Lebaply oba hojalyk hünärmenleriniň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde şu ýyl Türkmenistanda döwletiň pile planynyň tas "nola" deň boljakdygyny duýdurýar. Bu aralykda, türkmen metbugaty Lebap welaýatynda ýüpekçileriň pile taýýarlamak işini tamamladygyny habar berýär. Şeýle-de, şu günler darganataly kärendeçi daýhanlar tut agaçlarynyň ýapraklaryny we şahalaryny çapmaga mejbur edilýär.
Degişli maglumat Kärendeçilere edilýän 'pile sütemi' dowam etdirilýär, lebaply daýhanlar nägile"Lebabyň Darganata etrabynyň "Darganata" we "Gyzylarbat" daýhan birleşiklerinde ýüpek gurçuklaryny idetmek işleri tas geçirilmedi. Sebäbi ýüpek gurçugynyň tohumlary ýok. Şol sebäpli şu ýyl ýüpekçilik tas nola deň" diýip, oba hojalyk hünärmenleriniň biri 20-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.
Onuň sözüne görä, pandemiýa sebäpli transport gatnawlarynyň çäklendirilmegi bilen, şu ýyl Hytaýdan Türkmenistana ýeterlik derejede ýüpek gurçugynyň tohumlary getirilmändir. Şeýle-de, welaýatyň merkezi şäheri Türkmenabatda ýerleşýän ýüpek kärhanasynyň öndüren ýüpek tohumlarynyň tas 95%-i zaýa çykypdyr.
"Oba hojalyk hünärmenleri munuň sebäplerini kadrlaryň we agronomlaryň ýokdugy bilen düşündirýärler" diýip, gizlinlik şertinde maglumat beren habarçymyz aýtdy.
Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlary Türkmenabat şäherindäki ýüpek kärhanasyna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.
Bu aralykda, 17-nji maýda TDH Lebap welaýatynda tut gurçugyndan pile almak işiniň tamamlandandygyny habar berdi. Ýöne habarda geçen ýyllardaky tejribelerden tapawutlylykda, näçe mukdarda çig pile öndürilendigi barada kelam agyz söz aýdylmady.
Ýatlatsak, 30-njy martda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň oba hojalygyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe hem-de oba hojalyk ministri Magtymguly Baýramdurdyýewe käýinç we berk käýinç yglan edipdi.
Degişli maglumat Berdimuhamedow oba hojalyk ýolbaşçylaryny 'gurçuk tohumlarynyň gytçylygynda günäkärledi'Bu wakadan birnäçe gün soň Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen oba hojalyk işgäri bu käýinçleriň sebäplerini "resmileriň bazarlardaky gytçylykdan we gymmatçylykdan başga, ýüpek gurçugynyň tohumlarynyň gytçylygynda hem "günäkär" tapylmagy" bilen düşündiripdi.
Bu aralykda, şu ýyl "Darganata" we "Gyzylarbat" daýhan birleşiklerinde ýüpek gurçuklaryny idetmek işleri geçirilmändigi sebäpli tut agaçlarynyň aglabasynyň ýapraklary we şahalary çapylmandyr. Şu günler ýerli häkimiýetler bu işi kärendeçi daýhanlaryň üstüne ýükleýärler.
"Her kärendeçä 20 düýp tut agajynyň ýapraklaryny arassalamak tabşyryldy. Bu işleri berjaý etmekden boýun gaçyran daýhanlara kärende ýeriniň elinden alynjakdygy we elektrik togunyň, gazynyň kesiljekdigi barada haýbat atylýar" diýip, habarçy belledi.
Tut agaçlarynyň ýapraklaryny çapmak işleri geçen ýyllarda hem geçirilip, bu ýapraklar ýüpek gurçuklaryny idemek işlerinde olary iýmitlendirmek üçin ulanylýardy.
"Tut agaçlarynyň şahalary her ýyl çapylmasa, onda olar zaýa bolýar" diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.
Türkmenistanda kärendeçilerden we býujet işgärlerinden, şol sanda mugallymlardan ýüpek gurçuklaryny idetmek indi ençeme ýyl bäri talap edilýärdi. Ýöne kärendeçiler we býujet işgärleri tut ýapraklarynyň ýetmezçiligi we döwlet satyn alyş nyrhlary zerarly özleriniň bu işden köplenç zyýan çekýändiklerini aýdýardylar.
Resmi maglumata görä, geçen ýyl Türkmenistan pile planyny 111,5 prosent ýerine ýetirip, 2 müň 262 tonnadan gowrak pile hasylyny aldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.