Türkmenistan BSG bilen COVID gepleşiklerini ýygjamlaşdyrýar, halkara guramalary adam hukuklarynyň depelenmegine ünsi çekýär

Aşgabat (arhiw suraty)

Türkmenistanda COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýan türkmen häkimiýetleri bu meseläni BSG we BMG-niň beýleki edaralary bilen maslahat etmegini ýygjamlaşdyrdy. Bu aralykda adam hukuklaryny goraýjy HRW we Amnesty International ​guramalary hökümetiň ilatyň hakykat barada maglumat almak we zerur medisina hyzmatyndan peýdalanmak ýaly hukuklarynyň depeleýändigine ünsi çekýär.

Türkmenistanyň DIM Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropadaky regional edarasynyň müdiri Hans Klýuge bilen onlaýn duşuşyk geçirip, koronawirusyň pandemiýasy barada gürrüň edipdir. Bu barada TDH gullugy 28-nji aprelde habar berdi.

Maglumatda duşuşyga gatnaşanlaryň, hususan-da, sanitariýa-epidemiologýa gözegçiligi boýunça çäreleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtandygy aýdylýar.

Türkmenistan BSG-niň ýewropaly bilermenler missiýasynyň ýakyn wagtda gelerine garaşýar. COVID-19 bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin Türkmenistana we Täjigistana barýan missiýanyň planlaşdyrýan sapary barada 23-nji aprelde Hans Klýuge Twitter arkaly habar berdi. Saparyň ýakyn wagtda boljagy aýdyldy, emma takyk seneleri görkezilmedi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy Aşgabadyň koronawarus baradaky resmi pozisiýasyny beýan etmekde aktiw rol oýnaýar. 22-nji aprelde daşary işler ministri Reşit Meredow ýurtda COVID-19 keseliniň ýokaşmagy bilen bagly tassyklanan wakalaryň ýokdugyny ýene yglan etdi.

Degişli maglumat BSG-niň ýewropaly resmileri Türkmenistanda COVID-19 keseline degişli ýagdaýy öwrener

«Eger-de tassyklanan ýekeje ýagdaý bolan bolsa, biz tizden-tiz habar bererdik... Bütindünýä saglyk guramasyna biziň borçlarymyzyň esasynda" diýip, daşary işler ministri Reşit Meredow 22-nji aprelde brifingde aýtdy we öz aýdanlarynyň hakykata gabat gelýändigini öňe sürdi. Bu barada Reuters we Aljazeera habar berdi.

Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropadaky regional edarasynyň missiýasynyň Türkmenistana etmegine garaşylýan saparynyň öňýany COVID keseliniň bolmagy çak edilýän ýüzlerçe adamyň saklanýan karantin zonasy birden boşap galdy.

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri COVID-19 agzamakdan saklanýar. Bu keseliň adyny Türkmenistanda diňe prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we daşary işler ministri Reşit Meredow açyk agzaýar.

Lukmanlara koronawirus barada geplemek gadagan edilýär, adaty raýatlar keseli agzandygy üçin tussag edilýär, jerimä sezewar bolýar.

Bu aralykda haklara jemgyýetçiligi koronawirusyň pandemiýasynyň dowamynda Merkezi Aziýada adam hukuklarynyň depelenmegine ünsi çekýärler.

COVID-19 adam hukuklaryna hormat goýulmagyň zerurlygyny aradan aýyrmaýar diýip, Human Rights Watch guramasy belleýär. 27-nji aprelde çap edilen maglumatda Merkezi Aziýa döwletleriniň ilata COVID-19 barada hakykata gabat gelýän maglumatlary bermek arkaly saglyga bolan hukugy berjaý etmelidigi, kemsidiji we eden-etdilikli tussaglyklary bes etmelidigi aýdylýar.

"Olar girizýän çäklendirmelerini žurnalistleri, saglygy saklaýyş işgärlerini we jemgyýete habar ýetirmek ýa-da adamlary hukuklarynyň depelenmeginden goramaga synanyşýan beýlekileri sem etmek üçin ulanmaly däl" diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdire Hýu Willýamson aýtdy.

Şeýle-de maglumatda türkmen hökümetiniň ilatyň arasynda el ýuwmak ýaly ýönekeý arassaçylyk çäreleri barada düşündiriş geçirendigi, emma aýlaryň dowamynda koronawirus meselesi barada köplenç dymyp, ýurtda COVID-19 barada geplemäge synanyşan lukmanlara we beýlekilere basyş görkezendigi bellenýär.

Degişli maglumat Koronawirus sebäpli tussaglyk, izolýasiýa, azyk ýetmezçiligi. COVID-19 we Türkmenistan

Amnesty International guramasy Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň COVID-19 pandemiýasyna repressiw we kemsidiji çäreler bilen reaksiýa görkezýändigini belleýär we olaryň adam hukuklary boýunça borçlaryna gabat gelmeýändigini aýdýar.

Guramanyň maglumatynda hökümetleriň başga pikirlilige basyşynyň ilatyň saglygyna howp döredýändigi aýdylýar.

"Belarusda, Täjigistanda we Türkmenistanda syýasy liderler pandemiýanyň howpuny kemeldýärler we netijeliligi subut edilmedik bejergi usullaryny wagyz edýärler. Martyň aýagynda Aleksandr Lukaşenka gündelik esasynda wodka içmegiň wirusy öldürýändigini aýtdy we sauna barmagy, sport çärelerini maslahat berdi. Şu günki gün onuň hökümeti adamlaryň fiziki taýdan distansiýa saklamagy ugrunda hiç zat etmedi. Onuň türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow COVID-19 tas agzaman kesele garşy üzärlik tütetmegi maslahat berdi" diýip, Amnesty International belleýär.

Degişli maglumat Koronawirusyň ýaýramagynyň fonunda, Türkmenistan Owganystan bilen döwlet serhedini gaýtadan "açýar"

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň ýolbaşçylary geçen aýda girizilen çäklendirmeleriň käbirini gowşadandygyny yglan etdiler. 22-nji aprelde daşary işler ministri Meredow ýurduň goňşular bilen serhet geçelgeleriniň köpüsini açandygyny we indi Eýran bilen serhedindäki galanlary açmaga taýýarlanýandygyny habar berdi. Türkmenistan martda öz territoriýasyndan ýük gatnawyny ýatyrypdy.

28-nji aprelde Eýran Türkmenistandan başga goňşulary bilen söwda gatnaşyklaryny we haryt dolanyşygyny dikeldendigini, diňe Türkmenistan serhediniň ýapyk galýandygyny aýtdy. Bu barada Eýran hökümetiniň metbugat wekili Ali Rabä salgylanyp, Xinhua agentligi habar berdi.

Degişli maglumat Türkmenistan ýurtda COVID-19 ýok diýýär we öz tejribesini paýlaşmak isleýär, ilat zor bilen karantine salynýar

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.