Aşgabadyň sudy tanymal şoumeni jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy boýunça iki ýyllyk tussaglyga höküm etdi diýp, garaşsyz türkmen.news neşri habar berýär. Agzalan madda "beçebazlyk" hakynda.
Maglumatda ady G.S. diýlip tutulan adam bilen bilelkde ýene birnäçe adamyň tutulandygy, olaryň ählisiniň günäni boýun alandygy aýdylýar. Hökümiň 7-nji maýda yglan edilendigi, emma bu barada indi mälim bolandygy neşir belleýär.
Aşgabatda belli şoumen ýigidiň, gomeseksuallykda aýyplanyp, tussag edilendigi aprel aýynda habar berlipdi.
Maý aýynyň başynda Gyrgyzystanda LGBT jemgyýetlerini goldap çykyş edýän hökümete degişli bolmadyk “Gyrgyz indigo” topary anyk adam ykballarynyň mysalynda, Türkmenistandaky LGBT wekilleriniň duçar bolýan meseleleri barada hasabat çap etdi. Hasabatda Türkmenistandaky LGBT wekilleriniň jenaýat yzarlamalary sebäpli, gizlenip ýaşamaly bolýandyklary, şeýle-de üsti açylan halatynda olaryň ýurduň edaralary tarapyndan ýanamalara sezewar edilýändigi we kanun goraýjylaryň berk gözegçiligi astynda saklanýandygy bellenilýär.