Adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin Türkmenistanyň 27-nji aprelde Lebap we Mary welaýatlarynda bolan harasat netijesinde dörän maddy we adam ýitgileri barada maglumat bermezlik bilen, diňe ýurduň Esasy kanunyny däl, eýsem öz boýnuna alan halkara borçnamalaryny hem bozýandygyny aýdýar.
Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, gürrüňi edilýän harasat netijesinde ölen, ýiten ýa-da ýaraly bolan adamlaryň anyk sany, hususy ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki emläklere, ekin meýdanlaryna, döwlet eýeçiligindäki desgalara ýeten zyýanyň möçberleri belli däl, häkimiýetler bu harasat barada şu wagta çenli hiç bir resmi maglumat bermeýär.
Şol bir wagtda, radionyň ýerli habarçylary güýçli harasat netijesinde azyndan 30 adamyň ýogalandygyny habar berdiler; "Turkmen.news" neşiri ölen adamlaryň azyndan 300 bolandygyny, Türkmenabadyň her etrabynda diýen ýaly ýogalan adamlaryň jaýlanandygyny öňe sürse, Adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy" topary 28 adamyň ýogalandygyny, maýyň başynda onlarça adamyň dereksiz ýitendigini belleýär.
Sosial ulgamlarda paýlaşylan wideolardan, Azatlyga gelip gowşan fotosuratlardan harasatyň hakykatdanam uly weýrançylyk döredendigini, hatda köçäniň gyrasynda ýatan adam jesedini hem görse bolýar.
Hukuk goraýjy 10-njy iýunda ýurduň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursyn Gurbannazarowanyň adyna ýüzlenme çap edip, bu hatyň bir nusgasynyň Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasyna hem iberilendigini aýdýar.