Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanda ol aýaly soňky ýoluna ugratdylar, onuň ölüminde adamsyna şübhe bildirilýär. Ölmezinden sähel wagt öň ol adamsynyň üstünden polisiýa arza ýazypdyr. Adamsyny bolsa «profilaktiki gürrüň» geçirilenden soň azatlyga goýberipdirler. Ynsan hukugyny goraýjylar maşgala şertlerindäki kanunçylygy güýçlendirmeli diýýärler. Munuň bilen hemmeler ylalaşmaýar.
«AÝALYNY BIR AÝLAP YZARLADY, GORKUZDY»
37ýaşly Nadežda Belous iki çagasy bilen paýtagtyň köne merkezinde sowet döwründe gurlan bäş gatly panel jaýda ýaşaýardy. Dördünji hem üçünji gatlaryň aralygyndaky basgançagyň diwarynda şindizem gan yzy garalyp dur. Şu ýerde 28-nji aprelde öýlänler Nataliýa öz aýal dogany Nadeždanyň hereketsiz ýatandygyny görüpdi.
— Men kwartiradan çykanymda, kimdir biriniň aşaklygyna ylgap barýan sesini eşitdim, soňra Nadeždanyň basgançakda hiç bir hereketsiz ýatandygyny gördüm. Tä onuň teninden akýan gany görýänçäm, näme bolup geçendigine düşünmedim. Ol onuň arkasyndan topulyp, ýedi gezek pyçaklapdyr – diýip, Nataliýa Ýegorowa şol hasratly güni ýatlaýar.
Nadežda şol hüjümden bir ýarym sagat geçensoň, keselhanada, operasiýa stolunyň üstünde jan beripdir. Bu ölümde onuň adamsyna şübhe bildirilýär.
Nataliýanyň sözüne görä, Rostislaw hem Nadežda 2017-nji ýylda durmuş gurupdyrlar. Olardan bir gyz dünýä inipdir. Nadeždanyň ilkinji nikasyndan hem 8 ýaşly ogly bar. Olaryň maşgala durmuşy owal başdan ýola düşmändir, Nadežda adamsynyň urýandygyndan şikaýat edip gelipdir. Üç aý mundan öň Nadežda adamsyndan aýrylyşmaga arza bermek isläpdir, sebäbi soňky ýylda olar bilelikde ýaşaşmandyrlar.
Nur-Sultanyň polisiýa departamentiniň metbugat-gullugynyň maglumatyna görä, heläkçilikden bir gün öň, ýagny 27-nji aprelde Nadežda adamsynyň üstünden arza berip, öz sözüne görä, onuň goh-dawa edýändigini aýdypdyr.
«Kanuny bozujy saklandy hem polisiýa bölümine getirildi. Oňa garşy administratiw kodeksiň 434-nji maddasy boýunça («Ownuk huligançylyk»— Red.)administratiw çäre görüldi. Dörän dawa fakty barada Belous N-nyň hukugyny goramak maksady bilen Belous R. garşy gorag tabşyrygy berildi. Profilaktiki gürrüň geçirilenden soň, ol goýberildi»diýlip,polisiýanyň maglumatynda görkezilýär.
Ýöne ertesi güni, ýagny onuň işiniň sudda serediljek güni metbugat-gullugynyň maglumatyna görä, ýerli uçastka bölüminiň inspektoryna Nadežda Belousdan «äriniň garşysyna hiç bir çäre görmezligi sorandygy, sebäbi häzirki wagtda oňa garşy hiç bir şikaýatynyň ýokdugy, aralaryndaky dawanyň doly çözülendigi we ýaraşandyklary»barada jaň gelipdir.
Bu maglumata Nadeždanyň aýal doganynyň aşa gahary gelýär hem-de onuň öz arzasyny yzyna almandygyny, uçastka bölümine-de jaň etmändigini aýdýar.
Merhumyň dogany Nataliýa şeýle hem Internet ulanyjylaryň bu ölüm baradaky ýazýan kommentariýalaryna-da haýran galýar.
