Demirgazyk Kiprde Türkmenistanyň hökümetine garşy miting geçiridi

Türkmen raýatlarynyň protest aksiýasy, Demirgazyk Kipr, 20-nji maý, 2020

Demirgazyk Kiprde Türkmenistanyň hökümetine garşy miting geçiridi. Protest çykyşyna ýygnanyşan türkmenistanlylar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyndan çekilmegini talap etdiler.

Bu çykyşlaryň wideolary Leýla Kamalowanyň YouTube kanalynda çap boldy.

14-nji iýunda protestçileriň "Biz Türkmenistanda graždan uruşy islemeýäris", "Prezidenti otstawka çykarmaly" mazmunly we internet senzurasyny talap edýän plakatlary tutup çykyş edendigini Fergana.ru neşri habar berýär. Şeýle-de, protestçiler prezindetiň ýüzüne faşistik belgisi swastika çekilen portretlerini we "Iň däli diktator?" ýazgyly plakatlary tutupdyr durupdyr.

«Türkmenistanyň Hronikasy» mitinge 50 çemesi adamyň, şol sanda ýerli ýaşaýjylaryň gatnaşandygyny habar berýär. Şeýle-de, gatnaşyjyar telefon we internet çäklendirmeleri, daşary ýurtlardaky migrantlaryň türkmen ilçihanalaryň üstünden öz pasportlaryny uzaltmaga mümkinçilik döredilmegini, Kiprde işleýänlere Türkmenistana baryp gaýtmaga ýol açmagy talap edipdirler.

Soňky bir aý çemesi wagtyň dowamynda daşary ýurtlarda türkmenleriň protest çykyşlarynyň ençemesi geçirildi. Türkiýede, Demirgazyk Kiprde, ABŞ-da protest aksiýasyna çykan türkmenistanlylar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyndan çekilmegini talap etdiler.

Degişli maglumat Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň protest çäreleri we satiriki çykyşlary ýygjamlaşýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär