Türkmenistanda atlar üçin ýene bir uly desganyň guruljakdygy habar berilýär, ýöne onuň bahasy aýdylmaýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, güýç edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.
Wise-premýer Çarymyrat Amanow mejlisde beren hasabatynda prezidentiň garamagyna onuň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanylan athana taslamalaryny hödürledi diýip, TDH habar berýär.
Prezident Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň athana taslamalary baradaky gürrüňini dowam edip, türkmen atlarynyň “häzir hem Watan goragçylarynyň ygtybarly kömekçileri bolup durýandygyny” nygtady.
Döwlet habar gullugy prezidentiň hödürlenen taslamalara birnäçe düzediş girizip, täze toplumyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belländigini habar berýär.
Degişli maglumat N.Hanamow: Prezident sowgat almagyny bes edip, korrupsiýa garşy göreşde görelde bolmaly
“Onda atlary saklamak, seýislemek we türgenleşdirmek işleriniň netijeli guralmagy göz öňünde tutulmalydyr” diýip, neşir Berdimuhamedowyň sözlerini sitirleýär.
Täze athananyň nirede we haçan guruljakdygy, onuň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi aýdylmaýar.
Türkmen döwletiniň ýolbaşçysy soňky döwürde koronawisus pandemiýasy, energiýa bahalarynyň global arzanlamagy zerarly, türkmen ykdysadyýetiniň öňünde kyn wezipeleriň durýandygyny boýun aldy we gurluşyk taslamalaryna täzeden seretmegi tabşyrdy.
Türkmenistanda soňky ýyllarda atçylygy ösdürmek bilen baglylykda uly taslamalar durmuşa geçirilýär.
Resmi maglumatlardan belli bolşuna görä, her welaýatda döwrebap atçylyk toplumlary guruldy, paýtagt Aşgabatda we onuň töwereklerinde üç sany atçylyk merkezi – Halkara ahal-teke atçylyk sporty toplumy, Aşgabat at-sport toplumy we Türkmenistanyň prezidentiniň Ahal-teke atçylyk toplumy bar.
Şu ýyl, Türkmen bedewiniň baýramy bellenende, döwlet baştutanynyň anyk wagtyny anyklaşdyrmazdan aýtmagyna görä, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga 680 million amerikan dollary möçberde maliýe serişdeleri goýberildi.
Degişli maglumat Britan kompaniýasy £1 mln-a Türkmenistanyň at çapyşyk ýodalaryna täze örtük ýazar
Şeýle-de Türkmenistan golaýda, nobatdaky Bedew baýramçylygynyň öňünden, Britan kompaniýasyndan £1 mln möçberindäki serişdä at çapyşyk ýodalaryna düşelýän täze örtük satyn aldy.
Berdimuhamedow 26-njy aprelde, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli çap eden gutlagynda döwletiň geljekde hem atçylygy ösdürmäge uly goldaw berjekdigini aýtdy.
Bu baýramda prezidente, öňki ýyllarda bolşy ýaly, welaýatlaryň zähmetkeşleriniň, harby we hukuk goraýjylaryň, atşynaslaryň adyndan, şol sanda Lebap welaýatynyň zähmetkeşleriniň adyndan saýlama ahal-teke atlary sowgat berildi.
Synçylar türkmen prezidentine her ýyl berilýän at sowgatlarynyň ony dünýäde iň kän ahal-teke atly “baýa öwrendigini” aýdýarlar.
Emma muňa garamazdan, At baýramynyň yz ýanyndan turan harasat zerarly ejir çeken lebaplylara, marylylara hökümet başlygyndan garaşylan hossarlyk sözleri eşidilmedi.
Degişli maglumat Prezidenti alkyşlamaga 'bagyşlanan' Bedew baýramçylygynda Berdimuhamedowyň at sürüsi ulaldy“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, mudan öň hem hukuk goraýjy edaralar maldarçylyk toplumlaryny gurmak we abatlamak, mal we guş ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullandy. Döwlet habar gullugy TDH-nyň 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda habar bermegine görä, Gümrük gullugynyň diňe geçen 2018-nji ýylda 11 milliondan gowrak ýumurtga beren 50 müň towugy bar.
Şeýle-de, 2016-njy ýylyň güýzünde Içeri işler ministrliginiň maldarçylyk toplumy açyldy, bu ýerde düýe, iri şahly we ownuk mallar, towşan, hindi towugy, towuk we beýleki haýwanlary ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirildi diýip, resmi habarda aýdyldy.