Bir aý töweregi mundan ozal sebitde gopan harasatdan soň Lebap welaýatynyň öz ykbalyna terk edilen halkyna Aşgabadyň ýaşaýjylary ýaşyrynlykda iýmit önümlerini we egin-eşikleri iberýärler. Ýöne şeýle ýardamlaryň öňünde häkimiýetler tarapyndan päsgelçilik döredilýär. Munuň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy gizlinlik şertlerinde ýurt içinden habar berýär.
“Aşgabadyň ýaşaýjylary polisiýadan gizlenip, hüşgärligi elden bermän, häkimiýetlerden ýaşyrynlykda, öz aralarynda ýygnan zatlaryny otluda Türkmenabadyň tupandan ejir çeken ýaşaýjylaryna iberýärler” diýip, habarçy aýtdy.
Ugradylýan harytlaryň arasynda esasan egin-eşik we ozal ulanylan harytlar bar, galyberse-de Lebabyň iýmit ýetmezçiliginden kösenýän ýaşaýjylaryna çörek önümleri hem ugradylýar.
“Halk ilaty öz ykbalyna terk eden häkimiýetlerden has rehimli we has jomart bolup çykdy” diýip, habarçy aýtdy.
Lebap we Mary welaýatlarynda 27-nji aprelde gopan harasat we onuň netijeleri barada Türkmenistanyň döwlet emeldarlary we hökümet resmileri bir aýa golaý wagt bäri dil ýarman gelýär.
Degişli maglumat Harasat: Polisiýa maliýe kömegini paýlatmaýar, telefonlary barlaýarMeýletin haýyr-sahawatçylar Aşgabatdan iberilen ýardamlaryň Türkmenabatda öz eýelerine gowuşmagy üçin alada edýärler, hem-de polisiýanyň ýardam kabul edýän lebaplylary yzarlamagyndan howatyr edýärler.
25-nji maýda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Türkmenabatda tupandan ejir çeken ýaşaýjylaryň nädip we kimden kömek alýandyklarynyň polisiýa tarapyndan yzarlanýandygyny habar berdi.
“Şäherliler jaýlaryny öz güýçlerine dikeldýärler. Eger-de gurluşygyň barýan ýerine gurluşyk materiallary getirilse, öý eýesi polisiýanyň etrap bölümine çagyrylýar we olary nireden, haýsy bahadan, haýsy pula satyn alandygy barada düşündiriş ýazmaga mejbur edilýär” diýip, neşir habar berýär.
Bellesek, mundan ozal Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen polisiýasynyň harasatdan ejir çeken ilata niýetlenip, meýletin ýygnalýan ýardamlaryň halka paýlanmagyna böwet bolýandygy barada habar beripdi.
11-nji maýda Azatlyk Radiosynyň habarçysy harasatdan ejir çekenlere hemaýat hökmünde ABŞ-da ýaşaýan türkmenistanlylaryň öz aralarynda meýletin toplan 5 müň dollar töweregi maliýe serişdesiniň ýurda gowuşmagyna türkmen polisiýasynyň böwet bolandygyny habar berdi.
Ondan ozal, 8-nji maýda habarçymyz Aşgabatda hususy telekeçileriň Lebaba ibermäge uly gyzyklanma bildiren ýardamlaryny häkimiýetleriň diňe döwlet edaralarynyň üsti bilen ejir çekenlere gowşurylmagyny talap edendigini habar berdi.
Degişli maglumat Harasadyň adam ýitgileri: Maryda azyndan bäş adam öldi. Lebapda we Maryda heläk bolanlaryň jemi sany 35 adamdan aşdy22-nji maýda habarçymyz Baýramalyda tupandan ejir çeken hojalyklara meýletin ýardam beren telekeçileri howpsuzlyk gulluklarynyň soraga çekendigini habar berdi.
Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti harasatdan bir aý gowrak ozal 19-njy martda Eýrana, harasatdan üç gün soň, 30-njy aprelde Owganystana, 5-nji maýda Russiýanyň Astrahan oblastyna ynsanperwer ýardam ugratdy, 7-nji maýda hökümet Özbegistana-da ýardam ibermegi teklip etdi. Ýöne bu ýardamlaryň fonunda ýurduň öz ilatyna harasatdan soňky dikeldiş işleri bilen baglylykda nähilidir bir döwlet hemaýatynyň berlip-berilmeýändigi barada resmi metbugat habar bermeýär.
Ýurtdaky soňky ýagdaýlar, hususan-da tupanyň netijeleri boýunça hökümetiň çäre görmezligi, dowam edýän ykdysady kynçylyklar, iýmit önümleriniň ýetmezçiligi raýatlaryň ýurduň içinde we daşynda miting geçirip öz nägileliklerini beýan etmeklerine iterdi.
Soňky bir aýyň dowamynda birnäçe türkmenistanlynyň gatnaşmagynda Demirgazyk Kipr türk respublikasynda, Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň gabatlarynda we Lebabyň merkezi Türkmenabatda protest çäreleri geçirildi.
25-nji maýda ýurt içindäki beýleki bir habarçymyz Stambulda geçirilen mitingden soň, Türkmenistanda häkimiýetleriň migrant çagalaryny sorag edip başlandyklaryny, olaryň telefon hatlarynyň barlanýandygyny habar berdi.
Azatlyk Radiosy ýokarda agzalan maglumatlar boýunça Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerinden kommentariýa alyp bilmeýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.