Pandemiýa we şahsy durmuşyň eldegirmesizligi: Wirus aňtaýan täze tilsimler umyt we gorky döredýär

Illýustrasiýa suraty.

COVID-19 ýokançlygyny yzarlamak maksady bilen döredilen täze telefon tilsimleri arkaly toplanan şahsy maglumatlary hökümetlere ynanyp bolarmy?

Dünýäde petiklenme çäreleri gowşadylýan wagty, täze COVID-19 ýokançlyklarynyň öňüni almaga ýardam bermek üçin, giňeldilen saglyk testleri bilen bir hatarda, wirus ýokaşan adamyň aragatnaşygyny yzarlamak möhüm bolup durýar.

Aragatnaşygy yzarlamak usuly onlarça ýyl bäri ýokanç kesellere, şol sanda gyzamyk, AIW we Ebola wirusyna garşy göreşiň özeni boldy.

Dünýäde bir döwürleriň iň gorkunç keselini, mama keselini, 70-nji ýyllarda ýok etmeklik aragatnaşygyň berk yzarlanmagyny talap etdi. Bu infeksiýa ýoluganlaryň ählisiniň anyklanylmagy, olaryň üzňeleşdirilmegi hem-de kesel döremek howpy astynda bolan adamlaryň immunizasiýa edilmegi üçin şeýle boldy.

Ýöne koronawirus ýokanjynyň tizligi hassalaryň kimler bilen duşuşandygy, olaryň nirelerde bolandygy ýaly aragatnaşygyň däp bolan köne usullar bilen “elde” agtarylmagyna baş bermeýär.

Öňümizdäki hepdelerde ABŞ-nyň 44 ştatynda ýokanja ýolugan adamlar bilen interwýu geçirmek hem-de keseliň täsirinde galan bolmagy ahmal adamlary anyklamak işleri tabşyrylýan “telefon goşunyny” döretmek üçin onlarça müň amerikaly işe alynýar.

Ýöne şonda-da, saglyk hünärmenleri hatda artdyrylýan işgär sanlarynyň hem ýeterlik däldigini duýdurýarlar.

Däp bolan usullara goşmaça hökmünde, wirus ýokaşan adam bilen aragatnaşyga geçen adamlary anyklamaga hem-de olar barada habar bermäge kömek etmek üçin, köp hökümet adamlary hususan-da ykjam telefon tilsimleri arkaly hem-de geolokasiýa maglumatlarynyň üsti bilen awtomatiki usulda yzarlamak mümkinçiliklerine seredýär.

Munuň netijesinde, COVID-19 täsirini anyklamaga niýetlenen bir topar täze hem-de köpüsi ozal synagdan geçirilmedik yzarlama tilsimleri ýüze çykdy.

Köp ýurtda oňa gatnaşmak adamyň öz ygtyýarynda bolup, onuň üçin adamlar programmalary öz telefonlaryna özleri ýüklemeli.

Ýöne köpleriň ynanjyna görä, ol tilsimleriň netijeli bolmagy adamlaryň gündelik işleri barada çöplenýän hem-de tilsim üpjünçilerine we hökümet edaralaryna ynanylýan şahsy maglumatlardan olaryň hyýanatly peýdalanmazlyklaryny talap edýär.

Tankytçylar awtomatlaşdyrylan yzarlama tilsimleriniň köpüsinde aç-açanlygyň ýokdugyny hem-de olarda maglumaty ýygnamak, saklamak we ulanmak babatynda degerli çäklendirmeleriň ýokdugyny aýdýarlar.

Käbir yzarlama tilsimleri giň ýaýran hem-de olar çuň aralaşýar. Bu ýagdaý şahsy durmuşyň eldegirmesizligi, hökümetiň gereginden artyk maglumata eýe bolmagy we şahsy howpsuzlyk babatynda aladalary döredýär.

Human Rights Watch (HRW) “Russiýa we Hytaý ýaly onsuz hem iriziji yzarlama tejribelerine eýe bolan hökümetleriň elinde bu tilsimleriň sütemiň we ýekirmeleriň gerimini giňeldip biljekdigini” duýdurdy.

Global ölçegde täze awtomatlaşdyrylan yzarlama tilsimleriniň bir-birleri bilen kybapdaşsyzlygy ýurtlaryň arasynda dürli formatlardaky çalam-çaş maglumatlary jemlemäge synanyşýan alymlar üçin hem kynçylyk döredýär.

“MIT Tilsimata syn” neşiri peýda bolýan bu tilsimleri yzlamak maksady bilen täze maglumat bazasyny işe girizdi. Ol ýer ýüzündäki iň möhüm 25 sany aragatnaşygy awtomatiki usulda yzarlaýjy ulgamlar barada jikme-jiklikleri öz içine alýar.

