BSG koronawirusyň gaýtadan dikelmek ähtimallygyny duýdurýar

Pekinde gorag maskaly we äýnekli polisiýa ofiserleri. Illýustrasiýa suraty.

Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) başlygy ýewropa ýurtlary gaýtadan açylýan we Hytaýyň paýtagty Pekiniň koronawirus epidemiýasy täzeden ýüzbe-ýüz bolýan mahaly, wirusyň “gaýtadan dikelmek ähtimallygy sebäpli" dünýä döwletleriniň "seresaply bolmalydygyny” aýtdy.

Dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 8 milliondan aşyp, bu wirusdan ölenleriň sany 436000-e ýeten mahaly, Tedros Adhanom Ghebreyesus wirus ýokuşan 100000 adama ýetmek üçin iki aýyň gerek bolandygyny we häzirki wagtda bu sanyň gündelik derejedigini belläp, wirusyň Aziýada we Amerikada güýçlenýändigini aýtdy.

Bu duýduryş, 16-njy iýunda Hytaýyň wirusyň täzeden ýaýramagynyň öňüni almak üçin ýurduň paýtagty Pekiniň käbir ýerlerinde testleri geçirmegi we petiklenme çärelerini artdyran mahalyna gabat geldi. Bu waka, Pekinde 50 günden gowrak wagt koronawirus ýokuşan täze näsaglar hasaba alynmansoň, infeksiýanyň ikinji tolkuny baradaky gorkulary artdyrdy.

Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi üç aýlyk çäklendirmelerden soň, 15-nji iýunda beýleki ýewropa ýurtlaryndan gelýän syýahatçylar üçin serhetlerini açdy.

Birleşen Ştatlarda koronawirus ýokuşan adamlaryň jemi sany 2,1 million töweregi bolup, bu wirusdan 116000-den gowrak adam öldi.