Türkmenbaşy etrabyndan gelen hatda häkimden edilýän şikaýatlaryň diňlenmeýändigi aýdylýar

Türkmen obalarynyň birindäki durmuş

Daýhanlaryň aýtmaklaryna görä, häkim etrabyň ýer, suw, tehnika, dökün serişdelerini we adam güýjini ulanyp, onlarça gektar ýere öz peýdasyna gök we bakja ekinlerini ekdirýär we şol bir wagtda kärendeçileriň öz boşan ekin ýerlerinde şol ekinleri ekmegine ýol bermeýär.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň üstesine ýygy-ýygydan täzelenip durýan ýerli ýolbaşçylaryň, häkimleriň eden-etdilikleri hem urna bolýar diýip, Azatlygyň diňleýjileri habar berýär.

Şeýle hatlaryň biri geçen hepde Daşoguz welaýatynyň Tūrkmenbaşy etrabyndan (öňki Oktýabr) hem geldi. Onda bu etrabyň sowet döwründäki eden-etdilikli hojalyklara, hususan-da Özbegistandyky Adylowyň kolhozyna meňzeýändigi aýdylýar.

Türkmenbaşy adyndaky etrapda dörän nägilelikler barada 19-njy aprelde "Turkmen.news' hem habar berdi.

Neşiriň ýerli habarçysynyň tassyklamagyna görä, geçen ýylyň ýanwarynda häkimlige bellenen, ozal welaýat häkiminiň orunbasary bolan Serdar Meredow hakykatda ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleri barada däl, diňe öz şahsy bähbidi hakynda alada edýär.

Degişli maglumat Häkimiýetler Görogly etrabynda kärendeçileriň ýerlerini ellerinden alyp, olary “baýlara” berip başlady


Makalada getirilýän anyk aýyplamalara, korrupsiýa faktlaryna garamazdan, türkmen häkimiýetleri onda aýdylýan zatlary inkär etmäge howlukmaýar.

Daýhanlaryň aýtmaklaryna görä, häkim etrabyň ýer, suw, tehnika, dökün serişdelerini we adam güýjini ulanyp, onlarça gektar ýere öz peýdasyna gök we bakja ekinlerini ekdirýär we şol bir wagtda kärendeçileriň öz boşan ekin ýerlerinde şol ekinleri ekmegine päsgel berýär.

Azatlyga hat ýazan diňleýjiniň sözlerine görä, kyn ýagdaýa düşen kärendeçiler ýokarky edaralara arza-şikaýat hem iberýärler. - Ýöne arza ýazanlary çagyryp, "ýazanyňyzyň peýdasy ýok, oňa seredilenok" diýýärler - diýip, diňleýji aýdýar.

Degişli maglumat Kärendeçilere edilýän 'pile sütemi' dowam etdirilýär, lebaply daýhanlar nägile


Şeýle-de diňleýjimiz Türkmenistanda dowam edýän başga bir agyr meselä ünsi çekip, täze bellenen emeldarlaryň ozal işläp ýören işgärleri, şol sanda başlyklary hem täzeläp, aç-açan diýen ýaly wezipe, orun satmak bilen meşgullanýandygyny öňe sürýär.

Okyjynyň hatynda satylýan kiçiräk iş orunlarynyň biri, o ýer üçin soralýan puluň möçberi hem habar berilýär.

"Meniň ýegenim şol wezipä geçjek boldy, 150 mln berende, az diýip almadylar" diýip, diňleýji bu anyk detalyň özüne mälim bolmagyny sebäbini hem görkezýär. "Daýhan hojalyklarynyň soralan puly berip bilmedik başlyklarynyň täzelenişi bolsa uzak bir dessan" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi..

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda “Döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji hem-de kazyýet häkimiýetlerine bölünýär we biri-biri bilen sabyr-takatly işläp özbaşdak hereket edýär” diýlip ýazylan.

Emma synçylar ýurtda kanunyň işlemýändigini, söz azatlygynyň düýpden ýokdugyny we netijede prezident tarapyndan wezipä bellenilýän emeldarlaryň tä prezident tarapyndan işden aýrylýançalar tas edenini edip gezýändigini öňden bäri aýdyp gelýärler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende, indiden beýläk raýatlaryň arza-şikaýatlaryna serediljekdigini wada berdi we ýörite komissiýa hem döretdi.

Degişli maglumat Türkmen Adalatçysy hasabat ýaýratdy; halkara hukuk toparlarynyň gozgaýan esasy meselelerini agzamady


Şonda hökümetdäki çeşme bu wada ynanan raýatlardan gelýän hatlaryň halta-halta bolandygyny habar berdi. Ýöne soň, arz-şikaýtalar üstünden arz edilen emeldarlara iberilip, arza ýazanlar gorkuzylyp başlanda, adamlar hat ýazmalaryny azaltdylar diýip, ynamdar çeşme aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda raýatlaryň arz-şikaýatlaryny diňlemek meselesi garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan agsap başlady; munuň sebäbi "Moskwa ýazaryn" diýen haýbatlaryň güýjüni ýitirmegi, ýerli häkimleriň, edara ýolbaşçylarynyň wezipeleriniň 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri "satlyk haryda" öwrülmegi bilen düşündirilýär.

Degişli maglumat Köýtendagda ilat çörek we un tapman, degirmende mekgejöweni ýaryp, un edip iýýär


Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ozalky resmileriň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, düşewüntli diýilýän orunlara ornaşan emeldarlar wezipe üçin beren parasyny gazanýança ýokarkynyň goragyndan peýdalanýar.

"Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda etrap häkiminiň wezipesi 35-50 müň dollar aralygynda satylýardy, täze häkim bankyň başlygy, ýerli howpsuzlyk gullugynyň başlygy we ýene birnäçe emeldar bilen birleşip, ilata berilmeli aýlyklary biznesmenlere karz berýärdi, olar iki-üç hepde gijikdirilen aýlyklary ulanyp, daşary ýurtdan haryt getirýärdiler we häkim ýarym ýyla ýetmän beren parasyny yzyna alýardy, häzir häkim wezipesiniň näçä satylýanyny bilemok" diýip, ozalky resmi Azatlyk radiosyna aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.