Geolokasiýa maglumatlary

“MIT Tilsimata syn” neşirine görä, ykjam telefonlaryň geolokasiýa maglumatlaryny ulanýan yzarlama tilsimleri iň çuň aralaşyjy tilsimler bolup durýar.

Hukuk goraýjylar bu tilsimleriň hökümetlere pandemiýa garşy göreşmekden başga maksatlar üçin hyýanatçylykly ulanylyp bilinjek ep-esli şahsy maglumata girmäge mümkinçilik berýändiklerini duýdurýarlar.

HRW-niň sanly hukuklar boýunça hünärmeni Deborah Brown hökümetleriň ulanýan ykjam geolokasiýa yzarlama tilsimleriniň “adam hukuklaryna çynlakaý howp abandyrýandygyny” aýdýar. “Adamlardan şahsy durmuşyň eldegirmesizligini pida etmek we öz şahsy maglumatlaryny synag edilmedik tehnologiýalara tabşyrmak soralýar” diýip, Brown aýtdy. “Pandemiýanyň öňüni almak we jemgyýeti açmak möhüm maksatlardyr, ýöne biz muny giň ýaýran yzarlamasyz edip bileris”

Mysal üçin, Hytaý, Eýran we Russiýa;

Hytaýyň ulgamy ýerli polisiýa tarapyndan karantin düzgünlerini bozýanlary ýüze çykarmak üçin ulanyldy. Ol raýatlaryň şahsyýetini, olaryň ýerleşýän ýerlerini we hatda olaryň onlaýn tölegleriniň sanawyny hem öz içine alýan dürli maglumatlary ýygnaýar.

Martyň başynda Eýran AC19 atly koronawirusy “tapyjy” tilsimini işe girizende käbir ulanyjylar Eýranyň hökümetini programmany öz raýatlaryna garşy içalyçylyk etmekde, olaryň göni geolokasiýa maglumatlaryny, telefon belgilerini we beýleki şahsy maglumatlaryny ýygnamakda aýypladylar.

Eýranly dissidentler bu tilsimiň ýurduň aňtaw gulluklaryna millionlarça raýatyň telefonlaryna wagt belläp öz-özüni täzeleýän zyýanly programma ornaşdyrmaga rugsat berip biljekdigini duýdurýarlar.

Tankytçylar awtomatlaşdyrylan yzarlama tilsimleriniň köpüsinde aç-açanlygyň ýokdugyny hem-de olarda maglumaty ýygnamak, saklamak we ulanmak babatynda degerli çäklendirmeleriň ýokdugyny aýdýarlar.

Eýran tilsimi baradaky şübheler ony döreden Smart Land Strategy kompaniýasynyň Eýranyň aňtaw gulluklary üçin gizlinlikde ulanyjy maglumatlaryny ýygnamakda aýyplanýan iki Telegram göçürmesini hem döretmegi bilen has-da güýçlendi.

Eýranyň Saglyk ministrligi ähli eýranlylara köpçülikleýin SMS ugradyp olardan AC19 tilsimini degişli web-saýtlardan, Google-yň resmi Play Store tilsiminden hem-de üçünji taraplaryň tilsim dükanlaryndan ýükläp almagy talap etdi.

Millionlarça eýranly bu talaby ýerine ýetirdi. Soňra, 9-njy martda Google bu tilsimi we Smart Land Strategy tarapyndan döredilen beýleki Eýran tilsimlerini Play Store-dan aýyrdy.

“Freshfields-Bruckhaus-Deringer” halkara hukuk firmasynyň hünärmeni Olga Çislowa görä, Russiýada geolokasiýa we maglumat yzarlaýjy ulgam “federal derejede” ornaşdyryldy we bu ulgam “mobil aragatnaşyk operatorlary we olaryň GPS sistemalary” arkaly işleýär.

Adamlara olaryň koronawirus barlagy “oňyn” çykan adam bilen aragatnaşykda bolandyklary barada habar bermek bilen bir hatarda, Çislowanyň sözlerine görä, bu maglumat Russiýadaky adatdan daşary ýagdaýlara gaýtawulyň sebit merkezlerine-de ugradylýar.

Bu aralykda, Moskwada öýde galýan koronawirus hassalaryndan öz telefonlaryna “sosial gözegçilik” tilsimini gurnamak talap edilýär.

Maglumaty merkezleşdirilen bazada saklamak bilen bu tilsim rus hökümetine ähli ulanyjylaryň jaňlaryna, olaryň ýerleşýän ýerlerine, kameralaryna, telefonlarynyň ýadyna, tor maglumatlaryna we beýleki maglumatlaryna girmäge mümkinçilik döredýär.

“Privacy International” geolokasiýa we maglumat tilsimleriniň hökümetler tarapyndan “millionlarça adamyň hereketini” yzarlaýan “sosial gözegçilik guraly” hökmünde aňsatlyk bilen hyýanatly ulanylyp bilinjekdigini aýdýar.

