Türkmenistan Sanly ýüpek ýolunyň çäginde Ýewropa bilen Aziýany birleşdirer

Hazar deňzi

“Türkmenistan şu gün” habar agentliginiň 22-nji maýdaky maglumatyna görä, Türkmenistan Sanly ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolar.

Neşir bu işiň Hazar deňziniň düýbünden süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasynyň gurulmagy netijesinde amala aşyryljakdygyny, taslamanyň“Türkmentelekom” we “AzerTelecom” tarapyndandurmuşa geçiriljekdigini habar berýär.

Türkmenistany, Özbegistany, Owganystany, Pakistany we Hindistany öz içine alýan, ozalky Ýüpek ýolunyň territoriýasyndan geçýän esasy geçiriji tor çäginde Aziýany Ýewropa baglar.

Maglumatlaryň iň ýokary geçiş tizligi 4 terabit/sek derejesine ýeter. Süýüm-optiki liniýa Türkmenbaşy (Türkmenistan) - Siazan (Azerbaýjan) ugruna gönükdiriler.

Taslamany durmuşa geçirmegiň, hazarüsti süýümli optiki kabel liniýasyny çekmegiň esasy meseleleri “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde geçirilen wideokonferensiýanyň çäginde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kompaniýalaryň wekilleri bu ugra maýa goýumlaryny çekmek zerurdygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga, gepleşige gatnaşyjylar süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasynyň düýbüni tutmagyň, ony ulanmagyň we saklamagyň şertleri barada pikir alyşdylar.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň Kaspi deňziniň astyndan Siýazan-Türkmenbaşy ugry boýunça fiber-optiki kabel ýoluny çekip biljekdigi barada “Trend” habarlar gullugy Azerbaýjanyň Transport, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrligine salgylanyp, geçen ýylyň ýanwar aýynda habar berdi.