Türkmenistanyň owgan halkyna, şol sanda etniki türkmenlere iberen ynsanperwer kömegini "Talybanyň" ele geçirmegi

Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda Türkmenistanyň hökümetiniň Owganystanda etniki türmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Farýab welaýatyna iberen ynsanperwer kömegini "Talybanyň" ele geçirmegi hem-de Lebapda turan harasat barada türkmen metbugatynyň dymyşlygy barada gürrüň edilýär.

30-njy aprelde Türkmenistanyň hökümeti Remezan aýy mynasybetli goňşy Owganystanyň Farýab welaýatynyň halkyna ynsanperwer ýardam iberýändigini mälim etdi. Onuň yzýany, 2-nji maýda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) owgan halkyna iberilen ýüküň Owganystana ýetirilendigini habar berdi.

7-nji maýda Owganystanda hereket edýän “Talyban” jeňçileri Türkmenistanyň owgan halkyna, şol sanda etniki türkmenlere iberen ynsanperwer kömegini ele geçirdi.

8-nji maýda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi Farýab welaýatynyň häkimi Nakybullah Faýykyň kömek üçin Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hoşallyk hatyny çap etdi.

Aslynda nämeler boldy? Iberilen ýardamlar ýerine gowuşdymy? Bu günki gepleşigimizde ynha şu soraglara Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady jogap berýär.

Şeýle-de, gepleşigimiziň ikinji bölüminde Lebapda turan harasat barada Türkmenistanyň döwlet metbugatyndaky dymyşlyga ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally syn berýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň owgan halkyna, şol sanda etniki türkmenlere iberen ynsanperwer kömegini "Talybanyň" ele geçirmegi