Aşgabatda dürli reňkdäki awtoulaglary saklap, sürüjilerden ulaglaryny ak reňke boýamak talaby gaýtadan güýçlendi. Türkmenistanda BMW we Mercedes-Benz awtoulaglaryny sürmegi gadagan etmek barada döwlet resmileri derejesinde maslahat edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurt içinden habar berýärler.
Degişli maglumat Türkmenistanda gara we garamtyl reňkli ulaglar boýunça hereket gadagançylygy has-da güýjeýär"Aşgabat şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) tarapyndan gyzyl we gök reňkdäki awtoulaglary saklamak çäreleri ýene güýçlendi. Ýol polisiýasy ulagy saklan dessine raýatlaryň sürüjilik şahadatnamasyny we awtoulagyň tehniki taýdan guratlygy hakyndaky resminamasyny alýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 13-nji maýda gürrüň berdi.
Aýdylmagyna görä, şondan soň sürüji we onuň ulagy, polisiýanyň gözegçiligi astynda, Çoganlydaky "jerime duralgasyna" alnyp gidilýär.
"Bu ýerde awtoulagyňy diňe bir talaby berjaý edeniňden soň alyp bolýar. Bu talaba laýyklykda, awtoulag eýesi ulagyň reňkini öz islegi bilen ak reňke boýamak isleýändigi barada arza ýazmaly. Şondan soň ulagy ewakuator tehnikasynyň kömegi bilen, awtoulaglary reňkleýän merkeze alyp gidip bolýar" diýip, habarçy belledi.
Awtoulag ak reňke boýalandan soňra, PÝGG-niň Çoganlydaky edarasynda ulagyň reňk barlagy geçirilýär. Şondan soň onuň tehniki taýdan guratlygy hakyndaky resminamasynda awtoulagyň reňkiniň "akdygy" barada täze bellik edilýär.
"Diňe şondan soň ulagy we resminamalary alyp bolýar" diýip, şeýle ýagdaýy başdan geçiren sürüjileriň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy nygtady.
Şu günler Türkmenistanda dürli reňkdäki awtoulag eýeleri bilen bir hatarda, BMW we Mercedes-Benz ulaglaryny sürýän raýatlar hem aladaly pursatlary başdan geçirýärler.
Degişli maglumat Aşgabat - ak ulagly ak şäherAzatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz birnäçe habarçysynyň aýtmagyna görä, käbir welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň ençemesine ýurtda Germaniýada öndürilen bu awtoulaglary sürmegiň gadagan edilmeginiň mümkindigi barada duýduryş berildi. Aşgabatda bolsa, bu mesele döwlet resmileri derejesinde maslahat edilýär.
"Häzirki wagt welaýatlarda BMW we Mercedes-Benz ulaglaryny sürýän raýatlaryň köpüsi aladaly ýagdaýda, näme etjeklerini bilmän, oýa çümýärler. Eger bu gadagançylyk güýje girizilse, köp raýatlar uly zyýan çekerler. Häzirki wagt bu habary eşiden aşgabatly dostlarym hem aladaly halda" diýip, gizlinlik şertinde maglumat beren habarçylarymyzyň biri 13-nji maýda gürrüň berdi.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri bolsa, gürrüňi edilýän bu gadagançylyk barada Mercedes-Benz ulagynyň bir eýesi bilen söhbetdeş bolandygyny we onuň bu barada hiç zat eşitmändigini aýtdy.
Ýöne paýtagtyň polisiýa bölümindäki çeşmeler bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň beýleki bir habarçysy olaryň bu gadagançylyk barada maslahatlaryň geçirilýändigini tassyklandygyny belledi.
Aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli edaralaryň käbir işgäri bu gadagançylygy güyje girizmek üçin esasy sebäp hökmünde "nemes awtoulaglarynyň tizliginiň çendenaşa ýokary bolmagyny we olaryň sürüjileriniň ýol polisiýasyna tutdyrmazlygyny" delil görkezýärler.
"Hamana köçe-ýol hereketinde bidüzgünçiliklere ýol berlende, bu ulaglary tutmagyň we olara degişli jerimäni bermegiň kyndygy barada ýol polisiýasy ýurduň Içeri işler ministrligine şikaýat edipdir" diýip, habarçy aýtdy.
Degişli maglumat Aşgabatda aýallaryň eýeçiligindäki ulaglaryň guratlyk hatynyň möhleti uzaldylmaýarÝöne ýerli synçylaryň ençemesi türkmen häkimiýetleriniň ilat arasynda "owadan nomerler" hasaplanýan döwlet belgilerini, reňki ak bolmadyk ulaglary gadagan etmek ýaly çäklendirmelerine ünsi çekip, munuň ähli raýatlary birmeňzeş ulaglary sürmäge mejbur etmek arkaly, hususy awtoulaglara degişli nobatdaky gadagançylyk bolup biljekdigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň polisiýa bölümlerinden kommentariý alyp bilmedi.
Soňky 10 ýyl çemesi wagtyň dowamynda Türkmenistanda raýatlaryň hususy awtoulaglary bilen bagly onlarça çäklendirme we gadagançylyk girizildi. Bu çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň käbiri ýörite görkezme esasynda güýje girizilen bolsa, aglabasy dil üsti bilen talap edildi.
Şu ýylyň mart aýynyň ortalarynda Aşgabadyň ýol polisiýasy sürüjilerden ulaglaryň zawoddan çykarylanda goýlan "diod lampaly" çyralaryny öçürmegi ýa-da düýbünden aýyrmagy talap edýändigi mälim boldy.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ilatyň hususy awtoulaglaryna degişli girizilýän gadagançylyklar barada aç-açan çykyş etmeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda-da mesele gozgalmaýar, hatda ýurtda bolýan köçe-ýol hadysalaryndaky adam ýitgileri hakynda hem habar berilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.