Russiýanyň açylan gapylary hem-de “beýnileriň syzmagy” Täjigistana howp döredýärmi?

Täjigistanly migrant rus dilinden test tabşyrýar.

Täjigistanyň graždanlary gowy durmuşyň gözleginde, barha köp rus pasportyny edinýärler. Ekspertleriň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý Täjigistanyň ilat köplügi meselesini ýeňilleşdirýär, ýöne ýurdy gowy kadrlardan mahrum edýär.

Russiýanyň graždanlygyny alýan esasy köplügiň arasynda, 2016-njy ýyldan, 2020-nji ýylyň başky kwartaly aralygynda, täjikler 3-nji orunda durýar diýip, Içeri Işler ministrliginiň statistiki maglumatynda aýdylýar. Olar täze ‘ruslaşýanlaryň’ 10%-ni düzýär ýa-da 146,1 müň adam Russiýanyň graždanlygyny alypdyr. Täjikler gazaklardan soňky orunda, gazagystanlylar 12,9% ýa-da 187 müň adam. Iň köplük Ukrainadan bolup, olar 46,6% ýa-da 678,8 müň adam.

Maglumaty berýän neşir Russiýanyň Migrasiýa gullugynyň direktorynyň öňki orunbasary Wýaçeslaw Postawiniň sözüni sitirleýär. Ol 2019-2025-nji ýyllar üçin kabul edilen döwlet konsepsiýasyna laýyklykda, Orsýete 5-10 million adamyň gelmegine garaşylýandygyny aýdýar. «Geçen ýyldan başlap, agyr demografiki şert bilen baglanyşykly, graždanlyk almaga meýil bildirýänleriň sany artyp başlady - diýip, ekspert aýdýar. - Şoňa çenli ýylda 200-300 müň töweregi adama graždanlyk berilýärdi.»

2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň başynda Orsýet hünärli hem bilimli adamlar üçin, rus graždanlygyny almagyň düzgünini kanuny esasda ýeňilleşdirdi. Takyk bir hünäri bolanlar öňküler ýaly üç ýylyň dowamynda däl, eýsem bir ýylyň içinde rus pasportyny alyp bilýärler.

“Russiýa mümkinçilik berýär”

Täze konsepsiýa kabul edilmezden öň hem täjigistanlylaryň rus graždanlygyny almaga bolan höwesi ýokarydy. Olardan köprägi “göçüp gelmek” programmasy esasynda, ol mümkinçilikden peýdalanjak bolýardylar.

Täjigistandan bolan ýaş wraç-kardiolog Sarboz Niýozow birnäçe ýyldan bäri Moskwa şäherindäki şahsy klinikada işleýär. “2014-nji ýylda men “göçüp gelmek” programmasy esasynda, Täjigistandan Nowosibirskä bardym. Ol ýerde klinikada bir ýyl işledim. Orsýet pasportyny alanymdan soň Moskwa geçdim-de, şahsy klinikada işe ýerleşdim” diýip, ýaş doktor gürrüň berýär. Sarboz Täjigistanyň Abu Ali ibn Sina adyndaky döwlet medisina uniwersitetini tapawutlanan diplom bilen gutarypdyr, Moskwada bolsa ordinaturany geçipdir. Onuň Täjigistandaky aýlygy müň somoni (häzirki kurs bilen ýüz dollardan sähel azrak) eken. “Häzir men Moskwada işläp, aýda azyndan ýüz müň rubl gazanýan” diýip, Niýozow gürrüň berýär.

“Geljege mümkinçilik hem onuň howply taraplary”

Russiýanyň IIM-niň maglumatyna görä, häzirki wagtda Orsýetde Täjigistanyň 1 mln 300 müňden gowrak graždanini ýaşaýar hem işleýär. Bu sanyň düzümine studentler, zähmet migrantlary hem iki graždanlygy bolanlar girýär. Russiýa Federasiýasynyň IIM-niň Täjigistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Makarewiç geçen ýylyň noýabrynda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna interwýu bereninde, Russiýa göçüp barmak isleýänleriň sanynyň 10-25% ösendigini aýtdy. Olar her aýda 120 çenli graždaninden arza kabul edýän eken. Göçüp barmak programmasy aýratyn bilermenlere – ýokary ýa-da orta bilimi bolan hünärli adamlara, şeýle hem zerur hünärler saýylýan wraçlara, mugallym-pedagoglara, alymlara, işewür toparyň wekillerine niýetlenipdir.

