Türkmenistan we ÝB adam hukuklary babatda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşýar

Türkmen resmileri gepleşik wagtynda.

Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşiginiň arasyndaky gepleşikleriň çäginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, hökümete tarapdar “Türkmenportal” neşiri habar berýär.

Wideo konferensiýa görnüşinde geçirilen gepleşiklere Türkmenistandan ombudsmen, adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil, Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşsa, ÝB tarapyndan oňa Ýewropanyň daşary syýasat gullugynyň işgärleri, şeýle-de ÝB-niň Türkmenistandaky edarasynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşykda raýat jemgyýetiniň ösüşi, kanunyň hökmürowanlygy we sud reformasy, COVID-19 pandemiýasynyň sosial-ykdysady täsirini azaltmak ýaly, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy diýip, neşir ýazýar.

Mundan başga, halkara we ýerli kanunçylygyň çäginde, adamlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny üpjün etmek üçin hemmetaraplaýyn kömek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan öz kanunlaryny we halkara kanunçylygyny berjaý etmezlikde, adam hukuklary we azatlyklary boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmezlikde yzygiderli tankyt edilýär.

Ýurduň içinde garaşsyz žurnalistleriň, adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň öz işlerini päsgelçiliksiz edip bilmegine şert döredilmegi baradaky çagyryşlar netije bermeýär.