Türkmenistan BSG-niň bilermenlerini COVID-19 ýagdaýyny öwrenmek üçin ýurda goýbermeýär

illýustrasiýa suraty

Türkmenistan BSG-niň COVID-19 bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin barjak bolýan missiýasyny ýurda goýbermeýär. Muňa garamazdan, türkmen ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýan hem bolsalar, kesele garşy halkara tagallalaryny jebisleşdirmek ýaly inisiatiwalary bilen çykyş edýärler.

BSG-niň Ýewropadaky regional edarasynda Azatlyk Radiosyna aýdylyşyna görä, gurama Türkmenistana barmak üçin türkmen ýolbaşçylaryndan henizem çakylyk alyp bilmändir. Bu barada Azatlyga guramanyň metbugat gullugynyň wekili Stefanie Brikman aýtdy.

"Missiýa häzirki wagtda Täjigistanda. Planlaryň ilkinji tapgyrynda biz missiýanyň Täjigistandaky işini soňlap Türkmenistana barmagyny umyt edipdik. Biz henizem logistikany ýeňletmegiň prosesinde, ol häzirki wagtda çylşyrymly eken" diýip, Stefanie Brikman 4-nji maýda Azatlyga aýtdy.

Onuň sözlerine görä, BSG-niň wekilleri häzir türkmen tarapyndan çakylyk almaga synanyşýarlar we Türkmenistan bilen gepleşik geçirýärler.

BSG-niň Ýewropadaky regional býurosynyň müdiri Hans Klýuge guramanyň missiýasynyň Türkmenistanda we Täjigistanda COVID-19 bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin sapara taýýarlanýandygyny 23-nji aprelde yglan edipdi, häzir bu missiýa Täjigistana sapar edýär.

Degişli maglumat Karantindäki hassalar nirede? Türkmenistan BSG missiýasynyň saparyna taýýarlanýar

Türkmenistan halkara bilermenleriniň sapar etjegi baradaky habara BSG-niň we BMG-niň beýleki edaralary bilen gepleşiklerini aktiwleşdirmek hem-de ýokanç keseller hassahanalaryny näsaglardan boşatmak bilen reaksiýa görkezdi. Ýüzlerçe adamyň saklanan karantin zonalary, şeýle-de keselhanalaryň ýokanç keseller bölümleri birden boşap galdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BSG-niň Ýewropadaky regional býurosynyň müdiri jenap Klýuge bilen onlaýn duşuşyk gurady. Türkmen metbugaty gepleşikde koronawirus pandemiýasynyň maslahat edilendigini habar etdi, emma jikme-jik maglumat bermedi.

BSG-niň Türkmenistanda koronawirus bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin ýurda barmakda kynçylyk çekýändigini garaşsyz Gündogar informasion portaly hem habar berýär.

Bu iş üçin zerur şertleriň birine görä, BSG-niň kömegine gyzyklanmasy bolan ýerli hökümetiň çakylygynyň zerur bolup durýandygy maglumatda bellenýär.

"Täjigistandan BSG-ä şeýle çakylyk geldi, Türkmenistan bilen bolsa, adatdakysy ýaly, ylalaşyp bolmaýar" diýip, BMG-niň Aşgabatdaky edaralarynyň biriniň wekili Gündogara aýdypdyr.

Türkmenistan öz territiriýasynda COVID-19 düýpden ýokdugyny aýdýan sanlyja dünýä ýurtlarynyň biridir. Üstesine, türkmen hökümeti öz ilatyna koronawirus barada geplemegi gadagan edýär, şol sanda mekdep okuwçylaryna saglygyndan şikaýat etmäge rugsat berilmeýär.

Bu ýagdaýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz tejribelerini dünýä bilen paýlaşmaga-da taýýardygyny aýdýar. Ol muny 22-nji aprelde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterişe mälim etdi.

4-nji maýda Türkmenistan Goşulmazlyk hereketi halkara guramasynyň onlaýn sammitinde COVID-19 keseline garşy göreşde halkara tagallalaryny jebisleşdirmäge çagyrdy.

Şeýle-de, Türkmen döwlet habarlar gullugy şonda prezident Berdimuhamedowyň "sammitiň gatnaşyjylaryny pandemiýa şertlerinde migrantlara, bosgunlara we ilatyň ejiz gatlaklaryna ynsanperwer kömegini ýaýbaňlandyrmaga ündändigini habar berdi.

Degişli maglumat Gündogar Türkmenistan harasatdan ejir çekýän wagty merkezi hökümet dymyşlygy saklaýar

Türkmenistanyň prezidentiniň bu çykyşy öz raýatlaryň ýurduň içinde we daşynda dürli kynçylyklary başdan geçirýän we hökümetiň kömegini alyp bilmeýän döwrüne gabat geldi.

Türkmenistanyň ilat köpçüligine häzir esasy medisina kömegi, derman we medisina serişdeleri, azyk önümleri elýeterli däl. Ilat ýurtdaky ykdysady kynçylyklar hem-de maliýe çäklendirmeleri zerarly bank kartlaryndaky öz gazanjyndan kadaly peýdalanyp bilmeýär. Üstesine, azyndan ýüzlerçe türkmenistanly serhetleriň ýapylmagy zerarly ýurduň daşynda, çykgynsyz ýagdaýda galýar we türkmen häkimiýetleriniň kömek bermekden ýüz öwürýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň öz raýatlaryny koronawirus keselinden we onuň öňüni almak boýunça görülýän çäreleriň netijelerinden goramak üçin edýän işleri we ilata kömek bermekden ýüz öwürmeginiň sebäpleri barada resmi maglumat almak boýunça eden köpsanly synanyşyklary netije bermedi. Türkmen resmileri dürli bahanalar bilen gepleşmekden boýun gaçyrdy.

Degişli maglumat Türkmenistan ýurtda COVID-19 ýok diýýär we öz tejribesini paýlaşmak isleýär, ilat zor bilen karantine salynýar

Türkmenistan ýaly koronawirusy uzak waglap boýun almadyk Täjigistan ilkinji kesellänlerini hasaba alandygyny 30-njy aprelde yglan etmeginden soň, Türkmenistan Merkezi Azýa we postsowet regionlarynda COVID keseliniň ýokdugyny aýdýan ýeke-täk ýurt bolup galdy.

5-nji maýda Täjigistanda kesellänleriň sany eýýäm 230 adama ýetdi.

Bu aralykda täjigistanly aktiwistler BSG-niň ýurtdaky wekilini wezipesinden çekilmäge çagyrdylar we ony täjik hökümetiniň hakyky ýagdaýy ýaşyrmagyny goldamakda aýypladylar.

BSG-niň Täjigistandaky hemişelik wekili Galina Perfilýewa 4-nji maýda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş boldy. Ol gurmanyň esasy maksadynyň hökümete basyş etmek däl-de, guramanyň COVID-19 keseline garşy göreşde ýardam bermekdigini aýtdy.

Bilermenleriň sözlerine görä, ol ýa beýleki ýurtda hasaba alnan näsaglaryň sany anyklamak usullarynyň netijeliligine we göwrümine, şeýle-de hökümetleriň açyklyk hem jemgyýete hakyky maglumat bermek islegine baglydyr.

Degişli maglumat Türkmenistan BSG bilen COVID gepleşiklerini ýygjamlaşdyrýar, halkara guramalary adam hukuklarynyň depelenmegine ünsi çekýär

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.