "bol galla hasyly" baradaky gürrüňlere ajy ýylgyrýarlar.

"Bu ýylky hasyla kombaýnlar hem 20-30 prosent zyýan ýetirdi, däneleri doly alman, samana garyp çykardy" diýip, faraply daýhan hasyl ýygnaýjylaryň köneliginden zeýrendi. "10 gektar ýere bugdaý ekipdim, birinji orakdan soň kombaýny täzeden meýdana salamda, ýene 600 kilograma golaý bugdaý aldym" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk bilen biri-birinden habarsyz ýagdaýda, aýratynlykda gürleşen daýhanlaryň ählisi şol bir sözleri aýdýarlar: döwlet plany ýene kagyzda doldy; sanlyja günden häkimleri wezipesinden boşadyp başlarlar; suw, mineral dökün wagtynda berilmeýär, aýdylýan zatlar diňe hasabat bermek üçin... diýip, adamlar indi metbugatda berilýän maglumatlara ilatyň çynlakaý garamaýandygyny hem sözlerine goşdular.

"Bugdaý plany ýerine ýetirilen bolsa, dükanlarda un, çörek bolmaly, alnan bugdaý hasyly nirede?" diýip, gäwersli 50 ýaşly daýhan soraga sorag bilen jogap berdi.

"Soňky üç ýylda bazarlarda un umuman satylmaýar diýen ýaly, kartoçka esasynda berilýän uny bolsa Farapda martdan bäri alyp bolanok, çöregi her ele bir çörekden berýärler, onuň üçin hem uly nobata durmaly" diýip, Azatlygyň lebaply söhbetdeşi, 40 ýaşlaryndaky raýat hem öz tejribesini paýlaşdy.

Ýurtdaky un, çörek gytçylygynyň ähli sebäbi alynýan hasylyň azlygynda hem däl, bu ýerde korrupsiýa hem öz roluny oýnaýar diýip, hukuk goraýjy resmi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde meseläniň ýene bir tarapyna ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, ozal-a hasyl az, ýöne şol az bugdaý hem, ýokarda goldawy bolan, goşa dyrnak içindäki telekeçiler tarapyndan, goňşy ýurtlara "gowy pula" satylýar.

Degişli maglumat Daýhanlaryň 'alkyşyny' alyp gelen prezident gaýragoýulmasyz meseleleri 'bilmek isleýär'

Azatlygyň habarçysy bu aýdylýany başga, garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmedi. Emma häkimiýetler şu ýyl ýetişen bugdaýyň goragyny güýçlendirdiler.

Şu aralykda, Saýat etrabynda Täzelikçi, Mülk, Saýatly, Azatlyk daýhan birleşiklerinde, Farap etrabynyň Goýgala, Jendi we beýleki daýhan birleşiklerinde bergili çykan gallaçylary prokuratura çagyrmaga başladylar. Olardan döwlet öňünde eden bergilerini haýal etmän üzmek talap edilýär.

Faraply Joranyýaz aga 25 gektar ýeriniň her gektaryna sepen tohumy, döken döküni we ulanan himiki serişdeleri, sürümi üçin 1200 manat bergili çykypdyr, onuň döwlete 15 manat bergisi bar, awtoulagyny sataýyn diýse, alyjy ýok, adamlaryň çöregi gaýgy diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, Lebapdaky habarçymyz daýhanlaryň aprelde gopan harasatdan uly zyýan çekendiklerini, ýel-harasatyň hasylyň içini üzendigini sözüne goşdy.

Türkmen hökümeti Lebapda we Maryda gopan harasat, suw joşmalary, olaryň ilata ýetiren zyýany barada resmi taýdan hiç bir maglumat bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.