Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük ýeralma, bugdaý oragy we öz doglan gününiň öňünden guraljak dabaraly çäreler baradaky gürrüňleriniň arasynda, Azatlygyň maý aýynda habar beren çekirtge howpuny gytaklýayn tassyk etdi, orunbasaryna ýetişdirilen hasyly zyýankeşlerden goramak talaby bilen ýüzlendi.
Emma muňa garamazdan, ol soňky 25 ýylda iň uly hasaplanýan çekirtge howpundan Türkmenistana abanýan howpuň näderejede çynlakaýdygyny, şeýle-de apreliň aýagynda gopan güýçli harasatdan Lebapdaky, Marydaky ekin meýdanlarynyň näçe zyýan çekendigini aýtmakdan saklandy.
Tejribeden görnüşine görä, Türkmenistanda tebigy hadysalar, hatda ekinlere degýän keseller, zyýankeş mör-möjekler hakynda hem açyk gürrüň edilmeýär.
Geçen ýyl Azatlygyň habarçylary ýerlerden gowaçanyň gül döküşi barada maglumat iberdiler, emma häkimiýetler bu habarlary ne tassyklady, ne-de ret etdi.
Häzir ýetişdirilen galla hasylyna çekirtgelerden ol ýa-da beýleki derejede zyýan ýetdimi ýa ýetmedi, türkmen mediasy-da, resmiler hem bu barada hiç bir maglumat bermeýär.
Degişli maglumat Türkmenistandan uçup baran çöl çekirtgeleri Özbegistanyň serhetýaka etraplaryna aralaşýar, daýhanlar aladaly
Şeýlelikde, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 12-nji iýundan galla oragyna başlanar.
Azatlygyň habarçylary edara işgärleriniň we okuwçylaryň dynç we baýram günlerinde hem orak dabaralary sebäpli ýowara çykarylyşy, ýerlerde taýýarlanýan telewideniýe sahnalary, hatda prezidentiň sapar etmegine garaşylýan ýerlerde geçirilýän otag, arassaçylyk işleri hakynda öňünden habar berdiler.
Bu gezekki bugdaý oragy ýurtda koronawirus çäklendirmeleri, daşardan gelýän azygyň azalmagy we gymmatlamagy, ýerli unuň we ýagyň, beýleki azyk önümleriniň aşa gytalamagy netijesinde, dükanlaryň agzynda uly nobatlaryň döreýän, bugdaý meýdanlarynyň bolsa ýörite gulluklaryň işgärleri tarapyndan goralýan wagtyna gabat geldi.
Degişli maglumat Türkmenistanda kanun goraýjy edaralar bugdaýa gözegçiligi güýçlendirýär
Döwlet baştutanynyň mejlisde “oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerden” kanagatlanma bildirmeginden, ýurduň meýdanlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtmagyndan çen tutulsa, bu ýyl hem bugdaý plany ýerine “ýetiriler” diýip, synçylar aýdýar.
Türkmenistan geçen ýyl hem gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini, bugdaý hasyly boýunça döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilendigini aýtdy, emma şondan kän wagt geçmänkä ýerli unuň, mal iýmleriniň gytçylygy güýçlendi.
Degişli maglumat Türkmenistanda bugdaý plany 'dolandan' soň galla önümleri kärhanalarynda 'uly derňewler' başlandy
Metbugat habarlaryndan çen tutulsa, bu ýyl sebitdäki çekirtge howpunyň ekine uly zyýan ýetirmegi mümkin.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň “Newsru” neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Aziýanyň köp ýurduna şu ýyl ägirt uly çekirtge sürüleriniň çozandygy aýdylýar.
Şeýle-de, çekirtge çozuşlarynyň Yrak, Eýran, Pakistan ýaly ýurtlaryň ekinlerine hem zyýan ýetirendigi habar berilýär.
Neşiriň maglumatyna görä, Orsýetiň Oba hojalyk ministrligi hem regionlarda zyýankeşlere garşy göreş çärelerini güýçlendirýär. Gazagystanda hökümet çekirtge sürülerine garşy göreş üçin 3,6 million dollar serişde goýberdi diýip, “Fergana” habar gullugy habar berdi.
Azatlygyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, Täjigistanyň günortasyndaky Wahş sebitinde, ýurduň esasy oba hojalyk önümleriniň öndürilýän ýerinde hem daýhanlar çekirtgelerden şikaýat edýärler.
Azatlygyň Özbek gullugy özbek daýhanlarynyň Türkmenistan tarapdan uçup çekirtgelerden alada galýandygyny baryp 7-nji maýda habar berdi.
Hususan-da türkmen serhedine golaý Buhara, Horezm we Kaşkadarýa sebitlerine çekirtge howpy abanýar. Kaşkadarýanyň Nyşan, Güzer we Daýhanabat etraplarynyň daýhanlary çekirtgeleriň maý aýynyň başlarynda gelip başlandygyny gürrüň berdiler.
Ýöne, Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň 6-njy maýda beren maglumatyna görä, çekirtgeler Türkmenistandan diňe Özbegistana uçup geçmeýär, eýsem Kerki etrabynyň ekin meýdanlaryna hem hüjüm edýär.
"Kerkiniň Çekir, Daşlyk, Mukrýaryk we Lebap daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlaryna, ýetişip oturan bugdaýlara, kartoşkalara we baglara günorta-günbatar sebitden çekirtgeler, mör-möjekler hüjüm edýär. Bu ýagdaý indi iki-üç gün bäri dowam edýär" diýip, habarçy aýtdy.
Degişli maglumat Wise-premýer sergide ekologiýa innowasiýalaryny görkezendigini aýdýar, daýhanlar hasyly ot ýakyp ‘halas edýär’
29-njy maýdaky hökümet mejlisinde aýdylmagyna görä, wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew ýetişdirilen hasyly zyýankeşlerden, hususan-da howanyň gyzmagy netijesinde köpelen kebeleklerden we çekirtgelerden goramak boýunça görjek çäreleri barada birinji gün geçiriljek iş maslahatyna hasabat berer.
Bu hasabat 5-nji iýunda, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň öň ýanynda berler.
Orazgeldiýewiň sözlerine görä, Türkmenistan ýurtda “daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahata taýýarlanýar.
Degişli maglumat Merkezi Aziýa “suw ýetenok”
Ýerli we sebit hünärmenleriniň köpüsiniň pikirlerine görä, Türkmenistanda sowet döwründen miras galan oba hojalyk praktikalaryndan el çekilmezligi, ýeriň döwlet eýeçiliginde galmagy, suwuň bisarpa ulanylmagy, ýerleriň şorladylmagy, suw desgalarynyň bejerilmezligi netijesinde dörän ekologiki problemalar barha çuňlaşýar.
Emma resmi Aşgabat şor suwlary bir ýere toplamak we gaýtadan ulanmak taslamalaryna milliardlarça dollar harçlap, hakykatda bu şor suwlaryň uzak aralyga akdyrylmagy we bir ýere toplanylmagy netijesinde daşky gurşawa ýetip biljek zyýan baradaky bellikleri alga almaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.