Maryda pagta ýagyny diňe nobata durup satyn alyp bolýar. Ilat azygyň ýany bilen satylýan harytlaryň hilinden şikaýat edýär

Türkmenistanda azyk satyn almak üçin döwlet dükanlarynyň biriniň öňünde nobata duran adamlar.

Mary welaýatynda azyk ö​nümleri gün-günden gymmatlaýar. Pagta ýagyny diňe nobata durup satyn alyp bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marynyň Baýramaly şäherinden habar berýär.

Degişli maglumat Aşgabatda ilata satylýan azygyň möçberi çäklendirilýär. Alyjylar geçmeýän harytlary satyn almaly bolýar

"Hiç ýerde pagta ýagy tapdyrmaýar. Ony diňe nobata durup, döwlet dükanyndan satyn alyp bolýar. Adamlar daňdan sagat 4-de nobat belläýär. "Ahal" ýagynyň 1 litri 13 manatdan, 1,5 litr gara pagta ýagy 10 manatdan satylýar. Adamlar onuň gapdaly bilen sok hem-de keks satyn almaga mejbur edilýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 14-nji maýda gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol nobata duran onlarça adamdan aglabasynyň azyk harytlarynyň ýany bilen satylýan önümleriň hilinden şikaýat edýändigini hem belledi.

Şol bir wagtda, ol ilatyň dükan satyjylaryna bu önümleriň hili barada edýän şikaýatlarynyň oňaýly netije bermeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Üstesine-de, habarçy dükan satyjylarynyň nobata duran adamlara paýyş sözler aýdyp, olara gödek çemeleşmegi bilen bagly wakalara hem duş gelse bolýandygyny belledi.

"Şu gün Baýramalydaky dükanlaryň birinde satyjy dükanyň daşyna çykyp, adamlary kemsidip başlady. Ol adamlara "Eý goýunlar, siz kadaly nobata durup bilýäňizmi?!" diýdi" diýip, habarçy aýtdy.

Döwlet dükanlarynda azyk gytçylygy ýitileşýän mahaly, olaryň hususyýetçilerdäki bahalary hem yzygiderli gymmatlaýar. Azatlygyň habarçysy käbir azyk önümleriniň bazarlardaky häzirki bahalary barada maglumat berdi:

  • 1 kilogram et 40 manatdan,
  • 1 litr günebakar ýagy 40 manatdan,
  • 1 kilogram şeker 12 manatdan,
  • 1 kilogram towuk budy 30 manatdan,
  • 1 sany çörek 6 manatdan,
  • 1 kilogram gazak uny 15 manatdan bahalanýar.

Munuň bilen bir wagtda, habarçy ilatyň öz zähmet, pensiýa, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklarynyň köpelmese, azalmaýandygyny aýdýar.

"Bankomatlar we terminallar kadaly işlemeýär. Adamlar köplenç ne zähmet haklaryny nagtlaşdyryp, ne-de ony nagt däl söwdada ulanyp bilýärler. Ilat aýdan-aýa zordan gününi görýär" diýip, habarçy belledi.

Degişli maglumat Berdimuhamedow Russiýa muzdsuz ýerli önüm iberýär

Bu aralykda, azyk gytçylygynyň Aşgabatdaky döwlet dükanlarynda hem saklanyp galýandygy we olaryň öňünde her gün 100-den gowrak adamyň nobata durýandygy barada "Türkmen.news" neşiri hem habar berýär.

"Paýtagtyň "Jennet" bazaryndaky üç we "Mir" bazaryndaky dört söwda nokadynda döwlet nyrhlary boýunça azyk önümleri satylýar. "Mir" bazarynda adamlaryň aglabasy daňdan sagat 5-den nobata durup başlaýar. "Jennet" bazarynda bolsa adamlar mundan hem ir, gijäň ýaryndan nobat belleýärler" diýlip, neşiriň 13-nji maýda çap eden habarynda aýdylýar.

Türkmenistanda indi üç ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň döwlet dükanlarynda azyk gytçylygy we munuň bilen bagly olaryň öňünde uly nobatlar saklanyp galýan bolsa-da, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu barada hiç zat aýtman gelýärler. Muňa derek, döwlet resmileri ýurtda öndürilýän önümleriň ýerli ilatdan artan böleginiň eksport edilmelidigi barada wagtal-wagtal çykyş edýärler.

Degişli maglumat Berdimuhamedow gowaça ekişiniň üstünlikli tamamlanandygyny diňledi. Lebapda harasatdan ejir çeken ekinlere mör-möjekler hüjüm edýär

Bu aralykda, ýurtda ekerançylygyň ösen sebitleriniň biri bolan Lebap welaýatyna gelen apy-tupandan we güýçli ýagyndan soň, lebaply kärendeçi daýhanlar döwlet tarapyndan ýeterlik hemaýat berilmese, bu ýyl hasylyň öňki ýyllardakydan hem juda pes boljakdygyny duýdurdylar.

Bu habarlaryň fonunda türkmen hökümeti 8-nji maýda iş maslahatyny geçirip, ýurtdaky azyk gytçylygyny, maliýe kynçylyklaryny, tebigy hadysalaryň ýetiren zyýanlaryny agzamadan we öňden gelýän ykdysady kynçylyklara, pandemiýa hem-de energiýa bahalarynyň aşak gaçmagyna garamazdan, ýylyň ilkinji dört aýynda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3% artandygyny yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.