Berdimuhamedow nägilelikleriň artýan wagtynda 'bagtyýar' kärendeçiler bilen bagtly surata düşdi

Kärendeçi we prezident. TDH-nyň suraty

TDH-nyň maglumatyna görä, Berdimyrat maşgala agzalary bilen 20 gektar ýere bugdaý ekipdir, ol öz kärende ýeriniň her gektaryndan 40-45 sentner hasyla garaşýar.

Türkmenistanyň prezidenti regionlara saparynyň başynda aprelde gopan harasatdan iň agyr zyýan çeken Lebap welaýatynda bolup, bugdaý we ýeralma ekinleriniň öňünde, ýüzi gülýän we gowy geýnen kärendeçiler bilen ýylgyryp surata düşdi, döwlet eýeçiligindäki metbugat ýene bir gezek daýhanlar üçin ähli şertiň döredilendigi barada otuz ýyl bäri gaýtalaýan sözlerini gaýtalady.

Türkmen habar serişdelerinden ýurtda gazanylan üstünlikleri beýan etmek talap edilýär we döwlet gözegçiliginde işleýän žurnalistler ýurtda barha güýçlenýän azyk gytçylygy, önüm öndürijileriň öňünde döredilýän emeli päsgelçilikler, oba hojalygynda çuň ornan korrupsiýa, daşary ýurtlara işlemäge gidýän raýatlaryň köpelmeginiň sebäpleri hakynda gürrüň edip bilmeýär.

Muňa derek olar 9-njy iýunda Çärjew etrabynyň "Watan" daýhan birleşiginde kärendeçi Berdimyrat Narmedowyň ekin meýdanyna baran Gurbanguly Berdimuhamedowyň "amala aşyrýan" reformasyny taryplamaly bolýarlar.

TDH-nyň maglumatyna görä, Berdimyrat maşgala agzalary bilen 20 gektar ýere bugdaý ekipdir, ol öz kärende ýeriniň her gektaryndan 40-45 sentner hasyla garaşýar.

Degişli maglumat Berdimuhamedow galla oragyna pata berdi, harasatdan, çekirtgeden 'çekilen' zyýany agzamady


Mundan başga, onuň kakasynyň hem 1 gektar ýeri, erik ekilen kärendesi bar, olaryň hojalygynda iri we ownuk şahly mallar hem saklanýar...

Ýerli synçylar Berdimuhamedowyň bazar şertlerinde sowet döwründäki "görelde hojalyklary" wagzyna daýanyp, ýyl boýy mugt diýen ýaly işläp, gapysyndaky mallara seredip güzeran aýlaýan adamlaryň agyr ýagdaýyny gizlemäge çalyşýandygyny aýdýarlar. Onuň bu gezekki saparynda şeýle hojalyklaryň ýene biri, Lebapda gök-bakja ekinlerini we ýeralma ýetişdirýän "Tebigy ekin" daýhan hojalygy barada gysgaça maglumat berildi.

Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Rüstem Bäşimow hem, özünden öňki kärendeçi ýaly, döredilýän şertler üçin minnetdarlyk bildirdi, emma öz gazanjy, hojalygynda işleýän adamlaryň gazanjy hakynda anyk bir zat aýdyp bilmedi.

TDH-nyň maglumatyna görä, ol şu ýylyň fewralynda 370 gektar ýere ýeralma ekipdir we onuň her gektaryndan 200 sentnere golaý hasyla garaşýar.

Aýdylmagyna görä, R.Bäşimowyň daýhan hojalygynda 200-den gowrak adam zähmet çekýär.

Türkmen telewideniýesi şu hili gurnalandygy aýdylýan hojalyklar, olaryň azyk bolçulygyny döretmeklige goşýan goşantlary hakynda yzygiderli habar berýär, emma işi gurnan kärendeçileriň, olaryň hojalygynda işleýän daýhanlaryň aýlyk, ýyllyk girdejileri, daýhanlaryň ortaça gazanjy, ol gazanjyň nämä ýetýändigi, özüni oňarýan orta daýhanlaryň köpelýändigi ýa azalýandygy hakynda hiç bir anyk söz aýtmaýar.

Degişli maglumat HORMATLY ARKADAG: Türkmen döwletimiz batmanka, indiki aýda Halk maslahatyny geçireliň, baştutan saýlalyň


Berdimuhamedow ozal ýatyran Halk maslahatyny dikeldende, ozalky oba hojalyk syýasatynyň netijeli bolmandygyny boýun alyp, täze teklipleri öňe sürdi. Şol teklipler esasynda daýhanlara ýer has köp we uzak möhletli berilmelidi. Emma şondan bäri ýurtda näçe daýhana 50-100 gektardan artyk ýer berildi, näçe kärendeçi döwletden ýeňillikli karz aldy, traktorly boldy?

Türkmen häkimiýetleri-de, metbugat hem Azatlygyň bu hili soraglaryna jogap bermän, efirde tehnika, dökün, suw problemalarynyň çözülýändigini gaýtalaýar. Ýöne Aşgabatdaky gurluşyklar, at ýataklary, heýkeller üçin goýberilýän millionlarça dollar serişde umuman bilinse-de, oba adamlarynyň durmuşyny hakykatda özgertmek üçin haçan we näçe serişdäniň goýberiljegi, bu işiň gijikdirilmeginiň sebäpleri belli bolman galýar.

Degişli maglumat N.Hanamow: Prezident sowgat almagyny bes edip, korrupsiýa garşy göreşde görelde bolmaly


Eger-de döwlet baştutanynyň öňki çykyşlarynda ýerleriň şorladylandygyny, arrykdygyny we hasyllylygyň örän pese gaçandygyny boýun alandygyny, resmileri ençeme gezek täzeländigini nazara alsak, ol obada emele gelen ýagdaýdan umuman habarly ýaly.

Azatlygyň habarçylary Gurbanguly Berdimuhamedowyň regionlara etjek saparyna görülýän taýýarlyk, býujet işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň dynç günlerinde, Oraza baýramynda hem ýowara çykarylyp, ekin meýdanlaryny arassalamaga mejbur edilişi barada öz wagtynda habar berdiler. Şeýle-de, prezidentiň sapary bilen baglylykda, bu ýyl galla eken kärendeçilere bugdaýy orlan meýdanyň saman-sypalyny ýygmaga bir gün wagt berilýändigi, şondan soň ol ýerleri daýhanyň öz hasabyna sürjekleri habar berildi.

Degişli maglumat Daşoguzda gurulýan gurluşyklara berilmedik döwlet harajady býujet işgärleriniň jübüsinden alynýar


Şu aralykda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy prezidentiň sapar etjek ekin meýdanyna öňünden başga ýerlerden maşynlap ýeralma getirilendigini habar berdi.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Berdimuhamedowyň bu hili saparlary we TW wagyzlary sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini üpjün etmeýär, tersine, ozalam agyr şertlerde ýaşaýan adamlaryň gününi agraldýar. Olaryň pikiriçe, her ýylda ýalan propaganda harçlanýan serişde suw desgalaryny ýa-da obalaryň ýollaryny, köprülerini bejermäge gönükdirilse, has peýdaly bolardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Prezident Berdimuhamedow Lebapda bolandan soň Mary welaýatyna ugrady we, öňki ýyllardakydan tapawutlylykda, onuň bu ýyl regionlara edýän sapary daşary ýurtlardaky türkmenleriň onuň hökümetine garşy protestleriň barha gürelýän wagtyna gabat geldi.