Harasadyň adam ýitgileri: Maryda azyndan bäş adam öldi. Lebapda we Maryda heläk bolanlaryň jemi sany 35 adamdan aşdy

27-nji aprel, Türkmenabat. Harasatyň yzýany.

27-nji aprelde Maryda gopan harasatda azyndan bäş adam öldi, ondan köp hem bolmagy mümkin diýip, Azatlyk Radiosynyň golaýda Mary welaýatyna sapar eden aşgabatly habarçysy 13-nji maýda habar berdi.

Maryly habarçymyz Sakarçäge we Mary etraplarynda ýel turan wagty okuwdan öýlerine dolanyp barýan 7-8-nji klas okuwçylaryň arasynda ýeliň güýjüne ýykylan elektrik sütünleriniň aşagynda galyp aradan çykan çagalaryň bolandygyny habar berýär.

Üç hepde gowrak mundan ozal 27-nji aprelde Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turan harasadyň netijeleri haýal hem bolsa, gün geçdigiçe aýdyňlaşýar.

Adam pidalary

“Şol gün [Maryda] hassahanalara döwük-ýenjik bilen, el-aýagy döwlen hassalar köp bardy. Şol gün “Tiz kömek” çagyran gaty köp boldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy atlandyrylmazlyk şertinde habar berdi.

Soňky ölüm sanlary bilen Lebap we Mary welaýatynda harasatda heläk bolanlaryň jemi sany azyndan 35 adama ýetdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal Lebapda şol gün tebigy heläkçiligiň netijesinde 30 töweregi adamyň aradan çykandygyny habar berdiler.

Degişli maglumat Lebapdaky harasatda azyndan 30 adamyň ölendigi, pidalaryň köpüsiniň çagalardygy aýdylýar

Ýerli habarçymyz Mary welaýatynda turan tupan we onuň netijeleri barada maglumat berýär:

“Welaýatyň ençeme etrabynda we şäherlerinde 27-nji aprelde turan güýçli ýel ençeme öýleri, mekdepleri, ýollardaky elektrik sütünlerini, köp gatly jaýlaryň balkonlaryny ýykyp uly zyýan ýetirdi. Ýollarda duran awto ulaglaryň üstüne elektrik sütünleri ýykyldy. Käbir oba ýerlerinde adamlar ulaglaryny ýelden gorap olary “nawesleriň” (bassyrmalaryň-red.) aşagyna saldylar. Ýöne ulaglaryň üstüne “şifer” (üçek basyrgysy-red.), demir gaçyp awto ulaglary zaýalady” diýip, habarçy aýtdy.

Maryda ikindinara sagat 17:00 töwereklerinde turan güýçli ýel welaýatyň käbir mekdeplerinde ikinji smenada, öýlän okaýan okuwçylaryň öýe dolanýan wagtlaryna gabat gelýär.

“Okuwçy çagalary mekdepde saklamaga derek, olary ‘ýelden öňürti öýüňize gidiň’ diýip, mekdepden ugradýarlar. Olaryň köpüsi ýel gelende ýolda galdylar, käbirleri ýoluň ugrundaky dükanlara girip, ýel geçýänçä garaşdylar” diýip, habarçymyz aýtdy.

“Ýöne, gynansak-da, olaryň arasynda ýolda galyp aradan çykanlar boldy. Sakarçäge we Mary etraplarynda elektrik sütünleriniň aşagynda galyp 7-8-nji klas okuwçylar aradan çykdy” diýip, ol aýtdy.

Turkmen.news neşiri Mary şäheriniň Üçünji etrapçasynyň Magtymguly köçesiniň ugrunda mekdepden öýe dolanyp barýan 14 ýaşly okuwçy gyzyň, Bägül Ýapunowanyň, 27-nji aprel güni güýçli ýelde üstüne yşyklandyryş sütüni gaçyp pajygaly ýagdaýda wepat bolandygyny habar berdi.

Degişli maglumat Harasat: Kiprde ýaşaýan türkmenler protest geçirdi, häkimiýetler telekeçilerden pul soraýar

Türkmen metbugaty harasat, onuň netijeleri we adam pidalary barada maglumat bermeýär.

Dikeldiş işleri

Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatda harasatdan soňky dikeldiş işleriniň barşy barada habar berdi:

“Hökümet tarapyndan adamlara hiç hili kömek ýok diýseňem bolýar” diýip, bir ýaşaýjy atlandyrylmazlyk şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, eger-de harasatdan ejir çeken maşgalada birden-biri hökümete degişli edaralarda işleýän bolsa olara döwlet tarapyndan kömek berilmeýär, olar öz aýlyklarynyň hasabyna bejeriş işlerini geçirmeli, işlemeýän hojalyklara azyndan 10-15 “şifer” berýärler, galanlaryny özleri satyn almaly bolýarlar.

Hökümetiň berýän 10-15 şiferiniň agyr tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara nä derejede goltgy bolýandygy nämälimliginde galýar.

“Bu günler bolsa bazarlarda “şifer” ýok, hemme “şiferleriň” Lebap welaýatyna ugradylýandygy aýdylýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Ol Baýramaly etrabynyň şu güne çenli heniz hem elektrik togy bilen üpjün edilmeýändigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri harasat we onuň netijeleri barada dymyşlygy saklaýan mahaly, ejir çekenlere berilýändigi aýdylýan basyrgy kömekleriniň resmi derejede tassyklanmaýan wagty, Azatlygyň habarçysy “organ işgärleriniň” ejir çeken maşgalalara aýlanyp, olaryň arz-şikaýatlarynyň “ýokdugy” barada dil hat alýandyklaryny, “halkyň, [hamala], bolelin durmuşda ýaşaýandygy” barada ilat arasynda söhbetdeşlik geçirýändiklerini habar berdi.

“Emma hakykatda adamlar iýjegini zordan tapýarlar” diýip, habarçy maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri harasady we ejir çekenlere döwletiň hemaýatyny resmi derejede tassyklamakdan geçen, zyýan çekenler üçin ilat arasynda özbaşdak guramalaşdyrylýan ýardamlaryň öňüni baglap, raýat raýdaşlygyny basyp ýatyrýar.

Degişli maglumat Harasat: Polisiýa maliýe kömegini paýlatmaýar, telefonlary barlaýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.