TN: Türkmen häkimiýetleri goşunda esger ogluny ýitiren enä ikinji oglunyň ölümi bilen haýbat atýar

Seýdulla Rasulow. "Turkmen.news" neşiriniň suraty

Esgeri hassahana getirenlerinde görenleriň gürrüň bermeklerine görä, onuň içki organlarynda abat ýer galana meňzemändir; ol bary-ýogy bir hepde ýatyp, onuň soňky bäş sagadyny agyr hassalaryň bölüminde, agyrysyna çydaman bagyryp geçiripdir.

Garaşsyz neşir türkmen häkimiýetleriniň harby gullukda wepat bolan 18 ýaşly ogly baradaky hakykaty anyklamaga çalyşýan esger enesine beýleki oglunyň hem ölüp biljekdigi bilen haýbat atýandygyny, prezidentiň ogluny ýitiren naçaryň hatyna jogap bermeýändigini habar berýär.

"Turkmen.news" "Türkmen goşuny öldürýär. Mary welaýatynda täze çagyrylan esger wepat boldy" diýen at bilen çap eden makalasynda 2019-njy ýylyň 8-nji dekabrynda Ýolöteniň etrap hassahanasynda aradan çykan türkmenabatly esger Seýdulla Rasulowyň gümürtik ölümine ünsi çekýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda ýene bir esger özüni heläkledi, merhumyň 'gowşaklykda' aýyplanmak ähtimallygy bar

Neşiriň ýazmagyna görä, esgeriň hossarlary onuň ölüminiň resmi düşündirilişine ynanmaýar we açyk we adalatly derňew geçirilmegini isleýär.

Seýdulla Rasulowyň ölüminiň sebäbi, sud-medisina eksperti G.Annadurdyýewiň gol çeken dokumentinde görkezilmegine görä, "gelip çykyşy kesgitlenmedik" meningit bilen düşündirilýär. Emma meningitden ölen adam bilen urlup-ýenjilmekden, agyr zorluk-sütemden ölen adamyň jesediniň tapawudy uly bolýar.

Degişli maglumat Gümrükçiler 50 müň towukdan 11 mln ýumurtga aldy, serhetçiler goýun bakýar, prezidente taýçanak sowgat berildi


Şunuň bilen baglylykda, TN neşiri Seýdulla Rasulowyň garyndaşlarynyň saglyk işgärleriniň gelen netijelerine ynanmaýandygyny, olaryň bolan iş barada öz pikirleriniň we delilleriniň bardygyny belleýär.

Bu delil, bir tarapdan, ölen esgeriň harby gulluga alynmazyndan öňki saglyk ýagdaýy bilen düşündirilse, ikinji tarapdan, onuň hassahana agyr ýagdaýda, urlup-ýenjilen adamyň halynda getirilmegi, jesedinde galan agyr zorluk, sütem yzlary bilen düşündirilýär.

Esgeri hassahana getirenlerinde görenleriň ejesine gürrüň bermeklerine görä, onuň içki organlarynda abat ýer galana meňzemändir; ol hassahanada bary-ýogy bir hepde ýatyp, onuň soňky bäş sagadyny agyr hassalaryň bölüminde, agyrysyna çydaman bagyryp geçiripdir.

"Onuň ejesi we dogany gelip, jesedi berýänçäler iki sagat garaşdylar" diýip, neşir esgeriň hossarlarynyň diňe ol ýogalandan soň habarly edilendigini, olaryň boýdan-başa kesilen, gök-dalak bolan jesedi görüp, elheder edendiklerini habar berýär.

Degişli maglumat TN: Özüni heläklän esgeriň derňewi tamamlandy, onuň özünden başga 'günäkär' tapylmady


Saglyk işgärleri bu ýagdaýy jesediň kesilmegi we soňra tikilmegi bilen düşündiripdirler.

Şeýlelikde, garaşsyz neşiriň ýazmagyna görä, esgeriň hossarlarynyň oňa goşunda hakykatda näme bolandygy, ony kimiň ýa-da kimleriň urup-ýenjendigi baradaky soraglary ýarym ýyl bäri jogapsyz galýar, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýazylan hata jogap bermeýär, organlar bolsa enäniň beýleki ogluny hem ýitirip biljekdigini ýatladyp, ondan dymmagy talap edýärler.

Tejribeden belli bolşuna görä, Türkmenistanda açyk we adalatly derňew meselesi esger ölümleri babatynda hemişe diýen ýaly uly sorag bolmagynda galýar.

Şol bir wagtda, öňden gelýän däp-dessur esasynda jaýlanan esgeriň bedenindäki zorluk yzlary hiç bir jähtden gizlin galyp bilmeýär. Ýerli synçylar bu açyk syryň bir tarapdan häkimiýetleriň basyşy, ikinji tarapdan ogullaryny ýitiren adamlaryň ýöwselligi sebäpli dowam edýändigini öňe sürýärler.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli žurnalistiň pikiriçe, bu meseledäki dymyşlyk goşundaky eden-etdilikleriň garawsyz dowam etmegini, adam ölümine sebäp bolan harby gullukçylaryň ap-aňsat jezadan gutulmagyny üpjün edýär.

Degişli maglumat 18 ýaşly esger goşun gullugynda ýogaldy


Onuň sözlerine görä, ölen esgeriň jesedinde geçirilen barlaglaryň netijeleriniň asla aýdylmaýan halatlary hem bolýar we bu ýerde hökman para, pul meselesiniň bardygyny inkär edip bolmaz.

Bu şu ýylyň 7-nji fewralynda Marynyň harby hassahanasynda ýogalan esger babatynda hem şeýle bolana meňzeýär. Azatlyk 11-nji fewralda onuň saglygy seljeriş işleriniň netijeleriniň mälim edilmändigini habar berdi.

Türkmenistanyň degişli edaralary, Goranmak we adalat ministrlikleri hem bu hili maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär; Türkmen goşunynda parahatçylyk wagtynda, esgerleriň öz arasyndaky we esger bilen komandirleriň arasyndaky düzgüne gabat gelmeýän gatnaşyklar netijesinde, saglyk hyzmatlary, azyk ýetmezçiligi, berilýän azygyň hili, arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmezligi sebäpli saglygyna zyýan ýetýän, maýyp bolýan, ölýän esgerler hakynda statistiki maglumatlar çap edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.