Çagalar gününi belleýän Türkmenistanda ene-atalar çagalaryň "ala tutulýandygyny" aýdýarlar

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň körpelerini 1-nji iýunda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlap, olaryň "akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, döredijilik işleri we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleri döredýäris" diýdi.

Degişli maglumat Aşgabatda çagalary Gökderä gitmeli ene-atalardan ýene pul ýygnalýar

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar ýurtda ähli çagalar üçin deň şert döredilmeýändigini, şeýle-de oba ýerlerindäki çagalaryň ünsden düşürilýändigini we olaryň "ala tutulýandygyny" habar berýärler.

Berdimuhamedowyň çagalar üçin gutlag haty 1-nji iýunda TDH-nyň websaýtynda çap edildi:

"Biz gysga döwrüň içinde Aşgabat şäherinde we welaýatlarda, ýurdumyzyň jana şypaly künjekleri bolan Köpetdagyň sergin jülgelerinde, Hazaryň merjen kenarynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, döwrebap çagalar baglaryny we orta mekdepleri, "Ene mähri" saglyk merkezlerini gurduk" diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi agzalýan merkezleriň nyrhlarynyň köp ene-atalaryň maddy mümkinçiliginden aşa gymmatdygyny aýdýarlar. Üstesine-de, ene-atalar resmileriň bahalary özleriçe kesgitleýändigini belleýärler.

"Ertir oglumy Gökderedäki (Öňki Çüli) çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezine iberýärin. Ýigrimi günlük ýollanmanyň bahasy 2400 manat boldy. Anna güni jaň edenimde, ýollanmanyň 1200 manatdygyny aýtdylar. Şu gün jaň edenimde, bahasy iki esse ýokarlandy diýdiler" diýip, aşgabatly ene-atalaryň biri 1-nji iýunda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Aşgabat: Çagalaryň mekdep lagerleri ‘pes derejede gurnalýar’

Mundanam başga, ene-atalar çagany dynç alyş merkezine ibermek üçin olary saglyk barlagyndan geçirmelidigini, munuň üçin resmi töleglerden başga-da 100 manat tölemelidigini aýdýarlar.

"Bu ýerde emeli uly nobatlar döredilipdir. Resmi töleglerden başga-da 100 manat töleseň, derrew resminamalary taýýarlap berýärler. Ýogsam, haçan nobatyň ýetjegi belli däl" diýip, aşgabatly ene aýtdy.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy bu ýyl welaýatlardaky çagalaryň Aşgabatdaky dynç alyş we sagaldyş merkezlerine gelmegine rugsat berilmeýändigini habar berdi.

"Şu ýyl diňe Aşgabat şäherinden bolan mekdep okuwçylary bu merkezlerde dynç alyp bilerler. Sebäbi bu ýyl welaýatlardan çagalaryň gelmegine rugsat berilmeýär" diýip, habarçy gürrüň beripdi.

Azatlyk Radiosy bu barada Türkmenistanyň BIlim ministrliginden, şeýle-de çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinden kommentariý alyp bilmedi.

Azatlygyň habarçylary ýurtda ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen, ýurduň sebitlerinde, etrapdyr obalarynda işsizligiň giňden ýaýrandygyny we güzeran eklenji kynlaşýan maşgalalaryň has köp göze ilýändigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Gökdere hemme çaga üçin däl

"Oba ýerlerinde ýaşaýan çagalaryň aglabasy tomusky dynç alyş möwsüminde bazarlarda araba sürmek, balyk tutmak ýaly işlerde we ekin meýdanlarynda işläp, maşgalasyna ykdysady goşant goşmaga mejbur bolýarlar. Olar ünsden düşürilýär" diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň habarçylary we çeşmelerimiz çagalaryň gazanç etmek üçin işleýän döwründe olaryň betbagtçylyga uçrap, heläk bolmagy ýaly wakalaryň hem her ýyl diýen ýaly gaýtalanýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň resmi mediasynda ýurtda çagalaryň “bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy we olaryň tomusky dynç alyş möwsüminde öz wagtyny boş geçirmezligi üçin ähli şertleriň döredilýändigi” aýdylsa-da, ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada mesele gozgalmaýar.

Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolansoň, çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşuldy. Resmi Aşgabat bu babatda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge “örän jogapkärli çemeleşýändigini tassyklaýar”.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.