Harasat: "Türkmenabat heniz hem batgalyk we harabalyk ýeri ýatladýar"

Türkmenabat şäheri. 4-nji maý, 2020 ý.

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary ýerli häkimiýetleriň tebigy harasatyň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly heniz hem ýeterlik tagalla etmeýändigini aýdýarlar. Harasat gelenden we güýçli ýagyş ýaganyndan bäri 20 gün çemesi wagt geçen bolsa-da, şäher heniz hem batgalyk we harabalyk ýeri ýatladýar diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Degişli maglumat Syn: Türkmenistandaky netijesiz häkimiýet ilaty proteste itekleýär

"Adamlaryň öýlerinde, jaýlarynda, howlularynda we köçelerde ýygnanan suw topugyňa we dyzyňa çenli ýetýär. Bu suwdan esasan-da pes ýerlerde ýerleşen jaýlara we çig kerpiçden ýasalan hojalyk jaýlaryna zeper ýetdi" diýip, gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 18-nji maýda gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, "Üç punkt" etrapçasynda, demirýoluň töwereginde, "Kerpiçka" sebitlerinde ýerleşýän bu jaýlaryň käbir eýeleri häkimlige arz-şikaýat edenden soňra, ýygnanan suwlary aýyrmak üçin ýörite tehnika iberildi. Ýöne bu tehnikanyň meseläni doly çözüp bilmändigi aýdylýar.

"Bu tehnikalar diňe birnäçe gün gelip, käbir jaýlarda, howlularda we ýerzeminlerde ýygnanan suwlary çykardylar. Ýöne munuň bilen mesele çözülmedi. Jaýlaryň we howlularyň içi ýene-de suw bilen doldy. Sebäbi ýerasty suwlar ýokarlanýar. Häkimligiň iberen tehnikasy meseläni çözmedi. Şondan soň bu meseläni çözmek boýunça tagalla-da edilmedi. Käbir adamlar bolsa, jaýlaryndaky we howlularyndaky suwy köçä çykarmak üçin dizel nasoslaryny ulanýarlar. Köçeler hapa-hupa suwdan has-da dolýar" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenabatda harasatdan we ýagyndan soň, jaýlarda hem-de howlularda ýygnanan, ýaşyl reňkdäki heň bilen örtülen suw.

Habarçymyzyň redaksiýamyza iberen suratlarynda hojalyk jaýlaryň içinde hem-de howlularda üýşen ýagyn suwlarynyň batgalyga öwrülendigini we olaryň ýaşyl reňkdäki heň bilen örtülendigini görse bolýar. Azatlyk Radiosy howpsuzlyk aladalary sebäpli bu suratlary çap etmekden saklanýar.

"Häkimiýetler suwlary doly arassalamasa, mesele haýsydyr bir usul bilen çözülmese, bu ýagdaý has-da çylşyrymlaşar. Şeýle suwlaryň, batgalyklaryň golaýynda ýakymsyz yslar duýulýar. Onda suw süýrenijileriniň her görnüşi bar. Bu suwda kiçijik çagalar oýnaýarlar. Şeýle-de, bu ýerlerde köp çybyn we siňek hem bar. Günüň dowamynda siňekler azar berýär we agşam garaňkylanda çybynlar göni manyda gan sorup başlaýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Pandemiýa we harasat wagtynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň "ynsanperwer missiýasy"

Mundanam başga, ýerasty suwlaryň ýokary galmagy netijesinde topragyň ýumşandygy we munuň jaýlaryň aglabasynyň fundamentinde has köp jaýrygyň emele gelmegine sebäp bolandygy hem aýdylýar.

"Gurluşyk hünärmenleri munuň howpludygyny aýdýarlar. Şol sebäpli bu ýerdäki adamlaryň käbirleri çat açan jaýlary özleri ýykyp, täze jaý gurmaga mejbur bolýarlar. Bu döwürde olaryň käbiri dogan-garyndaşlarynyň ýanynda bir otagda, aglabasy bolsa suw basan jaýlarda, howlusynyň bir künjeginde ýaşaýar" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Bu aralykda, Azatlygyň Marydaky habarçylarynyň biri harasatdan ejir çeken käbir obalarda bejeriş we abatlaýyş işleriniň heniz hem geçirilmändigini aýdyp, oba ýaşaýjylarynyň elektriksiz kösenýändigini belledi.

“Marynyň Sakarçäge etrabynyň daşkyrak obalarynda, şeýle-de Baýramaly etrabynyň “Bahar” geňeşliginde tok heniz hem ýok. Tok diňleri ýykylyp ýatyr. Ol ýerde ýelden soň hiç hili bejeriş işlerini geçirmändirler” diýip, gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 18-nji maýda gürrüň berdi.

Habarçy indi bir aýa golaý wagt bäri bu sebitdäki jaýlaryň aglabasynyň üçeksizdigini aýdyp, welaýatda yzygiderli ýagýan ýagynlar sebäpli jaýlaryň köpüsine suw geçendigini hem belledi.

Degişli maglumat Stambuldaky türkmenler türkmen hökümetiniň heläkçilikli harasatyň pidalaryny kömeksiz galdyrmagyna protest bildirdiler

“Adamlar öýlerini öz aýlyk haklaryna bejerjek bolsa-da, aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler” diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosyna harasatyň netijeleri barada Lebap welaýat we Türkmenabat şäher häkimliklerinden hem-de Mary welaýat häkimliginden kommentariý almak başartmady.

Ýatlatsak, Lebap we Mary welaýatlaryna 27-nji aprelde gelen apy-tupanda jaýlara, olaryň üçeklerine ýiti zyýan ýetipdi. 4-nji maýda ýagan güýçli ýagynda bolsa, üçekleri opurylan jaýlaryň içi ýagyn suwlary bilen dolupdy. Bu harasatlardan soň sebitde suw, tok ýaly birinji derejeli zerur hyzmatlar doly ýola goýulmandy.

13-nji maýda türkmenabatlylaryň ýüzlerçesiniň proteste çykandygy habar berildi. Şonda olar elektrik üpjünçiliginiň ýokdugyny, kanalizasiýa ulgamlarynyň işlemeýändigini we bu sebäpli lagym suwlarynyň köçeleriň üstünde çaýkanyp durandygyny, ençeme gatly jaýlaryň ýerzeminlerini suwuň basandygyny aýdyp, nägilelik bildirdiler.

Türkmen häkimiýetleri Lebap we Mary sebitlerinde azyndan 35 adamyň ölümine sebäp bolan tebigy harasat barada häzirki güne çenli dymyşlygy saklamagyny dowam etdirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.