ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň işgärleri Orsýetiň harby aňtaw gullugynyň “Talyban” bilen baglanyşykly söweşijilere ABŞ we Owganystandaky koalisiýa esgerlerini öldürmek üçin köp mukdarda pul teklip edendigi barada netijä geldi diýip, “The New York Times” habar berýär.
Gazet ABŞ-nyň ady aýdylmaýan resmileriniň beren gysgaça maglumatyna salgylanyp, 26-njy iýunda Russiýanyň GRU harby aňtaw gullugynyň, Ýewropadaky kast etmek synanyşyklary we beýleki işler bilen baglanyşykly gizlin bölümiň geçen ýyl üstünlikli hüjümleri üçin sylag hödürländigini habar berdi.
Orsýetiň Waşingtondaky ilçihanasy bu aýdylýanlary gyssanmaç ret edip, "esassyz we anonim aýyplama" diýip atlandyrdy.
Gazet aňtaw gullugynyň bu ýagdaý barada prezident Donald Trampa mart aýynda maglumat berlendigini, ýöne administrasiýanyň entek gaýtawul meselesinde belli bir karara gelmändigini aýtdy.
Neşiriň ýazmagyna görä, "Talyban" bilen baglanyşykly söweşijileriň ýa-da "olar bilen ýakyndan baglanyşykly ýaragly jenaýatçy elementler" ol pullaryň belli bir bölegini alypdyr, ýöne olaryň geçen ýyl Owganystanda öldürilen 20 amerikalynyň haýsy birleri üçin tölenendigi belli däl.