Ol adamlary şeýle “biderek we iriziji yzarlamalara” tabyn etmegiň olaryň hökümete we saglyk edaralaryna bolan ynamyny gaçyrýandygyny aýtdy.

Ýakynlygy yzarlamak

Maglumaty goramak boýunça kampaniýaçylar “ýakynlygy yzarlamaga” niýetlenen tilsimleriň Russiýanyň, Eýranyň we Hytaýyň ulanýan geolokasiýa we maglumat tilsimlerinden has az irizijidigini aýdýarlar.

Olar aňtaw agentlikleri we kanun goraýjy edaralar tarapyndan ýa-da hatda söwda mahabat maksatlar üçin nädogry ulanylmagy ahmal bolan merkezleşdirilen maglumat binýatlaryny ýok etmek arkaly prosesi merkezleşdirmezligiň mümkindigini aýdýarlar.

Bir mümkinçilik DP-3T diýlip bilinýän “Bluetooth ýakynlyk yzarlaýjysy” üçin döredilen protokolydyr. DP-3T gysgaltmasynyň açylyp okalyşy “gizlinligi goraýan merkezleşdirilmedik ýakynlyk yzarlaýjysydyr”

Ýakynlyk tilsimi bolan telefonlar şeýle tilsimi bolan töwerekdäki beýlekileriň telefonlarynyň arasynda kodlanan belgileri almaşýan sanly el gysyşmagyň bir görnüşini amala aşyrmak üçin gysga aralykda Bluetooth birikmelerinden peýdalanýar.

DP-3T usulyna laýyklykda Bluetooth ýazgylary merkezi maglumat bazasynda däl-de akylly telefonlaryň özünde saklanýar.

Haçan-da bir adamyň koronawirus barlagy “pozitiw” çyksa, awtomatiki duýduryşlar döredilýär we şol bir kodlanan bellikli telefonlara anonim duýduryşlar iberilýär.

Apple bilen Google-yň ikisi-de ýakynlyk yzarlaýjy programmalary iPhone-lara we Android enjamlara oturtmak üçin bilelikde iş alyp barýarlar.

Olar öz akylly telefonlarynyň arasynda maglumat alyşylmagyna mümkinçilik berýän “tilsim programmalaşdyryş interfeýsini” (Application Programming Interface - API) bilelikde döretdiler.

Maglumat alyşmak üçin, häzirlikçe, bu programmany ulanyjylar öz ýurtlarynda degişli interfeýsi (API) ulanýan saglyk edaralary tarapyndan döredilen tilsimler bilen bir hatarda meýletin öz telefonlaryna ýüklemeli.

Apple we Google bu programmalaryň gelejekde telefonlara “yzygiderli täzeleýişiň” üsti bilen awtomatiki gurnaljakdygyny aýdýarlar

Teoriýada, bu diýmeklik, agzalýan programmanyň dünýädäki akylly telefonlaryň 99 göterimine awtomatiki ornaşdyryljakdygyny aňladýar.

Ýöne ähli ýurt ony ulanmaga razy bolanok.

Fransiýa, Germaniýa we Angliýa bilelikde döredilen interfeýsiň (API) ähli maglumaty merkezleşdirilen baza ýerleşdirmeýändigini öňe sürüp, ony ulanmakdan ýüz öwürdiler.

Munuň bilen üç hökümet agzalýan meselede käbir täze çykýan aragatnaşygy yzarlaýjy tehnologiýalardan adamlaryň şahsy durmuşynyň eldegirmesizligine abanýan howpa alada bildirýän Brýusseldäki ÝB resmileri bilen gapma-garşy bolýar.

Ýewropa Komissiýasy agza döwletler tarapyndan ulanylýan aragatnaşygy yzarlaýjy tilsimleriň ÝB-niň şahsy maglumatlary goramak düzgünlerine, şol sanda Maglumatlary goramak baradaky umumy düzgünnama (GDPR) hem-de Elektron Gizlinlik Görkezmesine (ePrivacy Directive) doly laýyk gelmelidigini nygtaýar.

“Ýewropalylaryň ynamy ykjam tilsimleriň üstünliginiň açary bolar” diýip, Komissiýanyň gymmatlyklar we aç-açanlyk boýunça wise-prezidenti Wera Jourowa aýtdy.

“ÝB-niň maglumaty goramak düzgünlerine hormat goýmaklyk, biziň şahsy durmuşymyzyň eldegirmesizliginiň we esasy hukuklarymyzyň öz güýjüni saklamagyny hem-de Ýewropa usulynyň aç-açan we proporsional bolmagyny kepillendirmäge ýardam berer” diýip, Jourowa aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.