— Onuň özi günäkär diýip ýazýarlar. Hamana, olar oturyp bilelikde içipdirler, soňra-da şeýle bolupdyr. Muny aýtmaga adamlaryň neneň dilleri öwrülýär? Ol çagalaryny eklejek bolup, süýt kompaniýasynda işledi. Adamsy bolsa aýalyny bir aýlap yzarlady, gorkuzdy, haýbat atyp ondan pul aldy. Ertirden agşama çenli aýalyny yzarlap gezdi. Doganymy öz gününe goýmagy üçin, men oňa pul hem teklip etdim. Men onuň üçin iň ýokary jezanyň berilmegini talap edýän – diýip, Nataliýa tolgunyp aýdýar.
Nadeždany 1-nji maýda paýtagtyň köne gonamçylygynda jaýladylar. Onuň ogly hem gyzy Nataliýanyň ýanynda galdy.
JEZA ÇÄRESINI NÄHILI ÝEŇILLEŞDIRDILER WE NÄHILI ÝEŇILLEŞDIRÝÄRLER
2017-nji ýylda«Urmak»hem«Saglyga bilkastdan ýeňil şikes ýetirmek»maddalaryny jenaýat kodeksinden aýryp, administratiw kanun bozmalar kodeksine geçirdiler.
2019-njy ýylyň dekabrynda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewkanun aktlaryna üýtgeşmeler hem goşmaçalar paketine gol çekdi. Ol ýerde adam hukuklaryny güýçlendirmek, jenaýat-prosessual kanunalaýyklygy kämilleşdirmek ýaly meseleler bilen birlikde durmuşdaky zorluga görülmeli jeza meselesi hakda-da punkt bardy. Şol düzedişe laýyklykda, maşgala-durmuş gatnaşyklarynda kanuny bozujy hem jebir çeken tarap duýduryş bilen ol meseläni tamamlap bolar diýilýärdi. Hukuk goraýjylar hem adwokatlar bu üýtgeşmäni berk tankyt etdiler, olar hökümetleriň zorluk edýäne garşy jeza çäresini güýçlendirmäge derek, eýsem ýumşadylýandygyny aýtdylar. IIM bolsa öňki jerimä derek, duýduryş ulanmagyň ýerliklidigini öňe sürdi, hamana, jerime salynsa ýene maşgala býujetiniň zyýan çekýändigini tutaryk edindiler.
Mart aýynyň başynda «Durmuş-maşgala şertlerindäki zorluga garşy hereket»diýen kanun proýekti Gazagystanyň parlamentine gowşuryldy.
49 maddadan ybarat bolan ol proýekti häzir işçi topary maslahatlaşýar, eýýäm dört maslahatdan geçen ol proýektiň birnäçe aýa çekmegi mümkin. Maslahatçy topara hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri hem gatnaşýar. Graždan aktiwistleri proýektde görkezilýän «maşgala agzalary»diýlen düşünjä ünsi çekýärler. Proýektiň 1-nji maddasynda: «Maşgala agzalary – nikada durýanlar, maşgala-durmuş şertlerinde özünden bolan ýa-da ogullyga/gyzlyga alnanlar, ýa-da terbiýelemek üçin alnanlar we beýleki görnüşdäki öňki maşgalasyndan galanlar we olaryň maşgala agzalary»diýlip görkezilse-de, bu ýerde «öňki adamsy»ýok.
Aýallara garşy zorluk problemasyny ýokary göteren hem «НеМолчи.KZ» jemgyýetçilik guramasyny döreden Dina Smailowa täze kanun proýektinde maşgaladaky zorluga kriminal çäre hökmünde garalmaýandygyna närazylygyny bildirýär.
