Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki döwlete degişli edara-kärhanalarda aýal-gyzlaryň daşky keşbi bilen bagly çäklendirmeler täzeden güýçlendi.
"Býujet işgärlerine, şol sanda mugallymlara saçlaryny açyk reňke boýamak, ýasama kirpik dakdyrmak, gaşlaryna tatu etdirip, olary has ýognaltmak, elleriniň we aýaklarynyň dyrnaklaryny bejerdip, olary reňklemek ýene gadagan edildi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçy 24-nji aprelde gürrüň berdi.
Degişli maglumat Azatlygyň milli lybas mejburlygy baradaky maglumatlaryndan soň, prokuratura Daşogzuň welaýat häkiminiň orunbasaryny derňeýärÝatlatsak, bu gadagançylyklar 2018-nji ýylyň bahar paslynda hem güýje girizilipdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, bu çäklendirmeler birneme gowşadylypdy.
Mundanam başga, ol býujet işgärlerine milli nagyşlar bilen gaýalan giň ýakalary geýmegiň hem gadagan edilendigini sözüniň üstüne goşdy.
"Býujet işgärlerine ýakasy boýnuňa ýetip duran, "inçe, sada we asylly" ýakalary geýmelidikleri aýdylypdyr" diýip, býujet işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy belledi.
Aýdylmagyna görä, bu gadagançylyklar ilki Gökdepe etrabynyň döwlet edara-kärhanalarynda ýüze çykdy. Soňky birnäçe günüň dowamynda bolsa, Aşgabadyň döwlete degişli edara-kärhanalarynyň ençemesinde, şol sanda mekdeplerde mugallymlar we işgärler bilen ýygnaklar geçirilip, bu gadagançylyk dil üsti bilen yglan edildi.
"Ýygnaklarda bu gadagançylygyň sebäpleri aç-açan düşündirilmedi. Ýöne raýatlar munuň sebäplerini birinjiden, häkimiýetleriň milli däp-dessurlary bahana edip, özleriniň kesgitlän talaplaryna görä, aýal-gyzlary bir galyba salmagynyň nobatdaky çäresi diýip düşündirýärler. Ikinjiden, gözellik hyzmatlaryny hödürleýän pudakda bahalaryň gymmatlamagy we düşewündiň artmagy bilen, munuň bu pudagy gysmak üçin edilýän tagallalaryň biri diýip aýdýarlar" diýip, habarçy gadagançylygy berjaý etmedik aýal-gyzlaryň işden kowulmak bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny hem aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistana bikini-kupalnikleri getirmek gadagan edildiHabarçy bu gadagançylyk yglan edilenden soň, paýtagtdaky gözellik salonlarynyň we dellekhanalaryň eýeleriniň ençemesiniň polisiýa bölümine çagyrylyp, bu çäklendirmeleriň olaryň edýän işine hem degişlidigi barada duýduryş berlendigini hem aýtdy.
"Polisiýa işgärleri olara raýatlaryň dyrnaklaryny bejermegiň, saçlaryny açyk reňke boýamagyň hem-de olara ýasama kirpik dakmagyň gadagandygyny duýdurypdyrlar" diýip, habarçy gözellik salonlarynyň we dellekhanalaryň birnäçe işgärine salgylanyp gürrüň berdi.
Habarçy häzirki wagt bu meseläniň aýal-gyzlaryň arasynda iň köp gürrüň edilýän temalaryň biridigini aýdyp, býujet işgärleriniň köpüsiniň özaralarynda närazylyklaryny bildirýändigini, ýöne aç-açan hiç zat aýdyp bilmeýändiklerini hem belledi.
Degişli maglumat AI: Türkmenistan aýallaryň hukuklaryny bozýan çäklendirmelerden el çekmelidir"Aýal-gyzlaryň arasyndaky gürrüňdeşlikde olaryň "döwlet indi biziň has şahsy gatnaşyklarymyza hem goşularmyka?!" diýen ýaly kinaýaly sözleri hem eşitse bolýar" diýip, habarçy aýtdy.
Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada Aşgabat şäher häkimliginden we ýurduň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşinden kommentariý almak häzirlikçe başartmady.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky aýal-gyzlaryň daşky görnüşi bilen baglylykdaky çäklendirmeleri mundan ençeme ýyl ozal girizip başlan bolsa-da, 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda munuň gerimini güýçlendiripdiler.
Şol ýylyň aprelinde Türkmenistanda döwlet edaralarynda işleýän aýal-gyzlara dyrnaklaryny we kirpiklerini ösdürmegine, saçlaryny has açyk reňke boýamagyna girizilen gadagançylykdan soň, gümrükden açyk reňkli saç boýaglarynyň, şeýle-de kirpikleri we dyrnaklary ösdürmek üçin niýetlenen serişdeleriň-de geçirilmeýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy.
Ýene-de şol aýda Türkmenistanda aýal-gyzlaryň suwa düşülýän geýimlerini, has takygy bikini-kupalnikleri we şortylary ýurduň çäklerine getirmek gadagan edilendigi habar berilse, ondan bir aý soň orta we umumy bilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň, hususan-da, aýal-gyzlaryň birmeňzeş geýim formasyna geçmäge mejbur edilýändigi aýdylypdy.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri aýal-gyzlaryň daşky görnüşi bilen baglylykdaky gadagançylyklar we çäklendirmeler barada aç-açan çykyş etmän gelýärler.
2018-nji ýylyň maýynda “Amnesty International” guramasy BMG-niň Aýallaryň hukuklarynyň kemsidilmegini ýok etmek bardaky komitetiniň 70-nji sessiýasynyň öňýanynda beýanat ýaýradyp, Türkmenistan aýallaryň hukuklaryny bozýan çäklendirmelerden el çekmelidir diýdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.