Türkmenistan dünýäde on müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolan global COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygyny harby parad we baýramçylyk dabaralary bilen bellär.
Mundan başga, türkmen prezidenti GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň hem ählisinde ýubileý dabaralaryny gurnamagy we bu baýramçylyga taýýarlyk görmekde olara kömek bermegi teklip edýär.
Käbir neşirleriň maglumatyna görä, harbylar Aşgabatda “Halk hakydasy” ýadygärliginiň golaýyndaky meýdançada geçiriljek dabaraly ýörişe we ýörite enjamlary görkezmek çärelerine berk taýýarlyk görýärler.
TDH-nyň maglumatyna görä, ýurtda boljak baýramçylygyň hormatyna 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşuna gatnaşan weteranlary, urşa gatnaşanlaryň aýallaryny sylaglamak dabarasy hem gurnalar. Prezidentiň kararynda döwlet edaralarynyň bu çäreleriň guramaçylygyny üpjün etmegi tabşyrylýar.
Özünde hiç bir koronawirus näsagynyň hasaba alynmandygyny aýdýan Türkmenistan ýurtda baýramçylyklary bellemegi, köp adamly medeni we sport çärelerini gurnamagy dowam etdirýär.