— Kanun erkeklere garşy jeza çäresini ýeňilleşdirýär. Umumylykda alnanda, durmuşdaky zorluklar baradaky kanun dekriminallaşdyrylan, ýagny kriminal däl hasaplanýar. Jebir çekeniň adamsy we öňki adamsy diňe administratiw jogapkärçilige çekilýär. Eger ol maşgala agzasynyň hatarynda durmaýan bolsa, ony diňe jenaýat kodeksiniň «Huliganlyk»maddasy bilen günäläp bolýar – diýip, Dina Smailowa düşündirýär.
BIR AÝDA 12MÜŇ ARZA
Hökümete degişli bolmadyk«НеМолчиKZ» guramasy golaýda sosial ulgamlardan jemlenen 10 müňden gowrak goly toplaýan petisiýany çap etdi. Ol petisiýada ýurtda her günde bir aýalyň maşgala zorlugyndan ölýändigi, dördüsiniň zorlanýandygy, iki adamyň dörän agyr şert sebäpli ölýändigi, bäşisiniň öz janyna kast etmäge synanyşýandygy aýdylýar. Her aýda 9 aýalyň özüni öldürmäge ýetirilýändigi, 18 aýalyň bolsa haýbata duçar bolýandygy görkezilýär.
Dina Smailowanyň sözüne görä, Gazagystanda aýallaryň 70%-i durmuşyndaky zorlukdan arz edýär. Olar öňki adamsyndan ýa-da bile ýaşaşýanlaryndan ejir çekýärler. Meselem, geçen mart aýynda tutuş ýurt boýunça 12 müňden gowrak aýal zorluk sebäpli arza beripdir.
— Ýöne ähli iş suda ýetip duranok, diňe jemgyýetde uly seslenme döreden işler suda barýar. Şonuň üçinem aýallar derňew çäreleri bilen bagly dowzahyň ähli synagyndan geçende, ol sütem edeniň diňe 15 gije-gündizlik tussaga alynjakdygyny bilýärler. Şonuň üçinem, meniň pikirimçe, durmuşdaky zorlugy kriminal hasap etmek gerek – diýip, Dina Smailowa aýdýar.
«Durmuş-maşgala şertlerindäki zorluga garşy hereket»diýen kanun proýektini öňe süren deputat Irina Unžakowa beýle çözgüde garşy çykýar. Onuň pikiriçe birini azatlykdan mahrum etmek, oňa garşy ýowuz çäre görmek adamy düzedip bilmez, gaýtam onuň ýowuzlygyny artdyrar.
— Men durmuş krizisini kriminallaşdyrmak ideýasynyň tarapynda däl. Sebäbi biz dünýä tejribesine seredip, onuň nähili netije berjegini kesgitlemeli. Bir zady bellemek gerek, bütin dünýä kanun aktlaryny gumanlaşdyrýar, jeza çäresine – adamy türmede oturtmaga derek, alternatiw çözgütleri gözleýärler. Munuň özi adam kriminal topara düşende, onuň düzelmän, eýsem ýowuzlaşýandygyny aňladýar. Biziň öňe sürýän kanun proýektimiz birnäçe netijelerden ybarat, owaly bilen – bu maşgalany goramak. Ikinjisi, jogapkärçilige çekilenler barada profilaktiki çäreleriň ähmiýetini ýokarlandyrmak – diýip, deputat I. Unžakowa aýdýar.
Human Rights Watch (HRW)guramasynyň şu ýylky maglumatynda Gazagystandaky durmuş şertindäki zorluga garşy kanun«jerime tölemäge mümkinçilik berýär hem zorlugy ýene dowam etdirýär»diýilýär. Durmuş şertlerinde zorluga duçar bolan aýallaryň kanun hukugynyň bolmazlygy Gazagystanyň adam hukuklary baradaky öz üstüne alan borçlaryny bozýar diýip, HRWbelleýär.
Gazagystanyň ynsan hukuklaryny goraýjylary-da durmuş şertlerindäki zorluga jenaýat işi hökmünde garalmalydygyny öňe sürýärler. Ýöne mundan üç ýyl öň birini urmagy dekriminallaşdyran hökümet beýle çagyryşy ünssiz galdyrýar.
Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.