Türkmenistan çagalary goramak borçlaryny jogapkärçilikli berjaý edýändigini aýdýar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistan çagalary goramak boýunça öz üstüne alan halkara borçlaryny jogapkärçilikli berjaý edýändigini aýdýar. Bu barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji iýunda Çagalary goramak boýunça halkara güni milli metbugatda çap edilen gutlag hatynda aýdylýar. ​

Resmi maglumatda Türkmenistanyň halkara ylalaşyklara goşulmagynyň ýurduň öz üstüne alan borçlaryna jogapkärçilikli çemeleşýändigini tassyklaýandygy aýdylýar. Türkmenistan çagalaryň diri galmagyny, goragyny we ösüşini üpjün etmek boýunça bütindünýä deklarasiýasyna, BMG-niň çagalaryň hukuklary boýunça konwensiýasyna, çagalaryň ogurlanmagyna degişli raýat meseleleri boýunça Gaaga konwensiýasyna gol çekipdir.

Türkmen ýolbaşçylary "Döwlet adam üçidir!" mazmunly şygardan ugur alýandygyny we çagalaryň aň, beden we ruhy taýdan ösmegine ähli şertleri döredýändigini gaýtalaýar, emma çagalaryň ýurtdaky agyr ykdysady krizis döwründäki durmuş şertlerini, şol sanda işsizligiň, azyk ýetmezçiliginiň, syýasy ideologiýanyň çagalara ýetirýän täsirini agzamaýar.

Şu günler ýurduň gür ilatly welaýatlarynyň ýaşaýjylary 27-nji maýda bolan tupanyň weýrançylygy bilen ýüzbe-ýüz bolup kömeksiz galýar. Türkmen hökümeti bolan harasaty, onuň netijesinde müňlerçe bina zeper ýetendigini we ençeme adamyň, şol sanda çagalaryň wepat bolandygyny bir aýdan gowrak wagt bäri agzaman gelýär.