«Bu owalynda ykdysady faktorlar bilen şertleşýär, rus graždanlygyny alan täjigistanlylara işe ýerleşmek, kepillik goraglaryna eýe bolmak ýeňil düşýär, ýagny olara Russiýanyň ilatynda bolşy ýaly mümkinçilik almaga şert döreýär» diýip, migrasiýa meseleleri boýunça bilermen, professor Rahmon Ulmasow aýdýar. Bu ýerde meseläniň kyn tarapy, bilermeniň sözüne görä, netijede hünärli adamlaryň köpüsi Täjigistany taşlap gidýärler hem soň yzyna dolanmaýarlar.

Täjigistanyň öňki bilim ministri Nuriddin Said geçen ýyl metbugat-konferensiýasy wagtynda mugallymlaryň, hususan-da rus dili mugallymynyň ýetmezçilik edýänini aýdypdy. Onuň sözüne görä, millet köpelýär, mugallymlaryň bolsa köpüsi pensiýa çykýar ýa-da dekrete galýar, ýurdy taşlap gidýänlerem bar.

Mundan daşary-da, Täjigistanyň saglygy saklaýyş pudagynyň statistiki maglumatyna görä, ýurtda medisina işgärleri, hususan-da maşgala doktorlary gaty ýetmezçilik edýär. Bu ýetmezçiligiň ýokarydygyny saglygy saklaýyş pudagynyň öňki ministri Nasim Olimzoda hem aýdypdy.

Garşylykly garaýyşlar

“Adamlaryň ýurtdan gitmek islegine adaty migrasiýa hereketi hökmünde garamak bolmaz. Munuň özi aýratyn-da bilermenleriň gitmegine ýol açylansoň, «beýnileriň syzmagynyň» esasy ugry bolup durýar. Täjigistan ýokary intellektual derejä eýe bolan ýurt däl, munuň üstesine Orsýet hem biziň barja hünärli adamlarymyzy alsa, soňlugy bilen agyr ýagdaýa getirer” diýip, synçy Irşod Sulaýmoni aýdýar.

Beýle garaýyş bilen täjik sosiology Muzaffar Olimow ylalaşmaýar, ol munuň tebigy ýagdaýdygyny aýdýar. “Täjigistanda milletiň ruhy taýdan ösýändigi bildirýär, meseläni çözmegiň bir ýoly iş orunlaryna ýerleşdirmek” diýip, Olimow belleýär.

Şol wagtyň özünde täjik migrantlary Russiýada kanun goraýjy guramalar hem milletçi toparlar tarapyndan, dürli gysyşlara duçar edilýär. Bu barada dürli habar serişdeleri maglumat berip durlar. Ýöne munuň özi migrantlaryň ýoluny saklap bilenok.

Näme etmeli?

Täjigistan bilen Russiýanyň arasynda 1995-nji ýyldan bäri goşa raýatlyk düzgüni dowam edýär. 2017-nji ýylda Täjigistanda “Döwlet gullugy hakyndaky” kanuna düzediş girizilip, şoňa laýyklykda iki graždanlygy bolanlar döwlet gullugynda işläp bilmezler diýildi. Mundan öň goşa raýatlyga eýe bolanlara Täjigistanyň döwlet howpsuzlygy gullugynda hem kanun goraýjy organlarda işlemäge gadaganlyk girizilipdi.

Muňa garamazdan, ekspertleriň bellemegine görä, ýurduň kadrlar mümkinçiligini saklamak üçin, ýetmezçilik hem zerurlyk sebäpli asly Täjigistandan bolan hünärmenleriň öz orunlarynda galmagyna şert döredilipdi.

“Owaly bilen ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryny monopoliýalaşmakdan dynmaly, bir adama çokunmagy ýeňip geçmeli hem-de traýbalizmden – ‘pylan ýerli’ diýmekden, korrupsiýadan, ykdysadyýeti formal däl ýagdaýda bölüşdirmekden ýüz öwürmeli. Umuman, Täjigistanyň kanun aktlarynda demokratik ýörelgeler berjaý edilýänçä, bularyň ählisini gazanmak mümkin bolmaz” diýip, synçy Irşod Sulaýmoni aýdýar.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.