Türkmenabada ýene ýagyn geldi, jaýlary suw aldy, HRW beýanat ýaýratdy (WIDEO)

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenabatda üçeksiz jaýlaryň içine ýagyş ýagýar

  • Duşenbe güni Lebap welaýatyna ýene güýçli ýagyn gelip, bir hepde ozalky harasatdan doly dikelmedik regionyň ýaşaýjylary täze, goşmaça kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular.
  • Lebap welaýatynda harasatdan ejir çeken ilat weýrançylygyň netijeleri bilen öz serişdeleriniň hasabyna göreşmegini dowam etdirýän pursady, howpsuzlyk gulluklary Internetde surat, wideo ýerleşdiren raýatlara basyş edýärler.
  • Türkmenabat şäherinde azyk harytlarynyň gytçylygy barha ýitileşip, bahalar hem günsaýyn gymmatlaýar.
  • “Human Rights Watch” guramasy türkmen häkimiýetleriniň ýurduň gündogar sebitlerine gelen weýrançylykly apy-tupan we onuň netijeleri barada häzirki güne çenli dymyşlygy saklaýandygyna ünsi çekip beýanat ýaýratdy.
  • Daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleri türkmen häkimiýetleriniň tebigy harasatdan ejir çekenlere bada-bat hemaýat berip başlamalydygyny talap edip, change.org websaýtynda çagyryş çap etdiler.

4-nji maýda Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýene-de güýçli ýagyş ýagdy. Mundan bir hepde ozalky weýrançylykly apy-tupanyň netijelerinden doly dikelmedik ilat nobatdaky kynçylyklara duçar boldy.

Azatlyga gelip gowşan wideolarda duşenbe güni ýüze çykan harasatyň güýjüne hatardan çykan ýollary, köki bilen goparylan äpet agaçlary, sandan çykan elektrik diňlerini, ýere gaçan üçekleri, şeýle-de köçelerde çaýkanyp duran ýagyş suwlaryny görmek bolýar.

Degişli maglumat Lebapdaky harasat: Ýene ýagyn geldi, azyk gytçylygy ýitileşdi, häkimiýetler ‘hemaýat bermeýär’

Azatlykda bu ýagdaýlary aç-açan görkezýän birnäçe wideo bolsa-da, türkmen howpsuzlyk güýçleriniň Internetde harasatyň netijeleri barada ýazgylary paýlaşan adamlara basyş görkezip başlandygy sebäpli, ýazgylary ugradan adamlaryň şahsyýetini aýan edip biljek wideodyr suratlary çap etmekden saklanýarys.

Azatlygyň ýerli habarçylary 4-nji maýdaky we 27-nji apreldäki harasatlaryň netijesinde üçeklerini ýeliň goparan ýaşaýyş jaýlarynyň içine ýagyş suwunyň girendigini gürrüň berdiler.

Azatlyga ugradylan bir wideoda Türkmenabatda ýagynyň ertesi güni, ýagny 5-nji maýda adamlaryň öýlerinde ýygnanan ýagyş suwlaryny jamdyr bedreler bilen çykarýandygyny synlamak bolýar.

“Jaýlaryň içi bilen birlike, şäheriň tas ähli köçelerini hem ýene suw basdy. Zeýkeş kanallarynyň ýoklugy we ýörite nasoslaryň işledilmändigi sebäpli, ýagyşyň suwy ýygnanyp, köçelerde çaýkanyp dur. Şäherde käbir ençeme gatly jaýlar hem çökdi” diýip, Azatlygyň habarçysy 5-nji maýda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Urnaň üstüne durna: Pandemiýa, gytçylyk, harasat, resmi dymyşlyk we aktiwistleriň kabul eden Ýüzlenmesi

Bellemeli ýeri, mundan bir hepde ozalky adam pidaly harasatda hem bolşy ýaly, Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy bu weýrançylykly tupan barada hem kelam agyz söz aýtmadylar. Ejir çeken ilat häkimiýetlerden harasatyň netijeleri bilen göreşmek üçin häzirki güne çenli hem hemaýatyň ýokdugyny aýdýarlar.

Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, häkimiýetler ilatyň weýran bolan jaýlaryny dikeldip bilmegi üçin gurluşyk serişdeleriniň getiriljekdigini aýtsalar-da, bulary adamlaryň özleriniň satyn almaly boljakdyklaryny hem duýdurdylar.

Şol bir wagtda, Türkmenabatda onsuz hem gytçylyga öwrülen azyk harytlaryny tapmak has hem kynlaşdy, olaryň bahalary-da barha gymmatlaýar.

Azatlygyň Türkmenabatdaky çeşmesi döwlet dükanlarynda zerur harytlaryň tapdyrmaýandygyny aýdyp, häzir bazarlarda çöregiň bahasynyň 10 manada, 2 litrlik ýagyň bahasynyň 80 manada we 1 kilogram unuň bahasynyň 10 manada ýetendigini habar berdi.

5-nji maýda Azatlygyň habarçysy soňky öwsen güýçli ýelde Türkmenabatdaky dermanhanalaryň birinde aýnalaryň döwlendigini, onuň içindäki zatlaryň bolsa ogurlanandygyny habar berdi.

Türkmen hökümeti adam pidalaryna getiren weýrançylykly harasat barada resmi gynanç bildirip, beýanat ýaýratmady we ejir çekenlere berilýän hemaýatlar barada-da resmi maglumat ýok.

Bu aralykda, halkara hukuk toparlary türkmen häkimiýetleriniň heläkçilikli apy-tupan barada häzirki güne çenli dymyşlygy saklap gelýändigine üns çekýärler. Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy 4-nji maýda beýanat ýaýradyp, Türkmenistanda azat medianyň ýokdugyny belläp, häkimiýetleriň Lebap we Mary welaýatyna gelen heläkçilikli apy-tupan barada maglumatlaryň syzyp çykmagynyň öňüni almaga hem synanyşýandyklaryny nygtaýar.

Degişli maglumat Lebapdaky harasatda azyndan 30 adamyň ölendigi, pidalaryň köpüsiniň çagalardygy aýdylýar

Gurama türkmen häkimiýetleriniň sebitlerden gelýän maglumatlary çäklendirmek ugrundaky synanyşyklarynyň netijesinde, heläkçiligiň asyl gerimini kesgitlemegiň hem kynlaşandygyny belleýär.

Azatlygyň çeşmeleri weýrançylyklar bilen bir hatarda, apy-tupanda azyndan 30 adamyň heläk bolandygyny, olaryň köpüsiniň çagalardygyny hem aýdýarlar.

“Human Rights Watch” guramasy türkmen häkimiýetleriniň öz sebitlerinde bolup geçýän ýagdaýlary wideo alýan adamlary awlamak bilen meşgullanmaly däldigini, häzirki pursatda ejir çekýän adamlara bada-bat hemaýat bermelidigini belleýär.

Bu aralykda, daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleri we oppozisiýa toparlary türkmen häkimiýetleriniň tebigy harasatdan ejir çekenlere hemaýat berip başlamalydygyny talap edip, Change.org websaýtynda petisiýa çap etdiler.

Howa maglumatyna gözegçilik edýän Meteožurnal internet neşiriniň maglumatyna görä, bir gije-gündiziň dowamynda Türkmenabada 48 mm ýagyn ýagyp, bu ýyllyk normanyň 35.6%-ine deňdir.