Koronawirus näsagyny hasaba almadyk Türkmenistan oňa garşy göreşýär

Illýustrasiýa suraty. BSG koronawirus pandemiýasynyň fonunda adamlaryň arasynda sosial aralygyň saklanmagyny maslahat berýän wagty, 7-nji aprelde 7 müň adamyň gatnaşdyrylmagynda Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda koronawirus keseli tassyk bolan hassanyň hasaba alynmandygyny gaýtalaýan wagty, ýurt içinden COVID-19 bilen bagly täze maglumatlar gelip gowuşýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri koronawirus bilen baglylykda Balkanabat şäheriniň ýapylandygyny; Köýtendag we Kerkiçi etraplarynda, Magdanly şäherinde ilatyň koronawirus saglyk barlaglarynyň güýçlendirilýändigini; ýaňy-ýakynda aşa beden gyzgynlygy sebäpli Daşoguzdan Aşgabada äkidilen iki raýatyň saglyk ýagdaýynyň kadalaşýandygyny hem-de olar bilen iltewli karantin astyna alnan 500 adamyň karantinden boşadylandygyny habar berýärler.

Balkan

18-nji maýda Azatlyk Radiosynyň ynamdar çeşmesi Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň koronawirus bilen baglylykda ýapylandygyny habar berdi. Munuň şertleri we jikme-jiklikleri mälim däl, ýöne çeşme bu düzgüniň birnäçe ýük ulag sürüjisinde COVID-19-yň anyklanmagynyň yzýany durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Martyň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň ynamdar çeşmeleri Balkan welaýatynyň Eýran bilen serhetleşýän Etrek etrabynda hem-de Balkanabat şäherinde koronawirus bilen näsaglan adamlaryň ýüze çykyp başlandygyny habar beripdiler.

Degişli maglumat Etrekde we Balkanabatda koronawirusyň ýüze çykandygy öňe sürülýär,  Saglyk ministrligi dymýar. Ýurt boýunça kesele garşy çäreler güýçlenýär

“COVID-19 Balkan welaýatynyň Etrek şäherine-de gelip ýetipdir. Şeýle hem, kesel wakasy Balkanabat şäherinde-de duş gelindi diýen gürrüňler bar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmesi mundan göni iki aý ozal 17-nji martda habar beripdi.

Türkmenistanda ilatyň welaýatlaryň arasyndaky hereketi 20-nji martdan bäri çäklendirilmeginde galýar.

15-nji maýda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow ýurtda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň tomusda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilmegini, Hazar deňzinde suwa düşülmegini çäklendirmek barada gelen netijesini prezidente hasabat berdi.

Daşoguz

16-njy maýda Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda (öňki ady Ýylanly) beden gyzgynlygy 40 gradusa ýeten iki raýatyň Aşgabadyň etegindäki Ýokanç keselleri hassahanasyna äkidilenden soň, häzirki wagtda olaryň saglyk ýagdaýynyň kadalaşýandygyny, olar bilen baglylykda Gurbansoltan eje etrabynda birnäçe ýüz adamyň ilki karantin astyna alnyp, häzirki wagtda olaryň karantinden boşadylandygyny habar berdi.

“Ýylanlyda (häzirki ady Gurbansoltan eje) beden gyzgynlygy 40 gradusa ýeten iki raýat [ilkibaşda ýerli] keselhana äkidilýär. Olaryň maşgala agzalaryndan, işdeşlerinden we tanyşlaryndan ybarat 500 çemesi raýat Ýylanlynyň etrap hassahanasynda karantin astyna alynýar. Gyzgyny ýokary bolan iki raýat soňra Aşgabadyň Ýokanç keselleri hassahanasyna äkidilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Aşgabatda ýogalýanlar köpelýär, COVID-19 hassalary Aşgabada alnyp barylýar

12-nji maýda habarçymyz aýyň başlarynda iki zenanyň Daşoguzdan Aşgabadyň Çoganlyda ýerleşýän Ýokanç keselleri hassahanasyna alnyp barlandygyny habar berdi. Azatlyk Radiosy olarda koronawirusyň tassyklanyp-tassyklanmandygyny Çoganlydaky Ýokanç keselleri merkezleriniň müdiriýetinden anyklap bilmedi.

“Olaryň beden gyzgynlygynyň sebäpleriniň ýönekeý iýmit zäherlenmesidigi, botulizmdigi anyklandy we olarda sowuklama alamatlary anyklandy. Häzir Ýylanlyda karantin astyna alnan adamlar öýlerine goýberilipdir. Aşgabada äkidilen iki raýatyň ýagdaýy gowulaşyp başlapdyr” diýip, şenbe güni habarçymyz maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Lebap

15-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri koronawirus ýokanjy bilen bagly ýurt boýunça ýekeje ýagdaýyň hem hasaba alynmandygyny gaýtalady.

Bu aralykda, ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda Lebap welaýatynyň käbir künjeklerinde koronawirus barlag testleri güýçlenýär.

“Köýtendag etrabynda, Magdanly şäherinde we Kerkiçi etrabynda raýatlar koronawirus barlagy, öýken barlagy ýaly saglyk barlaglaryndan geçirilýär” diýip, 16-njy maýda habarçymyz aýtdy.

Häzirki wagtda Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça müdiriýetiniň bilermenler toparynyň COVID-19 bilen bagly Türkmenistana sapar etmegine garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.