Harasat: Baýramalyda sanlyja jaý abatlanýar, ýardam eden telekeçiler soraga çekilýär

Marynyň obalarynyň biri

  • Marynyň Baýramaly şäherinde mundan dört hepde gowrak ozal turan tebigy harasadyň weýrançylykly netijelerini aradan aýyrmak işleriniň haýal depgin bilen alnyp barylýandygy bellenilýär.
  • Ýerli ilat zyýan ýeten jaýlary abatlamak işlerinde pes hili gurluşyk serişdeleriniň ulanylýandygyndan nägile bolýar.
  • Bu aralykda, howpsuzlyk gulluklary harasatdan ejir çeken adamlara meýletin ýardam eden telekeçileri soraga çekýär.

27-nji aprelde Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turan adam pidaly harasadyň netijeleri barada häzirki güne çenli dymmyşlygy saklap gelýän türkmen häkimiýetleriniň, iň azyndan Marynyň Baýramaly şäherindäki zyýan ýeten jaýlary abatlap başlandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Emma Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy azyndan 35 adamyň ölümine sebäp bolan harasatdan bäri dört hepdä golaý wagtyň geçendigine garamazdan, abatlaýyş işleriniň Baýramylynyň diňe merkezi sebitlerinde alnyp barylýandygyny, şäheriň beýleki raýonlarynyň bolsa ‘ünsden düşürilýändigini’ gürrüň berdi.

Munuň üstesine-de, ýerli ýaşaýjylaryň häkimiýetleriň alyp barýan abatlaýyş işleriniň hilinden nägile bolýandygy bellenilýär.

Degişli maglumat Harasadyň adam ýitgileri: Maryda azyndan bäş adam öldi. Lebapda we Maryda heläk bolanlaryň jemi sany 35 adamdan aşdy

“Şäheriň abatlanýan sanlyja jaýynyň zyýan ýeten üçekleri köne şiferler bilen örtülýär. Olar ujypsyz şemala hem yraň atyp, ses edip dur. Sähel ýagyş sepelese-de, suw jaýyň içine syzýar” diýip, Baýramalydaky abatlaýyş işleri bilen tanyşan Azatlygyň habarçysy 22-nji maýda gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, tebigy harasatda zyýan çeken jaýlaryň diňe daşky tarapy abatlanyp, olaryň içi oňarylmaýar.

“Tupanda jaýlaryň içine hem uly zyýan ýetdi, diwarlarda jaýryklar emele geldi. Ýaşaýjylar maliýe we azyk krizisiniň arasynda iýer ýaly çöregi tapmagyň meseledigini, harasadyň weýrançylyklaryny öz serişdelerine düzetmäge mümkinçilikleriniň asla ýokdugyny aýdyp, nägile bolýarlar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran habarçy gürrüň berdi.

Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, Maryda pulsuzlykdan kösenýän ilat, şol sanda zeper ýeten jaýlaryny dikeldip biler ýaly, eýýäm gapysyndaky mallaryny, şahsy ulaglaryny we gyzyl şaý-seplerini “deger-degmez” bahadan satmaga başlady.

Azatlygyň habarçysy Baýramalynyň ilatynyň meseleleri bilen ýerli şäher häkimligine ýüz tutandygyny, emma olaryň arzynyň diňlenmeýändigini hem sözüne goşdy.

Degişli maglumat Harasat: "Türkmenabat heniz hem batgalyk we harabalyk ýeri ýatladýar"

“Adamlar indi kime ýüz tutjagyny hem bilmeýärler” diýip, habarçy Baýramalydan maglumat berdi.

Mundan başga-da, häkimiýetleriň abatlaýyş işlerine çekilen hususy gurluşyk firmalaryna eden işleri üçin tölegleri geçirmeýändigi nygtalýar.

“Hususy gurluşyk firmalary jaýlaryň zyýan ýeten äpişgeleriniň deregine plastik ramalaryny oturtdylar. Entek olaryň aýnalary hem goýulyp ýetişmändi. Emma görnüşine görä, ýerli häkimiýetler henize çenli hem töleg etmändir. Şol sebäpli, gurluşyk firmalary oturdan plastik ramalaryny aýyrjakdyklary barada ýaşaýjylara duýduryp başladylar” diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri harasady we ejir çekenlere döwletiň hemaýatyny resmi derejede tassyklamakdan geçen, zyýan çekenler üçin ilat arasynda özbaşdak guramalaşdyrylýan ýardamlaryň öňüni baglamaga synanyşýar.

Sebitdäki habarçymyzyň maglumatyna görä, Marynyň howpsuzlyk gulluklary harasatdan ejir çeken ilata meýletin ýagdaýda ýardam eden telekeçileri soraga çekip başlapdyr.

“Prokuratura işgärleri ilaty pul bilen goldan telekeçileri soraga çagyryp, bu maliýe serişdelerini nireden we nämäniň hasabyna alandygyny düşündirmegi soraýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Ýatlatsak, 27-nji apreldäki harasadyň soňky hepdelerinde türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli künjegindäki telekeçilere ýüz tutup, tupanyň netijelerini aradan aýyrmak işlerine goldaw bermegini sorapdylar. Emma türkmen resmileri goldawyň diňe döwletiň adyndan gowşurylmagyna rugsat beriljekdigini hem duýdurypdylar.

Mundan başga-da, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlardaky türkmenler tarapyndan toplanan maliýe hemaýatlarynyň hem harasatdan ejir çeken ilata paýlanyp berilmegine böwet bolýar.

Degişli maglumat Demirgazyk Kiprdäki türkmenler ýene protest geçirdi (WIDEO)

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Baýramalynyň şäher häkimliginden kommentariýa almak başartmady.

Galyberse-de, harasat barada dymyşlygy saklaýan türkmen hökümetiniň weýrançylykly apy-tupanyň netijelerini aradan aýyrmakda ýetrelik tagalla etmeýändigine nägilelik bildirip, türkmen raýatlary Türkmenistanyň öz içinde-de, daşynda-da ençeme protest çäresini geçirdiler.