Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly biri-birinden garaşsyz iki çeşmesi tassyklady.
“Duşemowyň öý tussaglygyna geçirilendigi tassyk boldy. Ýöne doly boşadylmady, öý tussaglygyna geçirildi” diýip, çeşme anonim şertlerde habar berdi.
Ikinji çeşme bu maglumatlary tassyklap, onuň telefon aragatnaşygynyň kesilendigini gürrüň berdi.
Aktiwistiň türkmen hökümeti we daşary ýurtlarda hereket edýän oppozisiýa toparlary barada bir YouTube kanalynda goýlan çykyşynyň yzýany, ol 16-njy iýunda Büzmeýin etrabynda güýç gulluklarynyň işgärleri tarapyndan ejesi bilen bilelikde saklandy.
Ilkibaşda olar Aşgabadyň Köpetdag etrap polisiýasyna geçirildi. Şol günüň özünde onuň ejesi azatlyga goýberildi, ýöne aktiwistiň “özi Milli howpsuzlyk ministrligine äkidildi” diýip, Duşemowa raýdaşlyk bildiren daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleri 24-nji iýunda Azatlyk Radiosyna maglumat berdiler.
Duşemow YouTube çykyşynda daşary ýurtlardaky oppozisiýa toparlaryny halk bilen Türkmenistanyň içinde işleşmäge çagyryş edipdi hem-de türkmen hökümeti barada özüniň pikir-garaýyşlaryny beýan edipdi.
Aktiwistiň Milli howpsuzlyk ministrliginiň tussaghanasyndan boşadylyp, onuň öý tussaglygyna geçirilmegi Azatlyk Radiosynda Duşemowyň güýç gulluklary tarapyndan saklanmagy barada 24-nji iýunda çykan habardan iki gün soňa gabat geldi.
Degişli maglumat Sosial mediada özüniň syýasy garaýyşlaryny beýan eden türkmen aktiwisti güýç gulluklary tarapyndan saklandyAzatlyk Radiosy onuň saklanmagynyň takyk sebäplerini hem-de aktiwiste bildirilýän aýyplamalary anyklap bilmedi.
Onuň sosial mediada alyp barýan işleri barada 24-nji iýunda Azatlyk Radiosyna Demirgazyk Kiprden telefon arkaly interwýu beren türkmenistanly beýleki bir aktisiwt Leýla Kamalowa Duşemowyň öz YouTube kanalynda daşary ýurtlarda döredilen “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” atly hereketiň wideolaryny yzygiderli paýlaşandygyny habar berdi hem-de onuň boşadylmagyna çagyryş etdi.
Galyberse-de, aktiwistiň häkimiýetler tarapyndan saklanmagy bu heretiň lideri Myrat Gurbanowyň Azatlyk Radiosyna 15-nji iýunda beren wideo interwýusynyň ertesi gününe gabat gelipdi.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda dürli pikirliligiň hem-de söz azatlygynyň depelenmegini yzygiderli tankyt edip gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.